Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Gar harasaty»

Şeýle at bilen 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda türk dramaturgy Tunjer Jüjenoglunyň pýesasy esasynda režissýor Eziz Işangulyýewiň sahnalaşdyran adybir spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Durmuşa söýgi, nesilleriň dowamat dowam bolmagy ýaly belent duýgulary sahna dili arkaly tomaşaçylara ýetirýän spektaklda B.Garlyýew, A.Didarow ýaly ýaş zehinler bilen bilelikde halypa artistler E.Orazmyradowa, O.Durdyýew, M.Çaryýewa dagy baş gahrymanlaryň keşplerini ynandyryjy janlandyrýarlar. * * *

Parahatlyk — ýürek aýdymy

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar. Ýaşaýşyň süýjüligi parahatçylykda» diýen jümleleri tutuş halkyň, adamzadyň sesi bolup ýüreklerden orun alýar. häzirki zaman türkmen saz sungatynyň ussatlarynyň döredijiligine nazar aýlanyňda-da, parahat durmuşa söýginiň owadan owazlara öwrülip ýyllar içre ýaşap gelýändigine göz ýetirýärsiň. Parahat durmuşyň waspyna ýugrulan saz eserleri Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewiň döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär. Kompozitoryň dürli döwürlerde B.Kerbabaýew, G.Burunow, R.Seýidow, B.Japarow, K.Gurbannepesow, M.Myşşyýew, D.Agamämmedow, R.Alyýew ýaly çeper sözüň ägirtleri bilen döredijilik gatnaşygyny saklamagy netijesinde «Gurban Durdy», «Türkmenistan», «Gülle, mähriban Türkmenistan!», «Bagt», «Jahany goraň», «Watan», «Asudalyk esgeri», «Serhetçiler», «Illerim bar owadan», «Enäniň sesi», «Älemiň goragynda», «Dünýä — parahatçylyk», «Parahatçylygy goraň», «Ak kepderim», «Dostluk» ýaly aýdymlary bize ýadygärlik galypdyr. B.Kerbabaýewiň «Aýlar» poemasynyň esasynda ýazan «Abadan» operasy A.Kulyýewiň döredijiliginde aýratyn orna eýedir. Ol türkmen kompozitorçylyk mekdebinde Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan ilkinj

Türkmenabatly aýdymçy «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada dalaşgär

Türkmenabatly aýdymçy Farhat Öräýew «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2023» bäsleşiginde iň köp SMS habarnamasy gelen 10 aýdymçynyň arasyna goşulmagy başardy. Indi ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu adyň eýesi bolmak üçin bäsleşer. Lebaply aýdymçydan başga-da, bu at ugrunda aýdymçylar Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa we Ýegenmyrat Ýegenow dagy göreşer.

Türkmen aýdym-saz sungaty – ajaýyp eýýamyň ruhy waspçysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin hem yzygiderli aladalanýar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň ganaty bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek täze eýýamyň eşretli günlerinde uly rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde türkmen sungaty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik aladasy netijesinde, uly ösüşlere eýe bolýar. Aýdym-saz ugrundan ýurdumyzda ýygy-ýygydan geçirilýän festiwallar, bäsleşikler, medeniýet günleri bu ugruň ýaýbaňlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Kämil medeniýetiň hem-de sungatyň döremegine, yzygiderli ösmegine itergi berýän esasy zatlar ynsan durmuşynyň çuň manylylygy we onuň döredijilik güýjüniň köp taraply ösüşidir. Halk döredijiliginiň ähli ugurlarda gazananlaryna esaslanyp, has-da köp öwüşgünli, çuňňur eserler döredýär. Ata-babalarymyz aýdym-sazy durmuşda hemişelik hemrasyna öwrüpdirler. Aýdym-saz äleminiň ussatlarynyň her bir aýdym-sazy uly yhlas bilen döredendikleri mälim hakykatdyr. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň şägirtlerine: “Bir sazy döretmek bir daragty ösdürip ýetişdirençe bardyr, hatda ondanam kyndyr, azap ediň” diýen sözleri, Sary bagşy ýaly halypalaryň: “Türkmeniň aýdym-sazy giden akabadyr, azabyny çekmeseň, ondan saňa agyz suwam ýetmez” diýen pentleri ykba

