Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Dil bilen dünýä giňişligine ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegi üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri goýýar. Köp dil öwrenmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dünýä dillerini öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Bagtyýar balalaryň bagt mekany

Türkmen halkynda çaga we onuň edebi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu asylly ýörelge has-da rowaçlanyp, çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy «Bagtyýar nesil» çagalar bakja-bagy hem welaýatymyzda göreldeli bilim ojaklarynyň biri. Bu ýerde körpe nesle rus dilinde çuňlaşdyrylan ýörite sapaklar berilýär.

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň kalby çäksiz buýsançly, guwançly. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller barada uly alada edýärler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň çuňňur düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwrebap çagalar baglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepler, şeýle hem sport mekdepleridir bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary bagtyýar çagalaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň kämil bilim almaklaryny, hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdaky aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny açyp görkezmegi üçin döredilýän amatly şertler oňyn netijesini berýär. Ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, ruhubelent, Watanyny söýýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatyna uýýan altyn nesil kemala gelýär. Bilimleriň çuňluklaryna aralaşýan we nurana geljege ynamly gadam urýan bagtyýar nesillerimiz özlerini döredijilik äleminde-de taplaýarlar. Olaryň döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere we beýleki çärelere gatnaşyp gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.

Ýaşajyk zehin

Ýurdumyzda ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan çagalaryň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nursoltan Saparowadyr. Ýaşajyk zehin heniz çagalar bagyna gatnaýarka, aýdym-sazyň jadylaýjy dünýäsine imrinýär. 1-nji synpda eýýäm medeni-köpçülikleýin çärelerde aýdym aýdýar. Soňra Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde tans toparyna hem-de şäheriň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «tans sungaty» we «keteni-tara» gurnaklaryna gatnap başlaýar. Geçen ýyl döredijilik öýüniň guramagynda geçirilen «Iň gowy gurnak» bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolýar. Şeýle-de ol öz okaýan orta mekdebinde hem-de mekdepden daşary gatnaýan «keteni-tara» gurnagynda hem tapawutlanandygy üçin Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy sungat ýolunda ädimme-ädim üstünlik gazanyp başlan zehinli gyzjagazyň durmuşynda unudylmajak waka boldy.

Sanly bilim ulgamy — bilimleriň ak ýoly

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň esasynda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Şol sebäpli-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus

Ildeşimiz — «Türki halklaryň iň gowy talyby»

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Dawut Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy we türki döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ösüşine goşan goşandy üçin I derejeli diplom, «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan, heýkeljik we şahadatnama bilen sylaglanyldy. Bu bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi hem-de «Žana Kazahstan» innowasiýa merkezi bilen bilelikde guraldy. Halkara bäsleşige türki döwletleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň talyplyk döwründe okuwda, ylymda, sungatda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine baha berildi.

Nesil terbiýesi — mukaddes wezipe

Hormatly Prezidentimiz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe almagy üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu çözgüt milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýaş nesillere irki ýaşdan başlap ylmy taýdan esaslandyrylan bilim-terbiýe bermek, çagalaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek

Çagalaryň irki ösüşi

Çagalaryň jemgyýetçilik, duýgy, sözleýiş, beden we akyl taýdan ösüşini toplumlaýyn hasaba almak olaryň kemala gelmeginde örän möhümdir. Kiçi ýaşly çagalar üçin oýun oýnamak höwesi tebigydyr. Çagalar oýnuň üsti bilen, daş-töweregindäkiler bilen gürleşmek, aragatnaşygy ýola goýmak ýaly durmuş-jemgyýetçilik endiklerini, nobat boýunça hereket etmegi, başga birine degişli zady almazlygy öwrenýärler. Çagalar oýun oýnaýan wagtlary begenýärler, özlerini bagtly duýýarlar. Olar rahat gurşawda özlerini rahat duýup, öz ukyp-başarnyklaryny ösdürip bilýärler. Bu köplenç, çagalaryň ösüşinde has ýokary netijeleri berýär. Mekdebe çenli çagalar, adatça, fiziki aýratynlyklary, gyzyklanmalary ýa-da duýgulary ýaly göze ilýän hereketler arkaly özlerini sypatlandyrýarlar. Mysal üçin, olar oýun oýnanda özlerini bagtly duýýandyklaryny ýa-da kimdir biri oýnamaga rugsat bermedik wagty gynanýandyklaryny aýdyp bilerler. Bu ýaşdakylar, adatça täze zatlary synap görmek isleýärler, ýöne ulularyň pikirleri olaryň düşünjesini çalt üýtgedip bilýär. Şonuň üçin bu ýaşdaky çagalar üçin daş-töweregindäkiler bilen oňyn tejribe toplamak, beýlekiler bilen oýnamak we olardan öwrenmek, deň-duşlary bilen söhbetdeş bolmagy, hyzmatdaşlyk etmegi, diňlemegi we paýlaşmagy öwrenmek möhümdir.

Şanly ýyl mynasybetli

Änew şäherindäki N.Saryýew adyndaky Sungat mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan duşuşyga mekdebiň okuwçylarydyr mugallymlary, kitaphana işgärleri gatnaşdy. Mekdebiň baýramçylyk ruhunda bezelen eýwanynda ýaşajyk suratkeşleriň işleriniň sergisi guraldy. Sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmegindäki hoş owazly, şirin mukamly çykyşlar astynda sergini synlamak örän ýakymly boldy. Bu ýerdäki kitap sergisi hem özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.

Döwrebap sanly ulgam ösdürilýär

Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň ýola goýulmagy döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň innowasion görnüşlerini döredýär, işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrýar. Munuň özi ilata, hususy pudaga hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň geriminiň, raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär, tehnologik habarlylygy, sanly sowatlylygy ýokarlandyrýar, jemgyýet bilen edara-kärhanalaryň gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýän döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň hödürleýän hyzmatlaryny sanlylaşdyrmagyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna ýetirýän täsirinden, milli hem daşary ýurt tejribesinden ugur alyp, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edarala

Usuly-amaly okuwlar işjeň ýagdaýda geçdi

«Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biz — mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi ösdürilýär. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmuny hil taýdan täzelenýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýada bellenen wezipeleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilýän işleriň many-mazmuny baýlaşdyrylýar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrülýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen möhüm resmi

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ene dilimize söýgi döretmek Ene dilimiz hakynda giňişleýin düşünje bermek gadymy sözlerimiziň manysyny düşündirmekden, söz baýlyklarynyň ähmiýeti hakynda beýan etmekden başlanýar. Okuwçylar sözleriň manysyna düşünmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde ene dilimize söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ene diline sarpa goýýan ýaşlar milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize, gadymdan gelýän medeniýetimize hem çuňňur sarpa goýýarlar. Onuň üçin hem ene dilimiziň gymmatlygy, sözleri hakynda köp pikir ýöretmeli, bular hakynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermeli. Sapakda dil bilimi, dilimiziň sözlük gory, leksikologiýa barada düşündirýärin. Sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýarys we dil we sözleýiş medeniýeti baradaky pikirlerini beýan etmeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylaryň öz pikirlerini beýan edip bilmekleri dil bilimine, ene dilimiziň baýlyklaryna düşünjäni kemala getirýär.

Ömrümiziň guwanjy, röwşen geljegiň daýanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň päk ahlakly, terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talabyna laýyk gelýän kompýuterler, tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalýarlar. Döredijilik bäsleşiklerine, halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýan, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri bolýan çagalar öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen diňe bir öz ata-enelerini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär. Watanymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edilýän aladalar bimöçber. Ýaş nesiller Gahryman

Kitap — bilimler çeşmesi

Kitap egsilmez hazynadyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkin bolýar. Geçmişdäki danalaryň, alymlaryň paýhasly jümlelerini öwran-öwran okaýarys. Bu parasatly sözler durmuş, ylym, dost-doganlyk hakyndaky pikirleri özünde jemleýär. Bu jümleleri okamak, ýol-ýörelge edinmek ynsanyň kämilligi bolup durýar. Emma iň esasy kämillik okamakdyr. Okaýan ynsan kämillige ýetýär, giň düşünjeli bolýar, ylym-bilime düşünýär. Kämillige barýan ýol okamagyň üsti bilen amala aşýar. Türkmen halky kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýýar. Esasan-da, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgämizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitabyň many-mazmuny hakynda çuňňur beýan edýär. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler.

Beýik işleriň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin hem bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär we kämil hünärmenleriň taýýarlygy ýokarlanýar. Esasan-da, ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçilikleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary barada düýpli öwredilýär. Bu sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň baş şerti hökmünde ylmy esasda ýola goýlan meýilnamalaýyn işler durýar. Bilimli hünärmenleriň ylmyň häzirki ösüşinden habarly bolmagy we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirip bilmegi hökmanydyr. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap işler ýola goýulýar. Şunda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi üçin bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, ony dünýä derejesinde ösdürmäge gönükdirilen maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu gün zehinli ýaşlaryň başarnyklary, bilim işgärlerini hem-de biziň her birimizi buýsandyrýar.

Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy bilen, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine uly ýardam berilýär. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, durmuşa dogry düşünmekleri we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, olaryň arasynda ýygy-ýygydan dürli duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Olar döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň many-mazmunyna doly laýyk getirilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi we herekete girizildi. Bu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýän, ýaşlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň üpjün edilmeginde we olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylandygynyň görkezijisine öwrüldi. Kanunyň «Ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek» atly maddasynda tejribeleri alyşmak, halkara şertnamalaryny bellenilen tertipde baglaşmak hem-de olary durmuşa geçirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumatlary, hyzmatdaşlary seçip almak, resminamalary işläp taýýarlamak, halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna, gatnaşyjylaryna kömek bermek we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak hakynda giň düşünjeler berilýär. Bu madd

Dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aňly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşi kämil ylym-bilim ulgamyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda hem dünýä tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler bu gün ýurdumyzyň ýaşlaryny begendirýän, buýsandyrýan zatlaryň biri bolup durýar.

Ýaş maliýeçiler bäsleşdiler

Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan ýaly döwletleriň jemi 70 sany ýokary okuw mekdebinden 300-e golaý talyp gatnaşdy. Açyk halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini äşgär etmek bilen birlikde, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, maliýe çemeleşmelerini ulanmakda ukyp-başarnyklaryny hem ýüze çykardy. Şeýle olimpiadalar milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy we çylşyrymly maliýe meselelerini özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary höweslendirmekde örän ähmiýetlidir. Üstünlikli geçirilen olimpiada ylmy we amaly meseleler boýunça amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaşlaryň bilim derejeleriniň döwrüň ösen talaplaryna kybap gelýändigini äşgär etdi. Olimpiadada jemi 105 sany baýrakly orun yglan edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden 17 talyp 1-nji orny, 33 talyp 2-nji orny, 55 talyp 3-nji orny eýelemegi başardy. Zehin bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik eden ýaşlaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Jennet Berdiýewa, Arslan Şaýymow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Halkara olimpiada geçiriler

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň guramagy bilen 4-nji dekabrda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler. Olimpiada «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we olary durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem bilim ulgamyna innowasiýalary yzygiderli ornaşdyrmagy dowam etmek maksady bilen geçiriler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde okaýan talyby gatnaşyp biler.