Änew: ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň taryhyndan

12 Iýul 2023
1036

Aşgabadyň gündogarynda ХVIII-ХIХ asyra degişli köne Änew diýlip atlandyrylan kiçeňräk şäherçäniň galyndylary ХХ asyryň ortalaryna çenli saklanyp galypdyr. Köne Änewiň ýaşaýyş jaýlary meýilleşdirilişiniň örän ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr. Arheologik we etnografik barlaglaryň maglumatlaryna görä, ol jaýlar bir otagdan, seýrek ýagdaýda iki-üç otagdan ybarat bolupdyr. Binagär alym A.Esenow: «Bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlary öz binagärlik gurluşynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Has giň ýaýran, 10 — 20 metr meýdanly, bir otagly jaýlar bilen bir hatarda, köp otagly (iki-üç otagly) jaýlar hem duş gelýär. Änewde we onuň töweregindäki obalarda ýaşaýyş jaýlarynyň iň ýönekeý görnüşi bolan bir otagly, ojagy howluda ýerleşen jaýlar giň ýaýrapdyr. Olarda eýwanyň deregine jaýyň öňünden 40 — 60 santimetr beýiklikde, toprakdan açyk meýdança döredilipdir we ol dynç almak, gije daşarda ýatmak üçin peýdalanylypdyr. Halk arasynda oňa seki ýa-da supa diýilýär. Supa käbir ýerde jaýa degrilip, käbir ýerlerde bolsa ondan birneme daşrakda edilipdir» diýip, bu pikiri tassyklaýar.

Gündogary öwreniji alym W.G.Moskowanyň pikirine görä, golaý-goltumda tokaýlaryň bolmazlygy gurluşykda agaç önümleriniň örän çäkli bolmagyna we ýaşaýyş jaýlarynyň, hojalyk gurluşyklarynyň göwrümine gös-göni täsir edipdir. Diwarlaryň örän galyňlygy, ýagty düşýän deşikleriň asla bolmazlygy bu jaýlary yssydan gowy gorapdyr. Ol jaýlarda adaty palçykdan ýasalan ojaklar bolup, olaryň körükleri üçekden ýokaryk çykarylypdyr. Ojak gapdal ýa-da törki diwara ýanalyp, gapydan daşrakda gurlupdyr. Bu içerde ýylylygyň saklanmagyna ýardam edipdir. Olar gyşyna ýyladyş hem-de nahar taýýarlamak üçin ulanylypdyr. Tomsuna bolsa nahar howluda taýýarlanylypdyr. Ýaşaýyş otaglary naharhana, ýatakhana ýaly birnäçe wezipeleri hem ýerine ýetiripdir.

Nurmämmet HUDAÝNAZAROW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.