Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

Başlangyjy gazetiň geçen sanynda «Türkmennebit» döwlet konserni guýulardan bir wagtyň özünde aýry-aýrylykda iki we ondan-da köp gatlaklardan nebit çykarmagy üpjün edýän enjamlary göz öňünde tutup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen tanşyp, öz ünsüni Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynda jemledi. Esasan-da, nebit çykarmagyň bu usuly bilen «çüwdürim-çüwdürim», «çüwdürim — gazlift» we «gazlift — gazlift» çyzgyly tehnologiýany ulanyp, ykdysady seljerme esasynda bir wagtda aýry-aýrylykda nebit çykarmagyň çyzgysyny iş ýüzünde görkezmegi ünsden düşürmän gelýär. Soňky ýyllarda önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň batyrgaý ornaşdyrylmagy bu aýdylanlara güwä geçýär. Çünki daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçilerine burawlaýyş işleriniň netijeliligini, gatlaklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanmaga mümkinçilik berdi we berip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen Demirgazyk Goturdepede ilkinji gezek 200-nji we 147-nji guýularda bir sütünde ýokary gatlak gazlift usuly bilen we aşaky gatlak çüwdürim usuly bilen işledildi. Mundan başga-da 29-njy, 37-nji guýularyň dürli çuňluklarynda üç sany ýokary önümli gatlagyň açylmagy bilen olarda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy oňyn netijele

Türkmen geologlarynyň oňyn netijeleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň çäginde geologik-geofiziki usullar bilen ýer jümmüşini öwrenmek boýunça toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýan we tebigy baýlyklaryň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirýän geologiýa-gözleg ugry boýunça döwlet guramasydyr. Bu gurama, şol sanda Türkmenistanyň geologik gurluşy we onuň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary ýygnaýar hem-de saklaýar. Türkmenistanyň ähli çäginde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerini hasaba alýar we bitewi hasabatyny ýöredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda korporasiýanyň geologlary tarapyndan Türkmenistanyň ýerasty gurluşyny, baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Deňiz howasyndan agyz suwuny almaklygyň amatlylygy

Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Berkarar Watanymyzda gadymy döwürde ýurdumyzyň üstünden geçýän kerwenleri agyz suwy bilen üpjün etmekligiň aladasy edilipdir. Şeýle maksat bilen ymgyr sähranyň içinde we aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düzlüklerde ýörite gurluşy bolan suw saklaýjy desgalar — sardobalar (pars dilinde sard — sowuk, ab — suw) gurlupdyr. Sardoba diňe ýagyn suwuny saklamak bilen çäklenmän eýsem, howadan hem suw alypdyr. Bu wezipäni sardobanyň suw saklaýan howzunyň üstünde edilen gümmez ýerine ýetirýär. Onuň dört sany çar tarapa bakdyrylyp ýasalan uly deşiklerinden islendik tarapa akýan howa girende sowapdyr we düzümindäki artykmaç suw bugy gümmeziň içki diwaryna çöküp damja görnüşinde howza damypdyr. Şeýlelikde howuzda az-azdan kerwen üçin zerur bolan agyz suwy toplanypdyr.

Ilkinji türkmen himik alymy

Ýurdumyzda himiýa, has hem, nebithimiýa we organiki himiýa ylmynyň döremeginde we ösdürilmeginde görnükli işler bitiren alymlaryň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, himiýa ylymlarynyň doktory, professor Aýytmämmet Nyýazowdyr. Şu ýyl alymyň doglan gününe 110 ýyl dolýar. Ol 1911-nji ýylda Çeleken (häzirki Hazar) şäheriniň golaýyndaky Garagöl obasynda eneden dogulýar we ýaşlykda ata-eneden mahrum bolup, agyr çagalygy başdan geçirýär. 1925-nji ýylda şol wagtky Krasnowodsk internatynda okaýar. 1926 — 1929-njy ýyllarda Moskwanyň eteginde ýerleşýän türkmenistanly ýaşlar üçin açylan Ilbaýew adyndaky halk magarif öýünde okaýar. Ýeri gelende aýtsak, şu internatda şeýle hem belli akademikler — himik Öwez Mämmetnyýazow, oftalmolog Sary Karanow, taryhçy Aga Garryýew dagy hem okapdyrlar. 1929 — 1930-njy ýyllarda bolsa A.Nyýazow tejribe-görelde mekdebinde, 1931 — 1932-nji ýyllarda Daşkent rabfagynda bilim alýar. 1932 — 1937-nji ýyllarda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde okaýar. Okuwy üstünlikli tamamlap gelenden soň, ol 1941-nji ýyla çenli Aşgabat döwlet pedagogik institutynda mugallym bolup işleýär. 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan sag-aman dolanyp gelenden soň, himiýa ugurlary boýunça ylmy işleri ýerine ýetirýär we 1948-nji ýylda türkmenlerden ilkinji bolup himiýadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1957-nji

Dünýä açylan penjire

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda bilim ugamy hem beýik ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede ösdürmek, ony yzygiderli kämilleşdirmek döwletimizde ösüşleri gazanmagyň baş şertleriniň biri bolup durýar. Dünýä ylmy, bilimi okgunly gadamlar bilen öňe barýar. Onuň bilen deň gadam urmakçy bolsaň, ilki bilen, daşary ýurt dillerinde suwara gürlemegi, hiç bir päsgelçiliksiz düşünişmegi başarmaly. Şu nukdaýnazardan eziz Diýarymyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Elbetde, bu Konsepsiýa hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hytaý halkynda şeýle bir pähim bar: «Dil öwrenmek dünýäni synlamak üçin berlen ýene bir penjiredir». Örän ýerlikli aýdylan söz. Çünki dil bilen dünýäni gezer, öwrener. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde rus, iňlis, ýapon, hytaý, ispan, koreý, arap, pars, nemes we fransuz dilleri öwredilýär. Bulardan başga-da ýurdumyzda dil merkezleri hem açyldy. Talyp ýaşlaryň arasynda dil bilimi boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa dünýä dillerini has erjel, tutanýerli öwrenmegimize giň ýol açýar.

Berkararlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gün-günden özgerýär. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegine ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda energetika, nebit we gaz pudagynyň mynasyp goşant goşýandygy bizi geljekki energetikleri guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» ady bilen taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Men hem bu bäsleşige özümiň “Gaz syzmasyny aralykdan habar beriji sanly gurluşyň taslamasy” atly ylmy taslamam bilen gatnaşdym. Bäsleşikde dürli ugurlar boýunça ylmy taslamalar bilen çykyş edilip, olaryň arasynda tapawutlanan taslama işleri baýrakly orunlara mynasyp boldy. Men hem şolaryň hatarynda bolup, bäsleşigiň radioelektronika, energetika we awtomatlaşdyrylan ulgamlar ugry boýunça ikinji orna mynasyp boldum. Meniň bu taslamamda öý hojalyklarynda we köpçülikleýin naharhanalarda gazyň syzmasy SMS arkaly habar berilýär.

Ylmyň ojagynda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen belent sepgitler biziň her birimizi guwandyrýar. Medeniýetiň ojagy hasaplanylýan kitaphanalarda hem döwrüň talabyna laýyklykda uly işler alnyp barylýar. Milletiň ruhy derejesini kämilleşdirmäge uly itergi berýän kitaba we neşir önümlerine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe kitaphanalar bina edilip, köpüsiniň bolsa durky täzelendi. Şol kitaphanalaryň gory artdyrylyp, hasaba alyş, neşirleri saklamak we olara gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Ylym-bilim ulgamynyň belent sepgitleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha belent sepgitlere ýetýär. Ylym-bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, okuw mekdepleriň, çagalar we ýaşlar üçin estetiki we çeperçilik merkezleriň, sport meýdançalaryň onlarçasynyň gurlup ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ýaş nesiller barada edýän atalyk aladalaryndan nyşandyr. Türkmenistan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda esasy halkara şertnamalaryna ilkinjileriň hatarynda goşulyp, ondaky kadalary milli kanunçylygymyza yzygiderli ornaşdyrmakda, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmekde toplumlaýyn işleri alyp barýar. Milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar we adamyň bilim almaga bolan hukugy, her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliliginiň üpjün edilmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bard

Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

Ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitleriniň nebitgazly känlerinde gazuw işleri tamamlanyp, senagat taýdan ulanyşa girizilen guýular, esasan, köp gatlardan düzülen gatlaklardan ybarat bolup, olaryň arasy birnäçe nebit doýgunly geçirmeýän toýunsow jynslar bilen beklenilen. Bu känleriň gatlaklarynyň meýdany we galyňlygy birmeňzeş däldigi bilen tapawutlanyp, hersiniň öz aýratynlygy bolýar we olaryň ulanylyşy aşakdan ýokarlygyna alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde her bir ulanyş obýektleriň çäklerinde önümlilik koeffisiýentleriniň hem köp derejede üýtgeýänligi gatlaklardan guýulara gelýän suwuklyk (nebit, suw) akymynyň dürli-dürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Toplanan önümçilik tejribesinden belli bolşy ýaly, gatlaklaryň hemmesiniň birmeňzeş basyşlary bolan ýagdaýynda aýry-aýry gatlaklaryň endigan işlenip geçilmegine päsgelçilik döredýär. Şeýle ýagdaý bolanda köp gatlakly känleriň işlenip geçilýän ulgamynyň kämilleşdirilmegi we sazlanylmagy talap edilýär. Şol sebäpli aýry-aýry gatlaklary bir wagtda ýa-da olary aýratynlykda ulanmak tehnologiýasyna bil baglanylýar. Bu tehnologiýa amala aşyrylanda, hemme önümli gatlaklary işe girizmek üçin olar ýörite üst we guýy içi enjamlar bilen üpjün edilip, bir wagtyň özünde her gatlakdan aýratyn tehnologik düzgün boýunça nebit çykarmaklyga esaslanylýar. Çünki enjamlaryň dogry we doly saýlanyp alynmagy bir wagtda iki gatlakdan bir liftiň (g

Nebitgazçy halypany ýatlap...

Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Olar hakyndaky ýatlamalaryň halypa-şägirtlik ýolundaky terbiýe mekdebinde uly ähmiýet bar. Arada geolog Ilgeldi Magtymgulyýew bilen söhbetdeşlik taýýarlanymyzda, ol kärdeşi Gurbanmyrat Arrykowyň zähmet hem durmuş ýoly barada ýatlady. Onuň aýdan gürrüňlerini «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. Ol: — Gurbanmyrat Arrykow nebitgaz pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşup, ömrüni bu ugra bagyşlan halypalaryň biri. Men onuň bilen gullukdaş hem-de dogduk obamyzyň goňşurak ýerleşýändigi üçin obadaş diýsemem bolýar. Ol Bäherden etrabynyň Arçman obasyndan, men Вamy obasyndan. Ikimizem 1944-nji ýylda doglan. 1963-nji ýylda Aşgabada öňki Türkmen politehniki institutyna promysel geofizika hünäri boýunça okuwa gelenimde, Gurbanmyrat eýýäm ikinji ýyl talypdy. Ol geofizika bölüminiň seýismologiýa hünäri ugrundan okaýardy. Soň ikimiz bile üç ýyl harby gullukda bolduk. Harby gullugymyzy tamamlanymyzdan soň, okuwymyzy ýene-de bileräk dowam etdirdik. Ýokary okuwy tamamlansoň, Gurbanmyrat Balkan welaýatyna işe ýollandy. Ol Madaw, Esenguly, Barsagelmez, Goturdepe we başga-da welaýatyň çägindäki nebitgaz gorly ýerleriň ählisiniň ekspedisiýa gözleg işlerine gatnaşyp, tä Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli geofizika ekspedisiýa toparynyň başlygy, geofizika ekspedisiýasynyň baş inženeri ýaly dürli wez

Ilşat — ýaş alym

Adamzadyň durmuş ýoluna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän zat ylymdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan merdana halkymyz ylma hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Milli Liderimiziň taýsyz aladalary netijesinde ýaşlaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Şol oňyn şertlerden göwünleri galkynýan ýaşlar ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerini äleme ýaýmaklyga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ugur ― kämillige tarap

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, gazanylýan üstünlikleriň, ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň geljegini kepillendirýän ynsanperwer konstitusion gurluşy döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de beýik başlangyçlary bilen baglanyşyklydyr. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Olaryň baş maksady Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden, innowasion tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakdan, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny 2020—2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynda bu ugry döwür bilen aýakdaş ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň uly toplumy göz öňünde tutulýar. Ol ylmyň dürli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizde ýokary netijeliligiň gazanylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin utgaşykly sanly tehnologiýalary ýola goýmak ýaly derwaýys wezipeleri öz içine alýar. Biziň institutymyzda geljekde şu wezipeleri durmuşa geçirjek hünärmenler taýýarlanylýar. Olar diňe bir okatmagyň usullaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, täze tehnologiýalardan peýdalanmagy hem öwrenýärler. Bu bolsa bu g

Dalaşgärlere diýjeklerim...

