Kuraşyň ýörelgesi: adalatly ýeňmek

23 Noýabr 2023
304

Şu günler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 50-ä golaý döwletden 250-den agdyk türgen gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny goramak üçin pälwanlaryň 15-si (8 zenan, 7 erkek) saýlanyp alyndy. Pursatdan peýdalanyp, «Adalat» gazetiniň okyjylarynyň adyndan türkmen türgenleriniň dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmeklerini arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr» diýen sözlerinden ruhlanan türkmen pälwanlarynyň ata Watanymyzyň Döwlet  baýdagynyň belende galdyrylmak, Döwlet senamyzyň belentden ýaňlandyrylmak hormatyny gazanjakdyklaryna ynanýarys.

Ýakymly ýatlamadan başlalyň: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alnyp, oňa Wepaly diýip at berildi, soňra «Aşgabat 2017» oýunlaryna girizilen sportuň 21 görnüşi üçin onuň keşbiniň nusgalary döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallasyndan dörän şol nusgalaryň dünýämize dolmagy bilen halkymyzyň Aziada ruhy has-da göterildi. Şol şekillerde: Wepaly küşt tagtasynyň başynda. Gyzyl boks ellikli Wepaly «gyzyl ýumruga girmäge» taýýar. Wepaly — samboçy, Wepaly — taekwondoçy. Wepaly sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça başa-baş tutluşykda. Taýboksçy Wepaly garşydaşyna hüjüm edýär. Ine-de, sowukganlylyk bilen bilýard oýnap ýören Wepaly. Wepaly — guwwas. Wepaly — basketbolçy.  Wepaly üçin agyr ştanga ýelek ýaly ýeňiljek. Ýeňil atletika bolsa, ýagny ylgamak Wepaly üçin adaty zat. Wepaly welotrek ýodasyndan barýar. Wepaly — çapyksuwaryň geýminde. Bilini berk guşap, kuraş boýunça bäsleşýän Wepalynyň keşbinde bolsa kuraşyň «adalatly ýeňmek»  diýen ýörelgesi şöhlelenýär. Sportuň bu görnüşi arassa göreşmek, güýç synanyşmak we adalatly ýeňmek. Ine, şeýle diýlip şol döwürler metbugatda beýan edilipdi.

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».