Kuraş – gadymy göreş

23 Noýabr 2023
530

Häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüni özüne çeken kuraş uly meşhurlyga we şöhrata eýe bolup, bu göreşiň çuňňur taryhy kökleri bar. Söweş sungatynyň görnüşleriniň biri bolan kuraş Merkezi Aziýada gadymy döwürde döräpdir. Taryhçylaryň, arheologlaryň ýüze çykaran taryhy tapyndylarynyň netijesinde, sportuň bu görnüşiniň ýaşynyň, takmynan, 2,5-3 müň ýyla barabardygy tassyklanyldy. Göreşiň taryhyny ylmy taýdan subut edýän tapyndylary belläp geçsek, ýagny Goňurdepeden tapylan iki sany pälwanyň heýkeli (Miladydan öňki II müňýyllyk), Penjikentden tapylan diwar rospislerindäki (suratlaryndaky) iki sany söweşijiniň şekili, Gadymy Baktriýadan tapylan keramiki küýzelerdäki iki pälwanyň şekilleri suratlandyrylan sungat eserleri bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Türkmen göreşi Lebap welaýatynyň Amyderýanyň kenarlarynda ähli obalarynda diýen ýaly toý we uly dabaraly çärelerde tutulýan göreş bolupdyr. XIV asyrlarda dünýä belli serkerde Teýmirleň öz goşunyny fiziki taýdan güýçlendirmek üçin olary göreş bilen meşgullanmaga borçly edipdir. XX asyrdan başlap, Özbegistanda kuraş göreşine uly üns berlip başlanýar.

«Diýar»