Tomus paslynyň güneşli günlerini islendik wagt ýatlanyňda hem, köplenç, gyzykly gezelençler, dynç alyş, deňiz, oba durmuşy ýadyňa düşýär. Emma orta mekdebi tamamlan uçurymlar hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlanýan ýaşlar üçin bu pasyl aýratyn täsirlere eýe. Tomus olara ýüreklerinde beslän arzuw-hyýallaryna — öz saýlap alan hünärlerine ýetmek üçin az wagtyň galandygyny ýatladýar. Sebäbi sanlyja wagtdan iň bir tolgundyryjy möwsüm — giriş synaglary ýetip gelýär. «Talyp» diýen belent ada eýe bolmak niýeti bilen resmi iş kagyzlaryny tabşyran dalaşgärler üçin bu pasyl aýgytlaýjy pursatlaryň biridir. Hemişe bolşy ýaly, okuwymyzy tamamlap, tejribelik geçýän günlerimiz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlarynyň kabul edilip başlanýan döwrüne gabat gelýär. Köpçüligiň üýşýän ýerlerindäki gürrüňlere diň salsaň-da, döwürleýin neşirleriň sahypalaryna göz aýlasaň-da, «Dalaşgär — 2021» diýen sözlere gabat gelmek bolýar. Her gezek ýokary okuw mekdebimiziň resminamalary kabul edýän bölüminiň ýanynda gözleri uçgunly dalaşgärlere nazarym kaklyşanda, birnäçe ýyl mundan ozal özümiňem şo-ol ajaýyp duýgulara berlen günlerimi ýatlaýaryn.

Magdan ýataklary özleşdirilende amatly dag senagat usullaryny emele getirmek

Galyndynyň köp mukdarda bolmagy ulanylýan tehnologik gurluşyň kämil däldiginiň görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin peýdaly komponentleri has toplumlaýyn we doly çykaryp almakda tehniki serişdeleri we tehnologiýalary döretmek we ulanmak gerek. Dag önümçiliginde gaty, suwuk we gaz görnüşli galyndylar emele gelýär:

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda Çary Paýtykow

Gazetimiziň şu günki myhmany —  «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, ylmy makalalaryň 83-siniň (3-si monografiýa), şeýle hem golýazma işleriniň 30-synyň awtory Çary Mommyýewiç PAÝTYKOW. Ol Türkmenistanda nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini ösdürmegiň bäşýyllyk toplumlaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýjy iri ylmy toparlara ýolbaşçylyk etdi. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklaryny açmaga goşan goşandy üçin Çary Paýtykow SSSR-iň Geologiýa ministrliginiň «Geologiýa gözleg-barlag işleriniň ezberi» diýen döşe dakylýan nyşany bilen sylaglanyldy, 2012-nji ýylda geologiýa ylmyny we geologiýa gözleg işlerini ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy, 2014-nji ýylda bolsa, oňa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmen arheologiýasynyň meşhur alymy

Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik Wiktor Iwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar. Ol ömrüniň 60 ýyldan gowragyny Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmeklige sarp etdi. Alym-arheolog, esasan hem, Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we tas 40 ýyllap şol ýadygärlikde giň gerimli arheologiýa gözleg işlerini alyp bardy. Şol gazuw-barlaglara köp ýyllaryň dowamynda onlarça arheologlar, ýüzlerçe gazuwçy işgärler, şol sanda Oraz Babakow, Tirkeş Hojanyýazow, Ejegül Myradowa, Berdi Ödemyradow ýaly belli alymlarymyz we beýlekiler gatnaşdylar. Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan «Awestada» ady agzalýan Mouru, biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň adaty gürrüňçiliginde, pikir alyşmalarynda bolsa, «Marguş» we «gadymy Margiana» diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi endigan poslasa-da, onuň içki diwary tegmil görnüşinde poslama duçar bolýar. Daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen damjalaryň po

Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler. Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar. Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.

Dil bilimini çuňňur öwrenýän alym

Geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde talyplar okap, ýokary bilim alýardylar. Şu ýerde 1961-nji ýylyň dekabr aýynda talyp bilen mugallymyň arasynda garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçen bir waka ýadymda galypdyr. Talyp okuwynyň soňky ýylynda grammatikanyň «Morfologiýa» bölümi boýunça synag tabşyrýan wagty mugallym bilen onuň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir. Talyp soragnamada bellenen soraglara kanagatlanarly jogap berýär. Ol synag alýan mugallymyň soraglaryna-da degişli jogaplary beren bolmaly. Mugallym onuň bilen içgin gyzyklanyp başlaýar: