Türkmen arheologiýasynyň üstünlikleri

18 Sentýabr 2023
1150

Türkmen halky Diýarymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, geçen örän gysga taryhy döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň we ata ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda asyrlara barabar işler bitirilip, üçünji müňýyllykda türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak uly özgertmeler amala aşyryldy. Şol sanda ylym ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.

Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur we dogruçyl öwrenmek, örän baý milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek barada giň möçberli işler amala aşyryldy. Geçmişiň dürli döwürlerinde türkmenleriň guran beýik binalarynyň, desgalarynyň, döreden siwilizasiýalarynyň hakyky şaýady bolan arheologik ýadygärliklerimizi öwrenmek we gazanylan ylmy netijeleri dünýä ýaýmak babatynda düýpli işler amal edildi.

Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.