Şygryýet äleminiň sönmez çyragy

Bagtyýar günleriň gujagynda, ajaýyp döwrümizden, toý-baýramly günlerden söhbet etmek nähili ýakymly. Zybanyň mowzukdan söz açyp-açmanka, ýüregiň gobsunýar, göwnüň joşa gelýär. Hatda: Ajap, aýdyň daňlar atýarGül Diýaryň gujagynda.Durmuş süýjäp, bala batýarGül Diýaryň gujagynda

Baky Bitaraplyga bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, «Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!» atly medeni çäre geçirildi. Dabarada hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň — dünýä dolan taglymatyň ýurdumyzyň abadançylygyna, dünýäde baky parahatçylygyň we dostluk-doganlygyň, durnukly ösüşiň ygtybarlylygy hökmünde ykraryýete eýedigi barada çykyş etdiler. Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Altyn Kakaýewanyň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, ýazyjy Döwrangeldi Agalyýewiň, halypa şahyr, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, «Gaýrat» medalynyň eýesi Süleýman Ilamanowyň, Döwlet kitaphanasynyň medeni köpçülik işleri bölüminiň ýokary derejeli kitaphanaçysy Ejebaý Durdyýewanyň çykyşlary örän täsirli boldy. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan alnan seýrek neşirler esasynda «Halkara Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

Nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» ady bilen dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär. 12-nji dekabra çenli dowam etjek hepdeligiň maksady halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoluny galkyndyrmakdan, täze eserleri sahnalaşdyrmak arkaly, milli teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmakdan, belli dramaturglaryň, nusgawy şahyr-ýazyjylaryň drama eserleri bilen teatr muşdaklaryny ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ispan dramaturgy K.Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», rus ýazyjysy A.Wolodiniň «Hoşlaşasym gelenok», özbek dramaturgy S.Ahmediň «Gelinler», şeýle hem özbek ýazyjysy E.Hojanyň «Giýewleriň bäsleşigi» ýaly gyzykly oýunlary tomaşaçylara hödürlenilýär. Bu teatrda hepdeligiň dowamynda belli şahyr, dramaturg Ahmet Gurbannepesowyň Magtymguly Pyragynyň belentden wasp eden gadymy hindi topragynda iki ýaş juwanyň arasyndaky päk söýginiň we wepalylygyň dessany bolan «Hindi rowaýaty» atly sahna oýny hem görkeziler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry bolsa fransuz dramaturgy K.Moneniň «Oskar», tatar dramaturgy Z

Halypalardan tälim alan

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýaşlary ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazandylar. Munuň şeýledigine milli aýdym-saz sungatynda olaryň gazanan üstünliklerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýaşlarymyzyň şeýle üstünlikleri gazanmaklarynyň sakasynda bolsa ýaş zehinleri ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur. Mugallym Döwlet Daňatarow 2016-njy ýyldan bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde zähmet çekip gelýär. Ol talyp ýaşlara milli senedimiz bolan dutaryň inçe syrlaryny öwredýär. Häzirki wagtda «Türkmen owazy» teleýaýlymynda onuň ýazgylary halk köpçüligine yzygiderli ýetirilýär. Mugallym mekdebiň hasabat konsertlerinde «Şelepli durna», «Zybagözel» ýaly türkmen halk sazlaryny halk saz gurallary orkestri bilen ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Sungat — kalplaryň köprüsi

Hakykatdan-da sungat halklary birleşdirýär. Sebäbi haýsy dilde sözleýändigine, nirede ýaşaýandygyna garamazdan, ylhamyň önümi bolan sungat eseri hemmeler üçin umumy hazyna. Ýurdumyzda öňňin badalga alan «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň meýilnamasyna girizilen spektakllaryň her biri barada şeýle sözleri aýdyp bolar. Hepdeligiň ilkinji gününde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary dünýä çagalarynyň uly söýgüsine eýe bolan «Maşajyk we aýy» hakdaky ertekini körpeje tomaşaçylara hödürledi. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry bolsa hepdeligi rus dramaturgy A.Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly sahna oýny bilen açdy. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly oýny görkezildi. Bu spektakl tomaşaçylary özbek durmuşynyň täsirli pursatlaryna aralaşdyrsa, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda başgyrt dramaturgy Mustaý Kerimiň «Aý tutulan gijesi» eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Akýigit we Zümerret» spektakly asyrlaryň aňyrsyndaky wakalardan gyzykly söhbetler guraýar. Osetin obasynda ýaýbaňlanýan wakalar beýan edilýän «Andro we Sandro» atly sahna oýnunyň görkezilişi-de tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Osetin dramaturgy Georgiý Hugaýewiň eseri esasynda goýlan bu

Baýramçylyk sergisi

Şeýle at bilen 6-njy dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde baýramçylyk sergi guraldy. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän fotosuratlar, muzeý gymmatlyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny täsirli beýan edýän döwürleýin neşirler serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan muzeý işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan beýik işleri barada aýratyn durup geçdiler.

