Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

SYÝAHATÇYLYK: dünýä uzaýan ýollar

Bahar paslynyň ajaýyp gününde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çärelere badalga alnyp, «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasyndan başlanan dabaralar halkara ylmy, syýahatçylyk we metbugat maslahatlary bilen dowam etdi. Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde, dünýäniň döwletleri bilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmekde, özara pikir we tejribe alyşmakda, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýetli boldy. Biz ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna we mümkinçiliklerine bagyşlanyp geçirilen halkara foruma gatnaşan gruziýaly myhman Lela Poshweraşwili bilen söhbetdeş bolduk.

«Turkish Airlines» Aşgabat — Stambul gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýär

Iň meşhur halkara awiakompaniýalaryň biri bolan «Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambula amala aşyrylýan howa gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýändigini habar berýär. Gatnawyň iki tarapynyň (Aşgabat — Stambul — Aşgabat) iň pes nyrh meýilnamasy 589 dollara deň. Howa gatnawynyň diňe bir tarapynyň (Aşgabat — Stambul) iň pes nyrh meýilnamasy bolsa 352 dollardyr.

Seýil edeliň bu jahana!

Meşhur teatr Dünýädäki iň gadymy opera teatry bolan «Bolşoý» teatry Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada ýerleşýär. Binanyň beýikligi 21, uzynlygy 25 we ini 26 metre barabardyr. Opera we balet sungatynyň mekany hasaplanýan bu ýeriň 1740 tomaşaça niýetlenen uly zaly bar. 1825-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berlen «Bolşoý» teatry häzirki wagtda Wladimir Wasilýew, Galina Ulanowa we Maris Liepa ýaly ajaýyp balet tansçylary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Bu teatrda 200-den gowrak tansçy çykyş edýär.

Jümle-jahan habarlary

Afrikany ylgap geçdi

Türkmenistan we Türkiýe paýtagtlaryň arasyndaky uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär

Ilçi Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň 15-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilýän Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda Ankara bilen Aşgabatyň arasynda göni uçuşlary ýola goýmak üçin ýakyn wagtda degişli işleriň ediljekdigini aýtdy. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi. Diplomat munuň ulag gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

«Аэрофлот» gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy

Russiýanyň «Аэрофлот» döwlet-hususy awiakompaniýasy gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagça gapdaldaky oturgyçda içi haýwanly ýa-da guşly bir konteýneri ýany bilen alyp gitmek rugsat berilýär. Goşmaça ýer üçin töleg uly ýaşly ýolagçy üçin ulanylýan nyrh boýunça hasaplanylýar. Içi haýwanly konteýneriň agramy 15 kg-den, gaty konteýneriň ölçegleri 50×30х30 sm-den, ýarym gaty konteýneriňki bolsa 50×32х30 sm-den geçmeli däl.

Türkmenistan «Otdyh — 2024» sergisinde syýahatçylyk önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar

Türk­me­nis­tan 2024-nji ýy­lyň 18 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Minsk şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek «Ot­dyh — 2024» sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň 26-njy hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­na­şar. Türk­me­nis­ta­nyň bu hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­naş­ma­gy ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga, tä­ze sy­ýa­hat ugur­la­ry ma­ha­bat­lan­dyr­ma­ga hem-de tä­ze işe­wür gat­na­şyk­la­ry açmaga ýol açar.

Taýland jahankeşdeler üçin «Aziýa Şengenini» döretmegi teklip etdi

Taýlandyň Premýer-ministri Srettha Thawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. «Bloombergiň» habar bermegine görä, Ýewropadaky Şengen zolagyna meňzeş bu maksatnama syýahatçylara alty goňşy ýurduň: Taýlandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer. – «Günorta Aziýa Şengenini» döretmek pikiri köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne indi hünärmenleriň pikiriçe, ony durmuşa geçirmek mümkinçiligi öňküsinden has ýokary. Şeýle wiza uzak aralyga syýahat edýän jahankeşdeler üçin sebite syýahaty has özüne çekiji edip biler – diýip, Taýland myhmanhanalar birleşiginiň öňki prezidenti Marisa Sukosol aýtdy. Şeýle hem bu teklibi has bähbitli etmek üçin wizanyň möhletini 30 däl-de, 90 güne uzaltmagy teklip etdi.

