Dünýä çempionaty — dünýä ykraryýeti

23 Noýabr 2023
346

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, sporty ösdürmekde, bu ugurda dünýä giňişligindäki ornumyzy giňeltmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu aýdylanlaryň durmuşy mysalyna biz ajaýyp zamanamyzyň bezegine öwrülýän buýsançly wakalaryň mysalynda-da şaýat bolýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýän ajaýyp desgalar bu günki gün dünýä ýaryşlarynda uly netijeleri gazanýan türgenleriň badalga mekdebine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly abraýly halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýan ýurdumyz, sözüň doly manysynda, dünýäniň sport merkezine öwrüldi. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa zemin ynsanlarynyň nazaryny nobatdaky gezek Garaşsyz Diýarymyza gönükdirdi.

Geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň gözel Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýändigi bu wakalaryň halkymyzyň durmuşynda näderejede uly mana eýediginden habar berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolsa halkara derejesinde geçirilýän sport çärelerine baý boldy. Ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan saldamly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülen kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem 50-den gowrak ýurtdan 243 türgen, ýedi erkek we sekiz zenan agram derejesinde 15 medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.