Sportuň durmuş-ykdysady galkynyşa täsiri

24 Noýabr 2023
371

Bedenterbiýe we sport hereketlerini durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmak, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ruhubelent ýaşlary kemala getirmek boýunça giň gerimli işler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki iri sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soňky ýyllarda Watanymyz sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy halkara ýaryşlary iň ýokary derejede guramaga mümkinçilik berdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we oňa taýýarlygyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit hem-de yklym derejesindäki halkara ýaryşlaryň geçirilmegi ýurdumyz üçin gymmatly tejribe boldy. 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň guramaçylyk derejesi bolsa täze sport merkeziniň kemala gelendigini dünýä äşgär etdi.

Hajybaý ANNAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.