Köneürgenç meteoriti

22 Awgust 2023
637

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň hemişelik sergisi işleýär. Sergi 11 bölümden ybarat bolup, birinji bölüm älemiň döremegine, Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň peýda bolmagyna we ösüşine bagyşlanýar. Ol ýerde «Uly partlama» çaklamasy, galaktikalar, kosmosdaky jisimler barada maglumat berilýär. Şol sergidäki muzeý gymmatlyklarynyň arasynda iň täsini Köneürgenç meteoritidir.

Agramy 1 tonna 200 kilograma barabar bolan meteorit 1998-nji ýylyň 20-nji iýunynda Köneürgenç şäheriniň golaýyna, pagta meýdanynyň gapdalyna gaçýar we böleklere bölünýär. Onuň düşen ýerinde diametri 6 metr we çuňlugy 3,5 metr çukur emele gelýär. «Ýokarda asman jisimi peýda boldy, ol birnäçe sekuntda ýaryldy we bölünip, uly ses bilen ýere gaçdy. Soňra ýer sarsdy. Sarsgynyň zarbyna gum, daş we meteoritiň bölekleri ýokarlygyna zyňyldy» diýip, şol ýerde pagta ýygyp ýören daýhanlar ýatlaýarlar. Aşgabatdan Köneürgenje baran fizika-matematika ylymlarynyň doktory Seýit Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary onuň demirdaş meteoritidigini subut etdiler.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary.