Seýitjemaleddin metjidi (Şöhratly taryh)

3 Iýul 2023
1247

Mähriban çagalar, dünýä medeniýetiniň ajaýyp bölegine öwrülen Türkmenistanyň ýadygärlikleri dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şeýle ýadygärlikleriň biri-de gadymy Seýitjemaleddin metjididir.

Bu ýadygärlik dört desgadan — metjitden, onuň öňündäki kümmetiň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. «Seýitjemaleddin metjidi» ady bilen belli bolan bu ymarat 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, her tarapy 10,5 metre barabar bolan otag ýerleşipdir. Otagyň diwarlary üç bölege bölünipdir. Metjidiň demirgazyk tarapdan howlusyna çykylýan giň eýwan bolupdyr.

Ogulgül ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şekillendiriş bölüminiň kiçi ylmy işgäri.