Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Köňülleriň şatlygy

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynyň kiçi zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Agzybirligiň, şatlyk-şowhunyň, berekediň baýramy bolan Täze ýyl hemmeleriň, aýratyn-da, çagajyklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylykda adamlar birek-birege sowgat berip, şirinden-şirin arzuw edýärler. Bu baýramçylyk halkymyzy bir suprada jemleýär, il agzybirligini, dostlukly gatnaşyklary berkidýär. Adamlaryň köňüllerine mähir we tükeniksiz şatlyk bagyş edýän Täze ýyl baýramçylygy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär.

Belentden ýaňlanan owazlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony ajaýyp döwrümiziň belent maksatlaryna laýyklykda baýlaşdyrmak ugrunda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berlip, bu ugurda dürli döredijilik bäsleşikleri guramaçylykly geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigi ýokary guramaçylykly geçirildi.

Sungat — köňülleriň joşguny

Ýetip gelýän Täze ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ruhubelentlige beslendi. Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen aýdym-sazly dabaranyň maksady zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýaşlaryň aýdym-saz medeniýetimize bolan gyzyklanmalary has-da artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-saz sungaty barha kämilleşýär. Olaryň zehinlerini açyp görkezmeklerinde ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda aýdylanda, her ýylda geçirilýän bäsleşikleriň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyny, aýdym-saz medeniýetimizi baýlaşdyrmakda goşýan goşandy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäginde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şolarda aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar. Her ýylda geçirilýän bäsleşikler ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäginde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şolarda aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar. Her ýylda geçirilýän bäsleşikler ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.

Gylyçdurdy DURDYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi:

— Şu gün meniň durmuşymda iň bir ýatdan çykmajak günleriň biri. Aýdym-saz — ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan ajaýyp sungat. Onuň özeni mähirden püre-pür. Çünki islendik eseriňe mähir, söýgi siňdirip, yhlas etseň, ol sungata öwrülýän eken. Men gyzgalaňly hem çekeleşikli geçen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigine öňem birnäçe gezek gatnaşypdym. «Üstünlik erjellige bagly» diýlişi ýaly, ruhdan düşmän, halypalaryň gymmatly maslahatlaryny sapak edinip, täze-täze aýdymlaryň üstünde işlemegimi dowam etdirdim. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme kuboga, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldum, şeýle-de bäsleşige gatnaşan aýdymçylar bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandym. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň «Senmidiň?» aýdymyny ýerine ýetirdim we Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Bu derdi» aýdymyna sazsyz hiňlenip berdim. Aýdymlarymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanmagy meni örän begendirdi. Özüm çagalygymdan bäri aýdym-sazyň muşdagy. Sungat ýolunda maňa ýaşlykdan agam Yslam Durdyýew aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýadyma düşýär, ilkinji aýdan «Näzli dilber» atly aýdymym sungat muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy. 201

Durdy Durdyýew — Ýylyň parlak ýyldyzy

Uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze zehinleri ýüze çykarmaga, olary döredijilige höweslendirmäge, häzirki zaman aýdym-saz sungatyny ösdürmäge gönükdirilen bäsleşikler yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Onuň birinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda Züleýha Kakaýewa, Begenç Çaryýew, Ahmet Atajanow, Nurýagdy Rejepow, Atajan Berdiýew, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa ýaly birnäçe zehinli aýdymçylar «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada mynasyp bolupdylar.

Ýaňlansyn dünýäde dostluk mukamy!

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halkara ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirmekde alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň nyşanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenilmegi hem ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döretdi. Bu ugurda milli şahyrymyzyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek.

Milli oýunlar

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li oýun­la­ry geç­miş­de hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň mö­hüm bir bö­le­gi bo­lup, ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­len ýö­rel­ge­le­riň we däp-des­sur­la­ryň bir bö­le­gi­dir. Bu oýun­lar di­ňe bir sy­lag-hor­mat, dost­luk we bag­la­ny­şyk gur­mak üçin däl, eý­sem ýaş­la­ry ru­hy we be­den taý­dan ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mil­li oýun­la­ryň türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we te­biga­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de bel­li ba­ha­sy ýok­dur.

Maksat — iň gowusy bolmak

Çagalar, hany aýdyň, haýsyňyz surat çekip bilýärsiňiz?! Şu wagt köpiňiziň «Men-de men» bolşanyňyzy bilýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda zehinlije, onda-da çeperçilik sungatyna ukyplyja çagalar juda kän. Ine, şolaryň birnäçesi Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Bu mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan 14 ýyl ozal täzeden açylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda häzirki wagta çenli ýurdumyza belli nakgaşlar, heýkeltaraşlar we çeperçilik sungatynyň beýleki wekilleri bolup ýetişen ýaşlaryň ençemesi hut şu mekdebiň uçurymlary.

