Hazarda dostluk dabaralanýar

12 Awgust 2023
492

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna itergi berýän şeýle ösüşler daşary döwletleriň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alyp, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

Dünýä jemgyýetçiliginde hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerim alýan döwründe Hazar sebiti Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan ähli Hazarýaka döwletleriň we halkara guramalaryň hereketleri utgaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýar. Ýurdumyz döwlet syýasatynyň esasy guraly bolan parahatçylyk ýörelgesine eýerip, Hazarýaka döwletleriň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek maksadyndan ugur alýar.

Amangül NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň hünärmeni.