Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Awaza gudraty

Awazam, seň ýerleriňiÝakyndan göresim geler.Sergin ösen ýelleriňeGöwsümi geresim geler. Äleme düşdi ýaňlaryň,Güni dogran ak daňlaryň.Ne gözeldir agşamlaryň,Seýl edip ýöresim geler.

Täze kottejler toplumy

jenneti künjege bagtyýarlyk eçildi Düýn Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Biz bu ajaýyp wakalaryň şaýady bolan ildeşlerimiziň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini ýazga geçirdik.

Awazada «Rowaç» kottejler toplumy açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Awa­za — kö­ňül­le­riň mel­he­mi

Türkmen topragynyň keramatyna-genjine haýran galyp oturmaly. Beýik Biribar bu mekana ähli baýlyklary, tebigy gözellikleri bolluk bilen eçilipdir. «Ýene-de görsem» diýdirýän şol genji-hazynalaryň, şypaly howanyň ynsan ömrüne, saglygyna, keýpiçaglygyna hyzmat etmegi esasy zat. Hazaryň gözel kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. Onuň at-owazasy bu gün älem içinde aýdym bolup aýlanýar. Taryhy nukdaýnazardan gaty gysga wagtyň içinde Awazada gurlan kaşaň myhmanhanalar, iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri, beýleki dürli binalar bu ýeri diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtlularyň hem iň arzylaýan ýerine öwürdi.

Depesi ak çarlakly

Täsinlikler dünýäsi gojaman Hazarym! Bu gün seniň goýnuňa seýrana geldim. Eý, gojaman hem nowjuwan deňzim, seniň hem özboluşly häsiýetleriň bar. Ol ynsan eli bilen däl-de, tebigatyň emri bilen amala aşýar. Erkin, asuda dem alyp, tolkunlaryň ýuwaşlyk bilen kenara gelip, ene topragy öpüp-sypap yzyna gidişini göreniňde, gaýtalanmajak gözellikden gözüň doýmaýar. Ine, birdenem tolkunlaryň towlam-towlam bolup güwläp gaýdyşyny, dolup-daşyp, kenara keşde çekişini diýsene! Şonda sen has owadan, has eziz. Mähriban deňzim, kenaryňa gelip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän mawy giňişligiňi synlanyňda, ynsanyň kalby heýjana gelýär. Gök deňzim, bu gün sen ýene-de parahat. Asudalyk bilen dem alyp ýatyrsyň. Örküç-örküç tolkunlaryň Gün şöhlesine kümüşsöw öwüşgin çaýyp, gözelligiň has-da artýar. Ho-ol aňyrrakda ördek-gazlar, durnalar, guwlar... peýwagtyna ýüzüşip ýörler. Ak çarlaklar bolsa tolkunlardan galmajak bolýan ýaly, al-asmanda ganat kakyp, birdenem düwlüp aşak inýärler-de, tolkunlara deger-degmez gelip, ýene-de asmana atylýarlar. Siz deňziň ýaraşygy!

Çagalygyň bagtyýar pursatlary

Bagtyýar pursatlar ynsanyň bütin ömrüni ýagtyldýar, ýatlamalaryna ýakym berýär. Aýratyn-da, çagalygyň şadyýan pursatlary babatda şeýle. Şonuň üçin-de, «Tomus — 2022»-niň gyzgalaňly günlerinde biziň ugrumyz Gökderäniň gözel goýnunda ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine sary boldy. Gökdere — gözellige baý dere, tebigatyň ýaşyl dona bürenip, göreni haýrana goýýan künjegi. Bu ýerde bag-bakja bürenen dag etekleri, äpet daragtlar, şildiräp akýan çeşmeler... garaz, ähli ajaýyplyklar seni bendiwan edýär. Onsoň şeýle gözel künjekde tomusky dynç alşyň bir bölegini geçirmegiň, tebigaty synlamagyň, deň-duş oglan-gyzlar bilen dost-dogan bolmagyň neneňsi şatlyk bagyşlajagy, nädereje ýakymly ýatlamalara baý boljagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek?!

