Biziň taryhymyz

13 Sentýabr 2023
956

Beýik türkmen küştçüsi

Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahslar köp. Olaryň biri hem IX-X asyrlarda ýaşap geçen meşhur türkmen küştçüsi, as-Suly ady bilen tanalýan Abu Bakr Muhammet ben Ýahýa as-Sulydyr. Ol Balkan sebitinde ýaşan türkmenleriň sul taýpasyndan bolupdyr. As-Sulynyň neberesi Gürgende ýaşapdyr. Onuň garry atasy türkmenleriň belli häkimi, kakasynyň agasy Ybragym ibn al-Apbas as-Suly bolsa tanymal şahyr bolupdyr.