Topraksyz we köksüz ösýän täsin ösümlik

15 Awgust 2023
749

Topraksyz we köksüz adaty howada ösýän – aerofiti ösümlikler ýapraklary arkaly howadan iýmitlenýärler. Munuň üçin olara topragam, kökem, hatda Gün şöhlesem zerur däl. Oňa diňe çyglylyk gerek. Sebäbi bu ösümlikler tropiki tokaýlarda duş gelýär. Şeýle-de bolsa, barybir goşmaça iýmit çeşmesi bolmazdan, olar ýaşaýşyny uzak dowam edip bilmeýärler. Munuň üçin başga bir ösümlik aerofitileriň «höwürtgesi» hökmünde çykyş edýär.

Bu ösümligiň onlarça görnüşi bolup, olaryň bir görnüşi «Tillandsiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol Argentina, Çili, Meksika ýaly ýurtlaryň tropik we subtropik tokaýlyklarynda özünde hemişe çyglylygy saklaýan mohlaryň arasynda, dub we kiparis agaçlarynyň şahalarynda köpçülikleýin ösýär. Bu ösümlik dyrmaşyp ösmäge örän ukyply bolansoň, kähalatlarda elektrik sütünlerinde hem 3 – 4 metr uzynlykda hallan atyp, aslyşyp ösýärler. Bu gülüň ösmeginde onuň murtjagazlaryna uly paý düşýär. Şonuň üçin olar köplenç «Murtly Tillandsiýa» ýa-da «Perişdäniň saçy» diýlip atlandyrylýar. Bu ösümlik sapajygyndan üzülenden soňam, birnäçe aýa çenli suwsuz, topraksyz, iýmitsiz ýaşap bilýär.

Süleýman GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.