Ýaş nesilleriň ýürek sözi

Golaýda gojaman Köpetdagyň gujagynda ýerleşýän Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalar bilen duşuşmak miýesser etdi. Ol ýerde wagtlaryny şadyýan geçirýän balajyklaryň ýüzlerinde şatlyk, dillerinde bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözleri bardy. Biz hem bagtly çagalaryň beren gürrüňlerini siz bilen paýlaşmagy makul bildik: Enegül KUWWATGELDIÝEWA:

Syýahatçylykda täze gözýetimler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berlip, milli syýahatçylygy dünýäniň bu ugurdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu ugurda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýynyň hereket edýändigi bellenildi. Syýahatçylyk milli ykdysadyýetiň geljegi uly, girdejili ugurlarynyň biridir. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän eziz Diýarymyzda halkara syýahatçylygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bar. Ulgamy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça täze syýahatçylyk ýollaryny açmak ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, tebigy gözelliklerini dünýä ýüzüne wagyz etmekde syýahatçylyga uly orun degişlidir.

Hyzmatdaşlygyň hem mümkinçilikleriň sebiti

Ata-babalarymyzyň açyklyk, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan milli diplomatiýamyzyň binýadynda durýan gymmatlyklardyr. Şunda goňşy döwletler, hususan-da, Hazarýaka döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti ýurdumyzyň baý taryhy tejribä esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny bütin dünýä äşgär etdi. Ýokary derejeli duşuşygyň sebitiň gün tertibinde durýan derwaýys meseleler we mümkinçilikler boýunça düýpli pikir alyşmalaryň oňaýly meýdançasyny emele getirendigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we taryhy nukdaýnazaryndan alanyňda, deňze çykalgasynyň bolmagy islendik döwlete geosyýasy taýdan giň mümkinçilikleri açýar. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly, Gündogar bilen Günbatar siwilizasiýalarynyň özara gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýän Hazar sebiti energetika, ulag-aragatnaşyk babatynda ählumumy mümkinçilikleri baglaşdyryjy halka bolup, Ýewraziýa giňişliginde wajyp geosyýasy we geoykdysady merkezleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Täsinlikler dünýäsinde

Ummany ýüzen goja Ýaponiýaly 83 ýaşly goja dünýäniň iň uly — Ýuwaş ummanyny ýelkenli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçip, taryhy rekordy goýdy. Şeýlelikde, ol bu ummany ýelkenli gaýykda syýahat eden iň ýaşuly syýahatçy boldy. Keniçi Horie diýlip atlandyrylýan ýaşuly syýahatçy Ýaponiýada iň ezber deňizçileriň biri hökmünde tanalýar. Ýaşuly ömrüniň bütin dowamynda şular ýaly töwekgelçilikli syýahatlaryň birnäçesini amala aşyrypdyr. Has takygy, ol 23 ýaşyndaka dünýäniň iň uly ummanyny bir özi ýelkenli gaýykda ýüzüp geçipdir. Bu gezekki syýahatynda ol öz ýelkenli gaýygy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Fransisko portundan 27-nji martda umman ýoluna rowana bolupdyr hem-de Ýaponiýanyň günbataryndaky kenara 94 günden soň ýetipdir.

Owazasy dünýä dolan Awaza

Ynsan hemişe gözelligiň teşnesi. Bu günki gün dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özünde jemleýän Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny şeýle gözellikleriň hatarynda nusgalyk diýip, buýsanç bilen görkezip bileris. Bu ýerde gurlan gözelden-gözel sagaldyş we dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar, seýilgähler, sport desgalary... sapaly hem şypaly tomsuň häzirki günlerinde myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Awazanyň adyny eşitmedik Ýer ýüzünde ýokdur diýsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen gözellikleri, adamlaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin üpjün edilen dünýäniň iň ýokary hil derejesindäki oňaýlyklary birin-birin sanap gutarar ýaly däl. Bu ýerde birbada ençeme müň syýahatçyny kabul etmäge we olara dünýäniň iň ýokary hil ülňülerine laýyklykda hyzmatlary etmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň türkmen kenarynyň tebigatynyň, howasynyň, ösümlik dünýäsiniň ekologiýa taýdan arassalygy, mikroelementlere baýdygy, tebigy bejeriş häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Täsinlikler äleminde

