Deňiz düwlenleri

16 Awgust 2023
515

Ylmy maglumatlara görä, düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi bolup, olar ululygy, daşky görnüşi, reňki, häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Dünýäniň demirgazyk ýurtlaryndaky uly suwlarda düwlenleriň uzynlygy 6,5 metre, agramy 2,5 tonna çenli ýetýänleri hem bar. Äpetligi üçin, olary deňiz pilleri diýip hem atlandyrýarlar. Uly suwlardaky düwlenleriň käbiri öz awynyň gözleginde bolup, 600 metr çuňluga çenli çümüp, birnäçe wagt suwuň astynda hereket edip bilýär. Gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, iň çalt ýüzýän jandar hasaplanýan düwlenleriň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, olar esasy yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Düwlenleriň käbir görnüşleri sagatda 25 kilometr tizlik bilen ýüzmäge ukyplydyr. Emma kenara çykan wagty gury ýerde uzak ýol aşmak olara mahsus däldir. Yzky ýüzgüçlerine daýanyp bilmeýändigi üçin, olar gury ýerde diňe öňki ýüzgüçleriniň kömegi bilen hem-de göwrelerini iki tarapa oklamak arkaly hereket edýär. Suwda ýaşaýan beýleki süýdemdirijilerden tapawutlylykda olar kenara çykyp, öz wagtynyň belli bir bölegini gury ýerde geçirýärler.

Hazar düwlenleri barada aýdanymyzda, olar dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir. Olar reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýär. Hazar düwlenleriniň iň ulusynyň uzynlygy 1 metr 20 santimetrden, 1 metr 40 santimetre çenli aralykda bolýar. Agramy 45 — 55 kilograma çenli bolup, olar 25 — 30 ýyl, hatda ondan hem uzak ýaşaýar.

Gunçagül KÖMEKOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.