Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ýaş estradaçylaryň sungat baýramy

15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylar gatnaşdylar.

Arkadag şäherinde ýyldyzlaryň şuglasy

ŞAHSY MAGLUMAT: Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Kaka etraby.Tamamlan ýokary okuw mekdebi: Häzirki Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, 2012 — 2017 ý.Işleýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy.Üstünlikleri: «Ýaňlan, Diýarym! — 2009» telebäsleşiginiň, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşikleriniň ýeňijisi.Iň gyzykly güýmenjesi: Tagam taýýarlamak.

Arkadag şäherinde «Ýylyñ parlak ýyldyzy» bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi

Her ýyl asylly däbe görä Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi özüniň parlak ýyldyzyny saýlady. Bu bäsleşik Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirildi.  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagylar çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Gelin-gyz edebi – döwletli ojagyň ýaraşygy

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp - dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan birnäçe gymmatlyklarynyň, dünýäde türkmeni türkmen hökmünde ykrar etdiren medeniýetiniň, sungatynyň bardygyna buýsanýarys. Türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde ozaldan gelýän däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň tutýan orny bimöçberdir. Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýärler. Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler. Türkmençilikde gyz-gelin edebi barada juda köp gürrüňler edilýär. Munuň özi türkmeniň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagtda hem ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Gyz maşgalaly öý - ojagyň synagly, sylagly öýdügini ene-mamalarymyz ýönelige ündemändir. Çünki il arasynda üç gyz perzendi terbiýeläp ýetişdirip, abraý bilen il hataryna goşan enäniň ýalkawlydygy barada aýdylýar. Gyz-gelinleriň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz göz

Taryhyň çuňluklaryndan geljegiň belentliklerine

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly göwün göterýän dabaralara hem-de şatlykly wakalara juda baý boldy. Her güni bagtyň güli deýin görnen bu ýylyň üstünlikler dessesini jemlemäge az wagt galdy. Şatlykly habarlaryň goşa-goşadan gelmegi döwletliligiň alamaty, bu Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýratynlyklaryň biri. Ýylyň jemlenýän günlerinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bolup geçýän dabaralar, daşary ýurtlardan, halkara guramalardan gelip gowuşýan şatlykly habarlar öňde duran täze — 2024-nji ýylyň hörpüni, howasyny, howalasyny öňünden duýmaga häzirden şert döredýär. Geçen şenbe güni Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde guralan toý-dabara hem muny tassyklaýar. Türkmenistanyň Änew şäheriniň geljek ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bu gadymy şähere berlen göçme kubogyň gowşurylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Ýaşlary arzuwyna gowşurýan mekan

15-nji dekabrda Arkadag şäheri ýene-de bir sungat baýramçylygynyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýurdumyzyň zehinli aýdymçy ýaşlarynyň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhynda iň bir ýatda galyjy waka öwrülen «akylly» şäheriň açylyş dabarasyndan bäri bu ýer dürli medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Sungatyň gülläp ösýän şäherinde geçirilen türki halklaryň opera aýdymçylarynyň konserti, «Arkadagyň säheri» halkara kinofestiwaly, V Wena baly ýaly medeni çäreler ildeşlerimize hem-de daşary ýurtly myhmanlara ruhy lezzet paýlady.

Aýdym-saz sungaty — göwünleriň ganaty

Berkarar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde bagtyýar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len birlikde, hal­ky­my­zyň milli mirasy kämilleşip, ru­hy dün­ýä­si­ has hem baý­laş­ýar. Merdana hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bo­lan aý­dym-saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek we dünýä ýaýmak boýunça «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän başlangyçlar giň gerime eýe bolýar. Aýdym – adamlaryň göwün syrdaşydyr, haçanda aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, köň­ülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany tä­ze-täze üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň aja­ýyp bir aý­ra­tyn­ly­gy­dyr, ol ynsanyň tutuş öm­rü­niň hem­ra­sy­dyr.

Aýdym-sazly eziz Diýar

Arkadag şäherinde «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi Bu gün eziz Diýarymyz toýdur baýramlara, şanly wakalara, aýdym-sazlara beslenýär. Milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ugurda il-ýurt ähmiýetli beýik işler durmuşa geçirilýär. Ösüşlerden-ösüşlere barýan ýurdumyzda aýdym-saz sungatymyz, milli medeniýetimiz ýokary derejede ösýär.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi

Arkadag şäheri, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, şonuň bilen halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklarynyň, baý aýdym-saz medeniýetiniň üstüni ýetirmäge ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berilýär we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi

Arkadag şäheri, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, şonuň bilen halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklarynyň, baý aýdym-saz medeniýetiniň üstüni ýetirmäge ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berilýär we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar.

