Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Sport, teatr we kino — meniň durmuşym

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Zehinli artist 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyna mynasyp boldy. Üstünlikli, hoşroý, gujurly artist sport bilen meşgullanmaga hem wagt tapýar. Ol sagdyn durmuş ýörelgesini, dogry iýmitlenmegi ösdürýär we hemmeleri sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär. 32 ýaşly aktrisany diňe bir teatryň sahnasynda däl, eýsem sport zallarynda-da görmek bolýar. Ol özüne seretmäge wagt aýyrmagy, ýöremegi, dogry iýmitlenmegi öz üstünliginiň syry hasaplaýar. Golaýda Şemşat Kasymowa bilen teatr we kino sungatyndaky döredijilik ýoly barada söhbetdeş bolduk.

Türk­men nak­gaş­çy­ly­gyn­da Mil­li oýun­la­r

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy­na ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri giň or­na­şan gö­reş, at ça­py­şy­gy, ow­lak gap­dy, ýaý­dan ok at­ma ýa­ly mil­li oýun­la­ry­my­zyň gör­nüş­le­ri­niň was­py nak­gaş­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan la­byz­ly be­ýan edil­ýär. El­bet­de, spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­niň göz­ba­şyn­da her bir mil­le­tiň ýa­şa­ýyş dur­muş şe­rt­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da mil­li oýun­la­ryň bar­dy­gy, olar­dan ruh­lan­ýan­dy­gy mä­lim­dir. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze mi­ras go­ýan, ýaş nes­li spor­ta hö­wes­len­dir­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len mil­li oýun­la­ry­my­zy çe­per be­ýan et­mek­lik he­mi­şe ze­rur­ly­gy­ny do­wam ed­ýär.

Ýatlamalar durmuşyň bezegi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dö­re­di­ji­li­ge gö­wün be­rip, te­at­ra we ki­no sun­gat­la­ry­na muş­dak bo­lan Be­genç Ho­ja­ýew şol ugur­dan bi­lim al­sa-da, soň­lu­gy bi­len ne­si­be­si­ni baş­ga ul­gam­dan göz­läp­dir. Em­ma ol hä­li-şin­di ha­ly­pa ar­tist­ler, re­žiss­ýor­lar bi­len pi­kir al­şyp dur­ýar. Şol gür­rüň­deş­lik­ler­de eşi­den wa­ka­la­ry­ny bol­sa ka­gy­za ge­çi­rip, oky­jy­lar bi­len paý­laş­mak üçin re­dak­si­ýa ibe­rip­dir.

Änew — müňýyllyklaryň medeniýet sallançagy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara badalga berildi 26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Bu halkara medeni çäre çuňňur taryhy kökleri we umumy däpleri bolan halklaryň medeniýetini baýlaşdyrýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylmalaryň aýdyň nyşanydyr.

Toý donuny geýdi Änew

Hepdäniň başynda toý donuny geýen gadymy Änew şäherini görmäge göz, wasp etmäge söz gerekdi. Ýokary derejede geçirilen dabaralar, aýdym-sazyň owazy, gül-gülälege bürenen «Nowruz ýaýlasynyň» görküne görk goşdy. Şol dabaraly günde «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen söz ýüregimizde ýaňlandy durdy. Türki dünýäsiniň medeni paýtagty! Bu barada oýlananyňda, adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň ählisini öz içine alýan medeniýet düşünjesi bilen baglanyşykly ýakymly duýgular kalbyňa dolýar. Adamzat taryhyň tutuş dowamynda ruhy isleglerini kanagatlandyrýan, güýç-kuwwat berýän sungaty özüne hemra edinip gelýär. Ynsanlar söýýän kärleri bilen meşgullanyp, özleri duýmazdan hem sungat eserlerini döredipdirler. Her bir halkyň döreden sungaty biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, türki halklaryň medeniýetindäki meňzeşlikler, umumylyklar haýran galdyrýar. Şol umumylyklar bu günem doganlyk halklaryň kalplaryny birleşdirmäge ukyply güýje eýedir. Biz munuň şeýledigine «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere badalga bermek dabarasynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Halkara metbugat maslahaty tejribe alyşmak we uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli ýurtlary bilen döredijilikli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Muňa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahatynyň geçirilmegi aýdyň mysaldyr.

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň “HEC Montreal” we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli ýurtlary bilen döredijilikli, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyryl

Myhmanlar «akylly» şäherde

26-njy mart­da Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.

«Kompozitor» — täze film

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 3 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly doly göwrümli çeper filmi surata düşürdi. Filmiň surata düşürilmegine haýyr-sahawat gaznasy ýakyndan ýardam berdi. Onda ýaş kompozitoryň tebigy zehini, çagalyk döwründen ýigitligine çenli ýazan sazlary we başdan geçirmeleri barada täsin wakalar gürrüň berilýär. Täze filme 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, «Watan» habarlar gepleşiginiň 21:00-daky goýberilişinden soňra, «Altyn asyr», «Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» hem-de «Arkadag» teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Tarypy dillerde, ady älemde, Dostlugyň baýramy bu gün Änewde

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Gündogaryň buýsanjy

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlaryndan gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Arkadagly eýýamymyzda türkmen topragynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde amala aşyrylan beýik işleriň mynasyp waspyna öwrülen bu forum beýik ösüşlerimiziň ýagty ynamy bolup, çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýagty geljegiň güwäsi

27-nji martda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata dünýäniň onlarça döwletlerinden meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda beýan edilýän anyk taryhy maglumatlar hem onuň ylmy subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigi baradaky taryhy maglumatlary täsirli beýan edýär.

Änew şäheriniň medeniýet öýünde halkara ylmy maslahat geçirildi

Änew şäheriniň medeniýet öýünde 27-nji martda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy

Ahal welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň jemleri boýunça biragyzdan kabul edilipdi.

Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy

Ahal welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň jemleri boýunça biragyzdan kabul edilipdi.

Türkmen topragy — siwilizasiýalaryň ojagy

Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan meşhur taryhçylary, sungaty, medeniýeti öwrenijileri türkmen topragyna jemlän «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň çäklerinde maslahata gatnaşyjylaryň Änew galasyna, Seýit Jemaleddin metjidine baryp görmegi, bu gadymy medeniýete bagyşlanan sergi bilen tanyşlygy has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Luiza PAMPELLI, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, alym:

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaýbaňlandyrylan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy, sözüň doly manysynda, dost-doganlygyň baýramyna öwrüldi. Munuň şeýledigine dabara gatnaşan doganlyk ýurtlaryň wekilleriniň buýsançly sözleri-de güwä geçýär. Toktobek ASANALIÝEW, Gyrgyz Respublikasyndan, aýdymçy:

Magtymgulynyň sahna keşbini ilkinji janlandyran

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň halk artisti, türkmen milli teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Aman Gulmämmedowyň öý muzeýi açyldy. Bu çärä ussat dramaturgyň şägirtleridir teatr artistleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen döwlet drama teatryna ussat artist, režissýor, dramaturg Aman Gulmämmedowyň ady dakyldy.

Kerkide gül açan zehin

Annamyratda aýdym-saza bolan höwes çagalykdan döredi. Ol özüni bilip başlandan mydama aýdyma hiňlener ýörerdi. Ejesidir kakasy perzendiniň aýdym-sazyň heserli dünýäsine aralaşýandygyny aňyp, oňa ruhy goldaw berdiler. Günsaýyn kämilleşýän Annamyradyň hoş owazly aýdymlaryna diňe öýündäkiler däl, deň-duşlary-da, synpdaşlary-da maýyldy. Şeýlelikde, onuň aýdymlary mekdepde, etrapda geçirilýän dabaraly çärelerde ýaňlanyp başlady. Ony şirin owazly aýdymçy hökmünde tanap ugradylar. Annamyrat Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 28-nji orta mekdebini tamamlanyndan soňra harby gulluga çagyrylýar. Ol Kerki şäherindäki harby bölümde gulluk borjuny berjaý edýär. Şol döwürde-de aýdym-sazdan arasyny üzmeýär. Harby bölümiň aýdym-saz toparynda çykyş edýär.

Milli miras — milletiň mertebesi

Eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenip, ýagty geljege sary batly gadamlar bilen barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmek, öwrenmek hem-de Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek ugrunda netijeli işler yzygiderli amal edilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli we ynsanperwer gatnaşyklary has giň gerime eýe bolýar. Bu gün milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde öwrenmekde, täze derejä götermekde ýetilen sepgitleriň we üstünlikli alnyp barylýan işleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň netijeli görkezijisidigini buýsanç bilen bellemek bolar. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň baý mirasynyň umumadamzat medeniýetiniň irki we kämil nusgalarydygyny dürli ýyllaryň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag gözlegleri hem tassyklaýar. Bu hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly eserinde: «Älemiň dörän döwründen gözbaş alýan we dünýäniň medeni ösüşiniň sallançagyny üwrän milli mirasymyz halkymyzyň çeper aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim we parasat terezisidir» diýip belleý