Parahatçylyk we dostluk dünýä ýaýylýar

24 Noýabr 2023
379

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty toplumyna gadam basanyňdan, buýsançly pikirler, ýakymly pursatlar seriňe dolýar. Çünki soňky ýyllarda bu toplum halkara ýaryşlardan ýeňiş bilen dolanyp gelýän türkmenistanly türgenleriň gazanan üstünlikleriniň dabaralanýan ýerine öwrüldi. Yhlasdyr tagallalaryň, maksadaokgunlylygyň, erjelligiň we tebigy zehiniň sazlaşygyndan hasyl bolýan uly ýeňişleriň eçilýän ruhy baýlygynyň gymmaty bimöçberdir. Ol ruhy baýlyk diňe bir üstünlik gazanan türgende däl, eýsem, şatlykly pursatlara şärik bolýan ildeşlerimiziň islendiginde-de ýakymly duýgulary oýarýar. Geljege ynamly garamaga, kesbiňden kemal tapyp, Watanyň şöhratyny beýgeltmäge, il-güni begendirmäge bolan hyjuwyňy artdyrýar. Diýmek, sportda gazanylýan ýeňişler diňe türgenlerimiziňki däl-de, eýsem, her birimiziňkidir. Ynha, hakydamyzda şular ýaly ýakymly pursatlar bilen orun alan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 23 — 28-nji noýabr aralygynda iri halkara sport ýaryşynyň — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilýän merkezi hökmünde dünýäniň çar künjeginden türgendir tälimçileri, sport hünärmenlerini myhman alyp, baýramçylyk ruhuna beslenýär.

Güýzüň ahyryndaky ajaýyp günlerde guralýan abraýly ýaryşa gatnaşmaga gelen türgenler, tälimçiler, eminler, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýakynda ÝUNESKO-nyň «Dizaýn» ugry boýunça şäherleriň döredijilik toruna giren mermer paýtagtymyz Aşgabatda jemlenýär. Dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk görülýän günlerde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy iri sport baýramçylygynyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».