«Turkish Airlines»: Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibi

Türkiýäniň meşhur awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň amatly tertibini hödürlemäge şatdyr. Ýolagçylar hepdede 11 gatnawdan peýdalanyp bilerler, bu bolsa syýahatlar meýilleşdirilende has amatlylygy üpjün edýär. Uçuşlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy bu gatnawa bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşykldyry. «Turkish Airlines» ýolagçylaryna iň ýokary derejede hyzmat we rahatlyk, şeýle hem elýeterli bahalardan uçuşlaryň dürli görnüşlerini hödürlemegi maksat edinýär.

Jümle-jahan habarlary

Wo­do­rod ýan­gyç­ly ot­ly re­kord goý­dy

Seýil edeliň bu jahana!

Äpet muzeý Parižiň merkezinde ýerleşýän «Luwr» muzeýi diňe bir dünýäniň iň uly muzeýi bolman, eýsem, fransuz şalarynyň köşgi we binagärlik ýadygärligi hökmünde hem meşhurdyr. Bu köşk 1793-nji ýylyň 10-njy awgustynda açyldy we häzirki wagtda bu ýerde, takmynan, 400 müň sany eksponat bolup, olary synlap çykmak üçin hem birnäçe aý gerek bolýar. Iň uly muzeý hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren «Luwruň» 73 müň inedördül metre golaý sergi meýdançasy bar. Piramida şekilindäki bu muzeý dünýä belli birnäçe sungat eserlerini özünde saklaýar, muňa mysal edip, «Mona Liza», «Napoleona täç geýdirilmegi» ýaly suratlary we «Regent almazyny» aýtmak bolar.

«Turkish Airlines» Türkmenistandan oňaýly howa gatnawlaryny hödürleýär

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap uçarlarda oňaýly amala aşyrylýan howa gatnawlaryny hödürleýär. Ýolagçylar bu uçarlarda ýetirilýän ýokary amatlykly hyzmatlardan, datly naharlardan hem-de dürli hili güýmenjelerden lezzet alyp bilerler.

Saud Arabystanynda dünýäniň iň uly howa menzili gurlar

Saud Arabystany Patyşalygynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçirijilik ukyby boýunça dünýäde iň uly howa menziliniň gurluşygyna girişilýär. Patyşa Salman adyndaky halkara howa menziliniň geçirijilik ukyby ýylda 120 mln ýolagça deň bolar.

Услугами местных авиалиний Турции воспользовались около 44 млн пассажиров

Всего местными авиалиниями Турции воспользовались около 44 миллионов пассажиров, из них в первом квартале этого года более 23 миллионов составили зарубежные рейсы. Это на 14,4 процента больше, чем за аналогичный период прошлого года. Как передает Trend, об этом сказал министр транспорта и инфраструктуры Турции Абдулкадир Уралоглу.

Dünýädäki iň uly aýsberg ummanda ýüzýär

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Dünýäniň iň uly we gadymy aýsbergi soňky onýyllykdan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek hereket edip başlady. «A23a» diýlip atlandyrylýan Antarktidadaky aýsberg 4000 inedördül kilometre golaý meýdany tutýar we Nýu-Ýork şäheriniň, takmynan, üç essesine barabardyr.

Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Kohir Rasulzoda 4-nji aprelde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini çekmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşylan meselelere üns çekdiler.

«Turkish Airlines» Türkiýeden Günorta Amerika ýurtlaryna uçuşyň şertlerini güýçlendirýär

Türkiýäniň baş awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Wenesuela, Meksika, Kolumbiýa, Kuba we Braziliýa uçýan ýolagçylar üçin pasport-wiza talaplaryndan başga-da, goşmaça şertler girizýär. Bu barada «TRT Haber» habar berýär. Bu karar Türkiýeden gelýän ýolagçylary ýokarda agzalan ýurtlara goýbermegiň ret edilmegi sebäpli kabul edildi.

Aşgabat-London-Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar

Halkara uçuşlarynyň geografiýasyny barha giňeldýän «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan ýene bir halkara uçuşy ýola goýmagy meýilleşdirýär.  Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi habar berýär. Şol günden başlap, awiakompaniýanyň uçarlary Ýewropanyň syýahatçylyk we ykdysady taýdan iň möhüm şäherleriniň birine ― Beýik Britaniýanyň London şäherine göni uçar gatnawyny ýola goýup başlar.

Syýahatçylygyň dürdänesi — türkmen Diýary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşary syýasatda amala aşyrylýan üstünlikler anyk ädimlerde öz beýanyny tapýar. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir.

Jümle-jahan habarlary

Emeli aňly elektron plastyr