Tebigat we ynsan sazlaşygy

9 Awgust 2023
681

Agraslyk, gözellik, owadanlyk, tämizlik — bularyň ählisi tebigatda jemlenen. Emma biz käteler sähelçe geleňsizlik bilen eden hereketimiziň tebigata uly zyýan ýetirip biljekdigi hakynda oýlanmaýarys. Ýönekeýje mysal: tokaý zolaklaryna gezelenje ýa-da tebigata ýörişe çykan halatlarymyzda içýän suwumyzyň plastik gaplaryny ýere taşlaýan gezeklerimiz bolýar. Ýöne biz şol plastik galyndylaryň tebigatda ýok bolup gitmegi üçin näçe ýylyň gerekdigi hakynda pikir edip gördükmi? Biz olary zyňman öýümizi, ýagny tebigaty arassa saklap, ýörite niýetlenen zibillere taşlan ýagdaýymyzda plastik gaplary gaýtadan işläp, tygşytlylyga hem öz goşandymyzy goşup bilerdik ahyry!

Gündelik durmuşda ulanylýan hojalyk serişdeleri, has takygy, plastik we çüýşe gaplarynyň, rezinleriň, paketleriň, şeýle-de kagyz bölekleriniň zyňlan mahalynda ekologiýa öz zyýanyny ýetirýändigini biz daşky gurşawy öwrenijileriň maglumatlaryna salgylanyp aýdyp bileris. Tebigatda kagyzyň doly dargap gitmegi üçin 10, polietilen paketler üçin 200, plastik gaplar üçin 500, aýna bölekleri üçin bolsa 1000 ýylyň gerekdigi hakynda alymlar ýörite seljerme işleriniň esasynda belleýärler.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».