Sungat halklary ýakynlaşdyrýar

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Mary welaýatynda guralan amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherinde geçirilen dabaraly çäreler türkmen-eýran halklarynyň beýleki ugurlar bilen birlikde, medeni hyzmatdaşlygynyň hem pugtalanýandygyny görkezdi. Myhmanlar gadymdan gelýän asylly däplerimiz bolan myhmansöýerlik bilen garşylandy. Soňra dabara gatnaşanlar welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde iki ýurduň amaly-haşam we mozaika sungatynyň ussatlarynyň çeperçilik bilen ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdylar. Döredijilik toparlarynyň eserlerinde tebigat gözellikleri, ýaşaýşa, durmuşa söýgi, parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary öz beýanyny tapýar. Dostlukly döwletiň wekilleri milli gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimize, haly önümlerimize, nakgaşçylyk sungatymyza uly gyzyklanma bildirdiler. Soňra Eýranyň mozaika sungatynyň hünärmenleriniň ussatlyk sapaklary guraldy. Goňşy ýurduň wekilleri bu sungatyň döreýşi, ösüşi we ony has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Döredijilik toparlarynyň el hünärinden ajaýyp eserler döredi. Myhmanlar bu sungata biziň ýurdumyzda-da uly üns

Türkmen-eýran gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Häzirki wagtda ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Muňa 14-15-nji dekabrda Mary welaýatynda guralan Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi aýdyň mysaldyr.

Sungat ussatlarynyň şowhunly konserti

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeni mirasyny düýpli öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, baý medeni mirasymyz aýdym-sazlaryň, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Ata Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň ählisinde hem aýdym-sazly dabaralar öz mynasyp ornuny tapýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde hem ähli ýerlerde dabaralar, aýdym-sazly çykyşlar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary Begmyrat Annamyradowyň, Gülşat Gurdowanyň, Durdy Durdyýewiň, Arslan Gulmämmedowyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdymlar hem şowhunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galdy. Täze ýyl baýramyna bagyşlanan konserte aýdym-saz sungatynyň muşdaklary höwes bilen gatnaşyp, bezemen sahnada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň belent owazda ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny uly ruhubelentlikde dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa — halk­la­ry je­bis­leş­dir­ýän dostluk köprüsi

Häzirki ösen eýýamymyzda ýurduň syýasy, ykdysady durnuklylygyny saklamak, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan, umumy bähbitleri nazarlaýan dostana gatnaşyklara bagly bolup durýar. Şol gatnaşyklaryň binýadynyň berk bolmagyna bolsa medeni diplomatiýa gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Çünki islendik halkyň dilini bilseň, oňat pikir alşyp, medeniýetini, milli däp-dessuryny bilseň, kalbyna barýan inçe ýoly yzarlap bolýar. Bu babatda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ençeme ýurtlary, halkara guramalary bilen ýola goýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň häsiýete eýedir. Medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy - Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) ýaly iri halkara guramalary bilen maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde halklaryň, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar. Her ýylda edebi ýygnanyşyklar, opera, teatr, saz, tans festiwallary, forumlary, medeniýet we sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmaklary hem-de her bir halkyň özüniň medeni däp-dessurlaryny wagyz etmekle

Diýaryň jahankeşdesi

Ol çagalykdan medeni ýadygärliklere, milli miras bilen bagly zatlara imrinerdi. Taryhy ýerler bolsun, el senedi bilen bagly gural bolsun, parhy ýok, Şirin oňa durky-düýrmegi bilen berlerdi. Kakasynyň taryha, mirasa dahylly süýji gürrüňlerinden gulagyny gandyran gyzyň hyýallary ony alyslara äkiderdi. Şirin hyýalynda gadymy Köneürgenje, Merwe seýran ederdi, çünki bu gadymy ýadygärlikler hakda mekdepde geçilýän taryh dersinden kän zatlar öwrendi. Ese-boýa galyp başlandanam, Şiriniň bar küýi taryhy kitaplarda boldy. Şeýde-şeýde, ol ykbalyň salgy beren ýoluny yzarlap, alymlyga ýetdi, ajaýyp zenan, ussat taryhçy, ezber mirasgär hökmünde ykrar edildi. Hawa, Şirin Gylyçmedowa durmuşda arzuwlarynyň salgy beren ýoluny dürs tapan zenanlaryň biridir. Şiriniň hem alymlyk, hem žurnalistlik ukyby özara utgaşyp, «Miras» teleýaýlymynda yzygiderli berilýän gepleşiklerdäki alypbaryjylygy bilen sazlaşyp, ony ýurdumyzyň iň bir meşhur medeniýet işgärleriniň hataryna goşdy.  Ykbal. Ol her bir ynsana arzuwdyr hyýallary esasynda örklenen durmuş ýoluny salgy berýär. Umytlaryň yzynda ser-sepil bolup ýaşaýan, wysala tarap ädimleýän her bir ynsan, ýüreginiň sesine we täleýiniň salgysyna dogry düşünse, onuň derejeli ykbala eýe boljakdygy ikuçsuz. Ine, biziň bu alymymyz hem hut şeýle arzyly takdyra eýe bolan zenanlardan. Taryhy ýadygärlikler baradaky söhbetler, başda-da belleýşimiz ýaly, Şirin en

Öz işiniň ussady

Sun­gat jem­gy­ýe­tiň pi­kir edi­şi­ne, dün­ýä­ga­raý­şy­na tä­sir edip, mil­li dü­şün­jä­niň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Su­rat, heý­kel, saz we beý­le­ki sun­gat eser­le­ri, edebiýat is­len­dik hal­kyň ta­ry­hy geç­mi­şi­ne, aý­ra­tyn­ly­gy­na dü­şün­mä­ge ýa­kyn­dan ýar­dam ed­ýär. Biz hem žur­na­ly­my­zyň şu sa­nyn­da ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­riň keşp­le­ri­ni, sun­gat we me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň port­ret­le­ri­ni, halk dur­mu­şy­ny hem aňy­ýe­ti­ni şöh­le­len­dir­ýän, aja­ýyp tas­la­ma­la­ry dö­red­ýän us­sat­la­ryň bi­ri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň iki ge­zek, «Türk­men be­de­wi­niň gö­zel­ligini wasp etmek boýunça» bäs­le­şi­giň we Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li heý­kel­ta­raş­la­ryň hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň heý­kel­ta­raş­lyk ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Pat­dyk Pat­dy­kow bi­len söh­bet­deşligimizi okyjylara ýetirmegi ma­kul bil­dik. — Pat­dyk mugallym, il­ki bi­len, sun­ga­tyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň için­den heý­kel­ta­raş­lyk äle­mi­ni özü­ňi­ze ba­ky hem­ra edi­nip, onuň syr­ly bo­sa­ga­syn­dan nä­hi­li äden­di­gi­ňiz dog­ru­syn­da aý­dyp be­räý­se­ňiz!

Göwünleri ganatlandyran hoş habar

Bedew — türkmeniň göwün syrdaşy. Taryhyň dowamynda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň göwnüne ganat berip gelipdir. Sebäbi ol türkmeniň kyn gününiňem, şat günleriniň-de şaýady. Ýelden-Günden goraglap, tagamlaryň iň gowusyny, iň ýokumlysyny iýdirendigi, çaga terbiýeleýän dek käýerde zabun, käýerde mährem bolandygy üçin-de türkmen zeminde deňsiz-taýsyz bedew tohumyny kemala getiripdir. Bu gün bolsa toýlarymyzyň ýaraşygy ahalteke bedewlerimiz bilen baglanyşykly hoş habar ýene-de türkmeniň göwün guşuny al-asmana göterdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar her bir türkmen ojagyna toý buşlugy bolup doldy. Türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunda dünýä jemgyýetçiligi bize iň bir ajaýyp sowgatlaryň birini etdi. Çünki türkmen üçin çagasy, bedew aty bilen baglanyşykly hoş habar ýaly uly şatlygy tapyp bolar öýdemzok. Sebäbi bu hoş habar halkymyzyň kalbyna goýlan beýik hormatyň nyşany. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan kemala gelen ajaýyplygy tutuş dünýä ýüzüniň öz baýlygy hökmünde sarpalaýandygy hakdaky buýsanç kelamy.

Dostlukly gatnaşyklaryň miwesi

Düýn Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklaryň, şol sanda medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini, şu günki sergide bolsa halklaryň milli gymmatlyklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga özboluşly ýardam berýändigini buýsanç bilen nygtadylar.

Halklary birleşdirýän sungat

Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, saz-söhbet, şahyrana söz bilen, pähim arkaly köňüller birleşsin. Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar» diýen sözleri hemişelik Bitaraplyk toýuny toýlaýan günlerimizde geçirilen çäreleriň, dabaralaryň beýanyna öwrüldi. Şeýle pikirleri Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen baýramçylyk konserti babatda-da aýdyp bolar. Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileriniň, döredijilik işgärleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen konsert «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Meňli», «Näzli», «Aşgabat», «Galkynyş», «Dokmaçylar», «Serpaý», «Miras» toparlarynyň we ýurdumyzyň folklor toparlarynyň çykyşlary sungatyň birleşdiriji güýje eýedigini görkezdi. Estrada aýdymçylarymyzyň gyrgyz, gazak, täjik, özbek, azerbaýjan, nemes, ýapon, fransuz, hindi, koreý, hytaý, iňlis, italýan, rus, ispan, türk we arap dillerin

«Ak gäminiň» ak ýoly

Şu ýylyň 7-12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi. Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň teatrlarynyň döredijilik toparlary bilen birlikde, bu festiwala ýurdumyzdan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Ildeşlerimiz bu festiwalda Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eseri esasynda Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran spektakly bilen Gyrgyz Respublikasynyň milli akademiki drama teatrynda çykyş etdiler.