Futbol täzelikleri

24 Noýabr 2023
240

«Merwiň» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly Mary şäheriniň toparynyň 27-nji tapgyrda «Köpetdag» bilen duşuşygy wagtyndan öň geçirildi.

Şeýlelikde, Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» garşydaşyndan 1:0 (Orazgeldi Seýidow) hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 25 utuk toplan bu topar ýaryş tertibinde dördünji orna geçdi. 12 utugy bolan «Merw» 8-nji orny eýeleýär.

Arslan ANNAGURBANOW,
sport synçysy.