Onore de Balzak (1799 — 1850)

Onore de Balzak fransuz halkynyň meşhur ýazyjysy hem-de dramaturgydyr. Ol 1799-njy ýylda Fransiýanyň Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawçy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma Balzak eýýäm ýetginjek döwründe bütin ömrüni edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Netijede, ol 1823-nji ýylda ilkinji eserini döredipdir. 1825 — 1828-nji ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Balzak günde 15 sagada golaý döredijilik bilen meşgullanypdyr, kofe içmegi-de halapdyr. 1830-njy ýylda neşir edilen «Gobsek» powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Balzagyň ondan soň döreden «Şagren derisi», «Gorio ata», «Ýewgeniýa Grande», «El üzülen arzuwlar», «Polkownik Şaber», «Sezar Birotto» we «Lui Lamber» eserleri eýýäm öz döwründe dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Balzak ençeme powestdir roman ýazypdyr. Ol ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa «Adamzat komediýasy» diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriniň ählisi belli bir derejede özara baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir. Zehinli ýazyjy 1845-nji ýylda «Hormat legiony» ordenine mynasyp bolýar.

Kalby aýdymly zehin

Kiçiliginden aýdyma hiňlenýän Leýli zehinli aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Şol sebäpden ykbalyny aýdyma baglamaga höwes edýän Leýli Jepbarowa aýdym aýtmagyň ilkinji ýollaryny başda Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Mähri Berdikulyýewadan öwrendi. Ol Mary şäherindäki «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, bu ugurdan ilkinji bilimini özleşdirdi. 2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde tejribeli mugallym Ejeş Baýjaýewadan bagşyçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle-de Leýli Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewany hem-de Läle Begnazarowany özüniň gaýybana halypasy hasaplaýar. Olaryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öz sungat ýoluny barha kämilleşdirýär.

Türkmen döwlet gurjak teatryna gezelenç

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Şol ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet gurjak teatry hem il-günüň iň bir gelim-gidimli ojaklarynyň birine öwrüldi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze kaşaň binasy açylan Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýerleşýän ýeri we umumy keşbi milli äheňli binagärlik sungatyny has aýdyň açyp görkezýär. Äpet uly desganyň öňünde ilki bilen asuda durmuşyň alamaty hasaplanýan «Tawus guşunyň» heýkeli, şeýle-de «Mämmetjan» ertekisiniň batyrgaý gahrymanyna bagyşlanan heýkel taslamasy garşy alýar. Bu ajaýyp heýkel eserleriň awtorlary Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen onuň zehinli şägirtleridir. Reňklenen poliesterden ýasalan heýkel eserleri şadyýan hem gyzykly durmuşyň aňlatmasy hökmünde bagtyýar çagalygyň gapysyny açýar. Şonuň esasynda Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, gyzykly teatr sahnalaryna tomaşa etmäge gelýän uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem täsir galdyryjy ýerleriň birine öwrüldi.

Aýazbabanyň agtygy

Täze ýyl diýilse, ilki bilen, kim ýadyňyza düşýär?! Bezelen arça bilen eli uzyn hasaly Aýazbaba göz öňüňize gelýärmi?! Gelýändir. Mende-hä şeýle. Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde, men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Aslynda, Aýazbaba garaşmaýan çaga barmy diýsene. Aýazbabanyň agtyjagy Garpamygyňkydan hezili ýok. Hemmeler Aýazbaba bilen Garpamyga garaşýarlar. Ynanmasaňyz, synap göräýiň, Täze ýylda Aýazbaba bilen birlikde hökman Garpamygyň hem adyny tutup çagyrýandyrlar. Olar nirä gitseler, hemişe bileje gidýärler, bileje şatlanýarlar. Olary bir-bireksiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şol sebäpli, Garpamyk hiç wagt Aýazbaba garaşman, ak sakgally babasynyň ýanynda bolýar. Biziň hem Aýazbaba ýaly babamyz bolsady...

Gujurly ýaşlaryň döredijilik dünýäsinde

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, uçurymlarynyň, şeýle-de talyplarynyň «Gujurly ýaşlar — 2024» atly döredijilik sergisi dowam edýär. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabrynda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik sergisiniň nobatdaky tapgyry, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ýaşlaryň başarnygyny artdyrmak, şeýle-de halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmek, şonuň bilen birlikde ýokary okuw mekdebimizi tamamlan uçurymlaryň hem sergä gatnaşmagyny gazanmak, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak maksady bilen geçirilýän döredijilik sergisinde 365 eser görkezilýär. Açylyş dabarasynda çykyş eden halypa mugallymlar, ussat suratkeşler, heýkeltaraşlar, görnükli sungat işgärleri zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, sungatyň dürli ugurlary, şol sanda halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň kämilleşmeginde serginiň uly ýardamynyň bardygyny bellediler.

Şa serpaý — ykbaldan uly paý

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar we seneler mynasybetli döredijilikli hem-de halal zähmet çekýän ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Asylly däbe eýerip, 10-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Döredijilikli we yhlasly zähmetiň sarpasy

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşant goşan, dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, şeýle-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, biz hem döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ömre ýakym, ýalkym şa serpaýyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bizem Şa serpaýyndan paýly halypalarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara söz berýäris.