Aşgabatda iri sport baýramçylygy geçirilýär

23 Noýabr 2023
349

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty ürkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar bu çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär. Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.