Watançy alym

20 Iýul 2023
1177

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Roza Bazarowanyň ýurdumyzyň we halkymyzyň öňünde bitiren işleri ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir.

Ol 1933-nji ýylyň 23-nji iýulynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dogulýar. Orta mekdepde oňat bahalar bilen okaýar. Aýratyn-da, matematikany gowy özleşdirýär. Roza 1948-nji ýylda Aşgabadyň pedagogik institutynda okap ýörkä, bu ýerde eýmenç ýertitremesindäki pajygaly günleri başdan geçirýär. Bu tebigy heläkçilik sebäpli, ol Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat) Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuwyny dowam etdirmeli bolýar. Soňra 1952-nji ýylda pedagogik institutyň maksatnamasy boýunça Aşgabatda döredilen M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Şol ýyl hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky aspirantura kabul edilýär we üç ýyldan soň «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň ýaşlarynyň watançylygy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.