Taryhy taryply toprak

31 Awgust 2023
1154

Gözel görnüşlerden gözlerimi nurlandyrmak üçin eýýäm, gör, näçenji gezek bu şähere seýran edýärin. Ak arzuwlara meňzeş şähere äden ilkinji ädimleriňden Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky setirler seriňe gelýär: «Adam ömrüniň her bir gününi manyly etmäge çalyşýar. Manyly ýaşalan ýyllaryny hakydasynda saklaýar. Manyly ýaşaýan adamlary özüne görelde edinýär. Her bir şahsyýetiň ömür pursatlarynda onuň manyly, öwrenilmeli taraplary hem bardyr. Çyndan pikir etseň, manyny açmak adamyň özüne baglydyr. Durmuşy gowulandyrýan, ýaşaýşyň manysyny artdyrýan hem adamlardyr. Şeýle adamlar durmuşda dogry ýoly saýlap, halallykda, her bir zatdan göwnaçyklyk bilen oňyn netije çykaryp ýaşaýarlar».

Gyzyldan gymmatly bu setirleriň manysyny şäherdäki edara binalaryna we köçelere dakylan atlaryň her biri bilen baglanyşdyrmak mümkin. Çünki bu şäher ‒‒ türkmen hakydasynyň beýany bolan ajaýyp eser.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory.