Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ylmy gözleglerde ilkinji ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmek ýurtda alnyp barylýan beýik işleriň esasy ugruna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hünärmen taýýarlamak bilen bir hatarda, ylmyň nazary hem amaly meselelerini çözmäge öz goşantlaryny goşýar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebinde we ylmy institutynda aspirantura bölümleri işleýär. Olarda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli aspirantlar önümçilikden aýrylmak we aýrylmazlyk şerti bilen okadylýar. Ylmy derejäni almaga çalyşýan dalaşgärleriň ylmy-gözleg işleriniň üstünde ýokary okuw mekdebiniň tejribe-synag, innowasion tehnologiýalar we dünýä tejribeleri bilen üpjünçilikli otaglarynda erkin işlemeklerine zerur şertler döredilendir. Olar ylmy işleriniň temalaryny pudaklaryň sargytlary, Milli maksatnamalaryň talaplary boýunça saýlaýarlar. Temalaryň üstünde işlenilende daşary ýurt edebiýatlaryndan, milli tejribeden, önümçiligiň häsiýetli aýratynlyklarynyň talaplaryndan peýdalanýarlar.

Ylym — ösüşiň binýady

Az wagtdan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Bu taryh üçin onçakly uly möhlet däl. Şu gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde asyrlara barabar ýol geçildi. Bu gün bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-owazasy dünýäniň çar künjüne ýaň salýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyz diňe ösüşlere beslenýär. Ähli ösüşler, özgerişler, öňegidişlikler bolsa ylym-bilimden gözbaş alýar. Türkmen — ylma çäksiz sarpa goýýan halk. Bu geçen taryhy döwürlerde-de şeýle bolupdyr, häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de şeýledir. Muňa ata-babalarymyzyň «Ylym okan ýol tanar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylym pul bilen alynmaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri-de şaýatlyk edýär.

Bişofiti toplumlaýyn peýdalanmagyň usullary

Hormatly Prezidentimiziň kärhanalarda harçlanylýan harajatlary peseldip, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, çykarylýan harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly çözgütleri gönüden-göni ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilendir. Bu babatdaky ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleri bolsa, ilkinji nobatda, himiýa ylmyna degişlidir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky Karary bilen, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň köp ugurlary senagat pudagyna degişli bolup, olar hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek, täze önümçilik ýerlerini döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, döwrebap tehnologiýalary işläp düzmek ýaly wajyp meseleler bilen baglydyr.

Bagtly zenan

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Her bir ynsanyň gyzyklanmalary, meşgullanýan ugry oňa mynasyp durmuşy we öz ýaşaýan jemgyýetinde uly hormat-sylagy bagyş edýär. Belent sarpanyň eýesi bolan alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowanyň bilim älemine ykbalyny bagyşlamagy tötänden däl. Onuň ejesi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa öz belent adamkärçiligi, bilim ulgamyny ösdürmäge goşan goşandy, zähmetsöýerligi, halallygy bilen perzentlerine göreldedi. Şonuň üçinem Häsiýet Asadowa ejesiniň maslahat bermegi bilen onuň ylmy ýolbaşçylygynda 1990 — 1993-nji ýyllarda ady agzalan ýokary okuw mekdebinde aspiranturada okady. 1995-nji ýylda «Mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmegiň pedagogik meseleleri» diýen mowzukda ýazan kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy.

Sahaba siňen sungat

Hormatly Prezidentimiz: «Keremli topragymyzda döredilen ylym öýleri — akademiýalar arap-ajam ýurtlarynda nusgalyk bolup hyzmat edipdir» diýip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belläp geçýär. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz dürli döwürlerde dörän beýik şahslaryň türkmenler baradaky dünýägaraýyşlaryna anyk we takyk beren ylmy maglumatlaryna türkmen topragyna esaslanyp, orta asyrlarda senetçiligiň, ylmyň we medeniýetiň ösen ýeri bolandygyny dolulygyna subut edýär. Ylmyň gönezligini özünde jemleýän golýazma kitaplaryny döreden uly mekdepleriň hem bolandygyny biz taryhdan bilýäris. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan, ösüş döwrüniň ähli tapgyrlaryny geçen nusgawy ýazuw ýadygärliklerimiz hem şaýatlyk edýär. Ýazgylardyr şekiller bilen taýýarlanylan her bir golýazmanyň ähli bölekleri sungatyň taryhy ösüşini, medeniýetini özünde jemleýän maddy gymmatlyk bolup durýar. Kitap ussalarynyň, kagyz we syýa ýasaýjylaryň, hatdatlaryň, nagyş we miniatýuraçylaryň, sahapçylaryň siňdiren el zähmetleriniň güýji bilen ylymdar adamlaryň gymmatly pikirleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu iş bilen meşgullanýan adamlar kitaby owadanlamak we daşyny gaplamak işlerine uly üns beripdirler. Golýazma kitabynyň döreýşi basgançakly bolup, ilki papirus we pergament düýrlenen kagyzlar