Sungata sarpaly serkerde

«Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýi döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr» diýmek bilen, Milli Liderimiz ýurdumyzda muzeýleriň sanynyň barha artmagyna uly badalga berdi. Şeýle taýsyz tagallalaryň netijesinde, birnäçe orden-medallaryň eýesi, ilkinji serkerde bolan obadaşymyz Agaly Ysmaýylowyň Watan üçin, halkyň eşretli ýaşaýşy üçin janyny gaýgyrman bitiren hyzmatlary hakyndaky maglumatlary toplap, okyjylara ýetirmegi makul bildik. XX asyryň başlarynda kowçum-kowçum bolup oturan türkmen halky gün-güzeranyny ýekebaralaýyn hojalyk işleri bilen dolandyrýardy. Murgap etrabynyň öňki Soltanýaz obasynda (häzirki Türkmenistan daýhan birleşigi) hem şeýledi. Obalylar irden sygyrlaryny sürä goşardylar. Agaly hem özi ýaly birki sany oglanjyk bilen sygyrlary örä bakmaga äkiderdi. Ol hiç haçan tüýdügini ýanyndan aýyrmazdy. Onuň tüýdüginiň näzik owazy gözel tebigat bilen sazlaşyp ýaňlanyp başlardy. Günler şeýdip biri-birine sepleşip geçip durdy.

Aýdym-sazyň piri

Lebap welaýatynda ärsary ýoly türkmen bagşyçylyk sungatynyň özboluşly ugry bolup durýar... Aýtmaklaryna görä, baryp birnäçe asyr mundan öň bu ýerlerde bagşyçylygyň özboluşly ugry giňden ýaýrapdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ýazýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabynda «ärsary ýolunyň meşhur wekili» diýmek bilen, Myrat bagşy pir barada ýene şeýle belleýär: «Halk arasynda ol aýdym-sazyň ruhy hemaýatkäri Myratberdi pir ady bilen bellidir. Halk Myrat bagşynyň jaýlanan ýerinde, oňa aýratyn hormat goýup, kümmet galdyrypdyr. Şondan bärem keramatly ýeriň golaýyndan geçip barýan bagşylar, sazandalar oňa: «Eý, meniň hemaýatkärim, Myrat bagşy!» diýip ýüzlenýärler. Indi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ärsary ýolunyň düýbüni tutan uly ussada hormat goýup, bu ýere bagşy-sazandalar zyýarata gelýärler». Hormatly Arkadagymyzyň öz kitabynda Myrat bagşy pir barada ýatlamagy juda ähmiýetlidir. Sebäbi munuň özi milli aýdym-saz sungatymyzyň gaýtalanmajak ussady barada söhbet açmak isleýänleriň her biri üçin ynamdar hem örän gymmatly çeşmedir, milli sungatymyzy, medeniýetimizi, hatda bütinleý taryhymyzy düýpli öwrenmegiň bir çelgisidir. Bu uly bagşy baradaky anyk maglumatlaryň juda azdygyny göz öňünde tutanyňda, türkmen halkynyň milli Lideriniň sözüniň gymmatyna ýene has aýdyň göz ýetirmek bol

Taryhy taryply tagamlar

Taryhçylaryň Seljuk türkmen soltanlarynyň şahandazlygy, myhmansöýerligi baradaky ýazgylarynda olaryň toý-meýlisleriň tutumyny uludan tutandyklary, naz-nygmatly saçaklary giňden ýazdyrandyklary bellenilýär. Taryhçy Ýazyjy ogly Aly «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly işinde unaş tagamyny ilkinji bolup Türküstanyň şasy, Garahanly türkmen döwletini esaslandyran Bugra hanyň oýlap tapandygyny ýazýar. Şonuň üçin öňler unaşy «Bugra hany» diýip atlandyrypdyrlar. Orta asyrlarda türkmenler bugdaýa «aş», çörege bolsa «aşlyk» diýipdirler. Türkmen halk döredijilik eserlerinde:

Çagalaryň sungat ojagy

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi mekdepden daşary bilim-terbiýeçilik edaralarynyň düzümine degişli döwlet bilim edarasydyr. Onuň okuw binasy 480 okuwçy üçin niýetlenen. Mekdebiň okuw binasynda okuwçy ýaşlaryň we çagalaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilen. Kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen enjamlaşdyrylan bu ýerde okuw-usulyýet işlerini we mekdepden daşary bilim edarasynda ýola goýulýan çäreleri talabalaýyk alyp barmak üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan.

Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. 

Ýollara nur çaýýan ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, hemişelik Bitaraplygymyz buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Beýik işler bitaraplyk taglymatyndan gözbaş alyp, ýollarymyza, ykballarymyza nuruny çaýýar. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär.

Suratkeşleriň eserleriniň sergisi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda welaýatymyzyň suratkeşleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler merkezinde guralan sergide çeperçilik sungatynyň dürli ugurlaryndan bilim berýän halypa we ýaş suratkeşleriň nakgaş, grafika, heýkel, zergärçilik, keramika, haly eserleriniň 300-den gowragy görkezildi. Döredijilik eserleriniň temasy giň many--mazmuna eýe bolup, olarda nepis reňklerde ussatlyk bilen welaýatyň taryhynyň, gözel tebigatynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli eserler sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýakynda welaýatymyzda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly simpoziumyň dowamynda täze döredilen işler hem öz beýanyny tapdy. Sergini görmäge gelenler, halypa we ýaş suratkeşler ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň döwrebap eserlerini döretmek we dünýä ýaýmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ajaýyp eserleri bilen tapawutlanan suratkeşlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Dana şahyra belent sarpa

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ulus-ilimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häzirki şanly günlerinde berkarar Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan dabaraly maslahatlarda aýdyň göz ýetirip bolýar. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şatlykly wakanyň, hoş habaryň şanyna geçirilen dabaraly maslahat hem egsilmez ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan dürli kärdäki we hünärdäki bagtyýar ildeşlerimiz bilen bir hatarda, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahatda gyzykly çykyşlar diňlendi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleri tassyklamak boýunça kabul edilen Kararnama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem bu seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň

Altyn elli ussa

Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginde ýaşaýan, 60 ýaşyny tegeläp ugran, degişli bäsleşikde kärdeşlerinden mese-mälim tapawutlanyp, «Çeper halk döredijiliginiň ussasy» diýen hormatly ada eýe bolan Bäşim Welläýew ömrüniň agramly bölegini dutar senetçiligine bagyş edip, bagşy-sazandalary begendirip gelýär. Şonuň üçin Bäşim aganyň ýasan dutarlary häzirki döwürde diňe ady agzalan etrapda ýa-da sebitde däl, eýsem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, tutumly toýlarda bilbil bolup saýraýarlar. Piri güýçli senedi ýasamakda kemsiz adygyp, halypalyk derejä ýeten ussa, kesp-kärini öz zehinli ogly, ömrüni dutar senetçiligine bagyş etmegi ýüregine düwen Arslan Welläýewe-de öwretdi. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe senetçilige, aýratynam, dutar senetçiligine berilýän ünse guwanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyz hormatly Prezidentimizi çäksiz alkyşlaýarlar. hoş owazly, ajaýyp dutarlary bilen il-günümizi buýsandyrýan Bäşim aganyň we onuň perzendi Arslan ussanyň çekýän päk zähmetini, bilbil deý saýradylýan dutarlaryny görüp, dutarçy ussa we dutar ýasamak senetçiligi baradaky pikirlerimi şahyrana setirlere geçirdim.

Goňşy ýurtdaky dostluk toýy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günlerinden soňky oýlanmalar Türkmençilikde bir adam, maşgala, oba barada soralanda, olaryň häsiýetleri birin-birin sanalyp durulman, aglaba, ilki olaryň goňşy-golam bilen gatnaşygy agzalýar. «Gatnawy giň», «baryş-gelişli», «gelim-gidimli» ýaly bahalar öwrenýän-gyzyklanýanyň indiki berjek ençeme sowallaryna hem doly jogap bolýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň uzak ýyllaryň dowamyndaky tagallalary netijesinde ýurdumyz diňe bir goňşular bilen däl, eýsem, dünýäniň alys ýurtlary bilenem giň gatnawly, gelim-gidimli, sarpaly ojaga öwrüldi.