Maksatlara ýetmegiň ygtybarly guraly

23 Noýabr 2023
305

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine biragyzdan saýlanylmagy, ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki mertebesini has-da beýgelden şatlykly waka hökmünde halkymyzda uly begenç duýgusyny döretdi.

Häzirki wagtda dünýä derejesinde sport ulgamynyň ösdürilmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys maksatlaryna ýetmekde hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýändiginde jemlenýär.

Baýrambaý HALMYRADOW,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.