Ynsan ähline nusga

Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne bir söz bolman, eýsem, olar çaganyň edim-gylymlarynda, özüni alyp barşynda öz beýanyny tapýar. Mugallymyň häsiýetleriniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolup galýar. Islendik käriň eýesi, isle alym, lukman, inžener bolsun, ählisi mugallymdan bilim-ylym, edep-terbiýe alýar. Mugallym ýaş nesliň bilimli, giň gözýetimli bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Mugallym — hemmeleriň halypasy, ýaşlary durmuş ýoluna atarýan ynsandyr.

—Bilgirje, kosmonawtlaryn geýimleri barada gürrün beräýsen!

—Kosmonawtlaryň geýimleri «skafandr» diýlip atlandyrylýar. Skafandrlar adamy amatsyz we gazaply daşky gurşawdan, ýagny daşky gurşawyň zyýanly şöhlelerinden we zäherli gazlaryndan goraýar. Skafandryň içi elmydama adam üçin kadaly basyşy hem-de temperaturany saklaýar. Şeýle-de ol adama zerur bolan kislorody tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Käbir adamlar skafandrlary diňe kosmonawtlaryň eşigi hökmünde tanaýarlar. Emma olaryň: guwwaslaryň (suwuň düýbüne çümýänleriň) skafandrlary, awiasion skafandrlar we kosmos skafandrlary ýaly üç görnüşi bardyr.

Talyplyk bagty

Milli Liderimiz ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýaşlaryň hem ylymly-bilimli, hünärli bolmaklary üçin uly aladalary edýär. Şol aladalaryň çäginde her ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlara öwredilýän hünärleriň we ugurlaryň sany artdyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda köpsanly deň-duşlarym bilen bir hatarda maňa-da talyplyk bagty miýesser etdi. Fizika, algebra we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilen giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa fakultetine okuwa girdim. Nesip bolsa, men maşgalamyzdaky ilkinji geolog bolaryn.

Ykdysady taýdan seljeriş işleriniň geçirilişi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Önümçilik serişdeleriniň ekstensiw ulanylyşyny gowulandyrmak diýlende, bir tarapdan, kalendar döwründe hereket edýän enjamlaryň işiniň wagtynyň köpeldilmegi, beýleki tarapdan, kärhanada bar bolan hemme tehnologiýalaryň düzüminde hereket edýän enjamlaryň udel agramynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Işlenen wagtyň köpeldilmegini içki çalşyk boş durmalary kemeltmek we ýok etmek, enjamlary abatlaýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, esasy önümçiligi işçi güýji, materiallar, ýangyç we beýleki serişdeler bilen gerekli wagtynda üpjün etmek, enjamlaryň bütin gün boş durmasyny gysgaltmak, çalşyklyk koeffisiýenti ýokarlandyrmak, enjamlaryň artykmaç sanyny kemeltmek we gurulmadyk enjamlary önümçilige tiz işe girizmek bilen gazanyp bolar.

Ösüşli menzilleri külterläp...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzyň ähli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryna laýyklykda, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we 2020-nji ýylda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklanyldy. Sanly ulgama işjeň geçilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi ýokarlanýar. Olar sanly, ýokary tehnologik we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle-de, olaryň ulanylmagynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn, meýilnamalaýyn geçilmegi dünýä hojalyk gatnaşyklarynda häzirki zaman ösen ulgama goşulmagyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde ykdysadyýetiň gelejekki ösüşiniň sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygyna göz ýetirýäris. Şonuň ýaly hem sanly ulgama häzirki döwürde geçmek bäsleşik esasynda hem-de maglumat-tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen şertlendirilýär.

Milli kanunçylyk we ylmyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Bu işleriň jemgyýetimiz üçin döredýän oňyn netijeleri babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda: «Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi — täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligiň sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir» diýlip bellenilýär. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken Karary has ähmiýetlidir. Ýagny, oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyll

Kämil uLgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek üçin «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, döwrebap tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmelere täzeden badalga berýär. Ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary tarapyndan işjeň ulanylýan bilim portallary hereket edýär. Mugallymlar bilim gorlarynyň üstüni ýetirýärler we onlaýn giňişliginiň çäklerinde okuwçylaryň işjeňligine gözegçili

Suwy süýjetmegiň kämil gün gurnawy

Häzirki wagtda ylmy-önümçilik merkezimizde ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Günüň energiýasynyň hasabyna suwy süýjetmeklik meselesi ol işleriň esasylarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda senagatyň ösmegi ýokary hilli suwy we suw üpjünçiliginiň uly kuwwatyny talap edýär. Türkmenistanda bar bolan ýerasty we ýerüsti suwlaryň düzüminde duzlaryň derejesi ýokarydyr. Onuň adamyň saglygyna we senagat gurnawlaryna ýetirýän täsirini hasaba alanymyzda, bu görnüşli suwlardan peýdalanmakda çözmesi çylşyrymly meseleler ýüze çykýar. Şol sebäpden hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkezinde Gün energiýasynyň hasabyna bugartmaklyk usuly bilen gije-gündiz işleýän suw süýjediji gurnaw işlenip taýýarlanyldy. Gurnawda howa we şorlulyk derejesi dürli bolan ýerasty suwlarda synag-barlag işleri geçirildi. Alnan netijeler barlaghanada barlanyldy we oňyn netije alyndy.

Gymmatly dökün almak tehnologiýasyna patent alyndy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýan köki gaýtadan işlenenden soň galyndysyndan dökün önümçiliginiň tehnologiýasyna patent aldylar. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy gymmat bahaly komponentleri ulanmazdan, gymmatly döküni taýýarlamaga mümkinçilik berýänligindedir. Döküni taýýarlamak üçin buýan köküniň önümçiliginiň galyndylary belli bir gatnaşykda mekgejöweniň we ýekeniň galyndylary bilen garylýar. Alnan garyndy ownadylýar, suwa ýatyrylýar we ýörite bellenilen temperatura düzgüninde guradylýar. Döküniň täze görnüşi peýdaly önüm öndürmek üçin ikilenç çig malyň ykdysady bähbitliligini görkezmäge mümkinçilik berer. Ol bolsa, öz gezeginde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam etmek bilen, geljekde Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda giňden ulanylyp bilner.

Utgaşykly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda

Türkmenistanyň energetika ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada Karar kabul etdi. Milli Liderimiziň taslanyljak bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny bellemegi geljekde utgaşykly tehnologiýalaryň ýurdumyzda aýratyn ähmiýetli orna eýe boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Innowasion barlaghana enjamlaryny netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Himiýa institutynyň daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy bölüminiň uly ylmy işgäri Jeren Sylapowa «Ýurdumyzyň himiýa ylmynda häzirki zaman enjamlarynyň orny», Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz desgalaryny poslamadan goramak laboratoriýasynyň müdiri Akjagül Işanowa «Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň usullaryny kämilleşdirmek», Tehnologiýa merkeziniň energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Nowruz Amankulow «Tehnologiýalar merkeziniň enjamlarynda geçirilýän metrologiýa barlaglarynyň mümkinçiligi» temalarda alyp barýan ylmy-derňew işleri boýunça çykyş etdiler.

Ýeriň ýagtylyk çeşmesi

Gün Ýe­riň ýag­ty­lyk we ýy­ly­lyk çeş­me­si­dir. Ge­liň, bu äpet as­man ji­si­mi­ni has ýa­kyn­dan ta­na­lyň! Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­syn­da je­mi 200 mil­liard ýyl­dyz bo­lup, şo­la­ryň bi­ri hem Gün­dür.

Watanymyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň netijesinde hem Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly, bilimini ösdürmäge, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki ýaş nesliň okap, bilim almaklary, zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, bu ugruň hukuk esaslary hem berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. «Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir» diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda aýratyn nygtap geçdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda ýaşlar hakyndaky aladanyň elmydama esasy orunlaryň birini eýeleýä

Berkarar döwletiň belent maksatly ýaşlary

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, kabul edilýän kararlardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde bu günki gün ýaşlar uly güýç hasaplanýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ruhy-ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşi, döwrebap bilim-terbiýesi hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy babatynda giň göwrümli şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny biz — bagtyýar ýaşlar durmuşymyzyň her ädiminde duýýarys hem-de özümize bildirilýän ynama mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys. Şu belent maksat bilen biziň ýaşlar guramamyz hem zähmetsöýer, sowatly, bilimli, watansöýüji nesilleri, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny we baky Bitaraplygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak oglanlardyr gyzlary terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işlerde özüniň işjeňligini görkezýär. Etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň adyl syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek bilen birlikde, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip durýarys. Bu çäreler ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olaryň aň-bilim düşünjelerini ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelg

Alymlyk derejesini tassyklaýan diplomlar gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we ykdysadyýetde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz ýurdumyzda ylym bilen düýpli meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan ylym-bilim desgalary, barlaghanalar, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, aspirantlaryň, doktorantlaryň jemgyýetiň ylmy esaslaryny ösdürmeklige, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaklyga gönükdirilen ylmy pikirlerini, derňewlerini, seljermelerini, tekliplerini beýan edip döredijilikli zähmet çekmegi, düýpli işleriň önümçilige ornaşdyrylmagy aýdýanlarymyza şaýatlyk edýär.