Mähriban şäher, gahryman şäher

5 Oktýabr 2023
993

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Hakyda — milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir. Hormatly doganlarymyzyň hatyrasyny tutup, namaz okamak, olaryň ruhuna ýagşy doga‑dilegler etmek hem parz, hem mertebedir» diýip, juda paýhasly nygtamak bilen, nesillere hatyra edebiniň hormat ýoluny görkezýär.

Şu gün, durmuşyň ähli ugurlarynda beýik ösüşleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hormat bilen hatyralanýar.

Gurbanmämmed SEÝITDÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.