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde daşky gurşawyň abadançylygynyň hatyrasyna täze düzgünleri ornaşdyrýarlar. Tomsuň yssy günleri adam bedeni köp mukdardaky suwy sarp edýär. Suwuň köp sarp edilmegi bolsa, söwda nokatlarynda satylýan dürli içgili plastik gaplaryň köp ulanylmagyna getirýär. Munuň öňüni almak üçin ýerli hökümet edaralary adamlara köp gezeklik ulanylýan suw gaplaryny ulanmagy maslahat berýär. Suw üçin ýörite gabyň göterilmegi bilen, ony şäheriň dürli ýerlerinde ornaşdyrylan suw terminallary arkaly doldurmak bolar. Bu suw terminallarynyň aýratynlygy bolsa, ol suwy howadan öndürýär. Özem, bu suw adam bedeni üçin ähli arassaçylyk kadalaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda bu işi köpçülikleýin ornaşdyrmak üçin Dubaý şäherinde uly işler edilýär.

Dostlukly döwletiň paýtagty Moskwa

Russiýalylaryň buýsanjy Moskwa Kremli rus halkynyň we onuň paýtagt şäheri Moskwanyň taryhyny özünde jemleýän merkezdir. Ol XIII asyrdan bäri ýurduň taryhy we syýasy ähmiýetli wakalarynyň şaýady bolup gelýän merkezleriň biridir. Ýurduň esasy nyşanlarynyň birine öwrülen bu taryhy desga gala şekilinde XIII asyrda kemala gelipdir. Kremliň 2,5 kilometre uzaýan gala diwarlarynyň galyňlygy 6,5 metr bolup, onda 20 sany diň ýerleşýär. Kremliň içinde taryhy we dolandyryş ähmiýetli desgalaryň 15-si bar. Taryhy desganyň daşynda «Gyzyl meýdança» ýerleşip, onda ýurt ähmiýetli köpsanly medeni çäreler geçirilýär.

Täsin daragt

Günorta Amerikanyň Çili döwletinde gadymy döwürden bäri ösüp oturan daragtyň üstünden bardylar. «Fizroýa» diýlip atlandyrylýan bu daragtyň 5484 ýyl ýaşynyň bardygyny alymlar çaklaýarlar. Bu täsin daragt bilen alymlar 2020-nji ýyldan bäri gyzyklanyp gelýärler. Ilkibaşda, ýörite tehnologiýalaryň kömegi bilen agajyň içki gurluşynda ortaça 2700-den gowrak gatlagyň bardygyny anykladylar. Her gatlagyň agajyň bir ýylyny aňladýandygyny nazara alyp, alymlar daragty düýpli öwrendiler. Geçirilen gözlegleriň 80 göterimi daragtyň ýaşynyň 5 müň ýyldan aňyrdadygyny görkezýär. Diametri 4 metre ýetýän agaja ýerli ýaşaýjylar «Gran-Abuelo» diýip at beripdirler.

Täsinlikler dünýäsinde

«Camry» 40 ýaşyna sowgat taýýarlaýar Geljek 2023-nji ýylda meşhur ýapon awtomobil öndüriji «Toyota» kompaniýasynyň «Camry» modelleriniň çykarylyp başlananyna 40 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli kompaniýa bu modeliň ýörite ýubileý nusgasyny çykarmagy maksat edinýär. Ýakynda ýapon awtomobil öndürijisi özüniň «Camry» modeliniň geljek ýyldaky nusgasy bilen tanyşdyrdy. Şu ýylyň ahyrynda satuwa goýberilmegi meýilleşdirilýän ulag nusgasy «Nightshade Special Edition» diýlip atlandyrylýar. Bu nusgadaky ulaglar ak, «ýarygije garaňkylygy» we «suw howdanynyň göklügi» diýlip atlandyrylýan reňk görnüşlerinde öndüriler. Täze görnüşli ulaglar öňki ýyllardakydan özüniň gara aýnasy, radiatorynyň öňündäki torly bamperi, garaldylan faralary we yzky çyralary, bürünç reňkli diskleri bilen tapawutlanar.

Täsinlikler äleminde

«Samsung» smartfonlary planşet hem bolar Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen smartfonlar özüniň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Bu işde Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi özüniň täze smartfonlary üçin patent aldy. Kompaniýanyň täze smartfon görnüşini iki tarapa uzaldyp, planşet ýerine hem ulanyp bolar. Ýakyn wagtda koreý tehnologiýa kompaniýasy täze görnüşli bu smartfonlaryň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Tehnologiýa ägirdi soňky ýyllarda täze görnüşli önümleri bilen dünýä bazarynda öz ornuny berkidýär. Mundan ozal, kompaniýa özüniň eplenýän «Galaxy Fold» modelleri bilen smartfon bazarynda täzelik döredipdi. Kompaniýanyň şu ýylda satuwa çykaran «S 22» önümi hem alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.

Gözelligiň göwheri

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tebigy aýratynlyklary, ykdysady mümkinçilikleri hem gaýtalanmajak gözelligi bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz 6-njy maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara we dynç alyş-sagaldyş merkezlerine, beýleki şypahanalara, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş merkezlerine seretmegi tabşyrdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlar üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksatlarynda Awazada dynç almagyň tertibi we käbir guramaçylyk wezipeleri kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has-da amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli görkezmeleri berdi. Bu zolakda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi. Şu ýylyň 15-nji maýyndan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi açyldy. Bu ýerdäki tomusky dynç alyş möwsümi ýörite Dolandyryş merkezi arkaly dolandyrylýar. Awazada dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk üçin elektron rugsatnama resmileşdirmelidirler. Bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda ýola goýuldy. Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige

Dostlukly döwletlere syýahat

Türkmen akyldaryny sarpalap Türkmen edebiýatynda özüniň şahyrana döredijiligi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dünýäniň halklary uly sarpa goýýar. Goňşy Özbegistan döwletinde hem türkmen şahyrynyň hormatyna birnäçe ýadygärlikler bina edildi. Özbegistanyň iki şäherinde Daşkentde we Hywada türkmeniň akyldar şahyrynyň ýadygärligi ýerleşýär. 2017-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki Magtymgulynyň ady dakylan köçede türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Magtymgulynyň okap, bilim alan, «Gözel Şirgazy» diýip waspyny ýetiren medresesiniň ýerleşýän şäherindäki, ýagny Hywadaky Magtymgulynyň ýadygärligi bolsa baryp-ha 1996-njy ýylda açylypdy. Özbegistanyň paýtagtynda 2018-nji ýylda açylan «Aşgabat» seýilgähi iki dostlukly döwletiň mizemez dostlugynyň nyşany bolup, daşkentlileriň we şähere gelýän myhmanlaryň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi.

«Awaza» — gözel mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam, onuň saglygy we abadançylygy ugrundaky alada döwlet syýasatynda has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ýokary derejede dynç almagyny we saglygyny berkitmegini gazanmak babatda alnyp barylýan tutumly işler hem bu hakykatyň buýsançly subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy netijesinde türkmen Diýarynyň täsin hem-de gözel künjeginde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, şeýle-de häzirki zaman şypahanalary ynsan saglygyny berkitmekde we göwnejaý dynç almagyny guramakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegini, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny aýratyn nygtaýar hem-de bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Aýna köpri

Wýetnam döwletiniň «Mok-Çau» diýlip atlandyrylýan syýahatçylyk adasynda dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi guruldy. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda täsinlik hökmünde orun alan bu köpriniň uzynlygy 631 metre barabardyr. «Bah Long» diýlip atlandyrylan täsin köpri dereleriň arasynda 152 metr belentlikde ýerleşýär. Köpriniň gurluşygynda esasy önüm bolan aýna ýörite berklik esasda Fransiýada öndürilipdir. Köpriniň berkliginiň kepillendirilendigine garamazdan, onuň üstünden birwagtda 500-den artyk adamyň geçmeginiň öňi alnar. Täsin aýna köprüsi ýurduň syýahatçylyk adasyna gelýän jahankeşdeleri ýatdagalyjy täsinlik hökmünde özüne çekýär.