Gözel tebigat — jana melhem

8 Awgust 2023
984

Ata Watanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi, ýurduň topragynyň ýerasty we ýerüsti hazynalara baýlygy, suwunyň hem howasynyň jana ýaramlylygy, dagy-düzüniň, sähra-çölüniň, deňiz-derýasynyň ýerbe-ýerligi buýsanjyňy goşalandyrýar. Ene topragyň tebigat bilen sazlaşykda ynsana eçilýän baýlyklary hakynda bolsa örän köp zatlary beýan etmek bolýar. Adama öz dogup-dörän topragyndan gowy bejerginiň ýoklugy diýseň jaýdar hakykat. Gadymy rowaýatlarda Watandan aýra düşen batyl gahrymanyň öz ilinden getirilen topragy gözlerine sürtende dünýäni görmek bagtyna eýe bolşuny okanyňda, munuň aňyrsynda batylyň batyllykdan halas bolşundan ötri, başga, has uly bir manynyň bardygyny kalbyň bilen duýýarsyň. Dogduk mekanyň topragynda seniň çagakaň ysgan gülleriň, iýen ir-iýmişleriň, datly miweleriň ysy bar. Onda seniň çagalykda aýakýalaň ylgap, kämil çykanyňdan soň dogum bilen basyp galdyran yzlaryň bar. Onsoň, neneň ony gözleriňe sürteniňde gözleriň nur saçmasyn?! Bu rowaýat, topragyň neneňsi mukaddesdigini aňyňda heýkel deýin dikeldip, ony okanlaryň kalp gözüni hem röwşenlendirýär.

Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolman, ony öz saglygyňa görä ulansaň, seniň ene topragyň hözirinden ýerlikli peýdalanandygyňdyr. Ynsanyň dünýä gelmegi bilen, öz ynsanlyk borjuny ödemäge çalşyşy ýaly, topragyň wezipesi hem adama hyzmat etmekdir. Haçan-da ynsan bilen toprak dil tapyşanda, ajaýyp bir sazlaşyk emele gelýär. Bu sazlaşyk, gönüden-göni ynsan başynyň täji bolan saglyk bilen berk baglanyşyklydyr.

Merjen BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.