Şahsyýetlere şan şäher

26 Iýul 2023
667

Geçmişde öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň adyny ebedileşdirmek, olaryň geçen şöhratly ýoluny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy munuň buýsandyryjy subutnamasydyr.

Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy hem-de şäheriň çäginde ýerleşýän Aba Annaýew obasyna şäherçe derejesiniň berilmegi öz hünäriniň çyn eýesi bolan şahsyýete il-halkynyň hormatyndan nyşandyr.

Mahym BEGLIÝEWA.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy.