Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Gelse Nowruz äleme...

Nowruz adamzat taryhynda ilki dörän baýramçylyklaryň iň gadymylarynyň biridir. Has irki döwürlerde Nowruz baýramynyň dabaraly bellenilmegi köpleriň kalbyny joşa getiripdir, oňa hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Çünki Nowruz bütin Gündogaryň Täze ýyl baýramydyr. Nowruzda türkmen ýazynyň ysy, säheriň päkligi duýulýar. Aý-Günüň hereketi, ýylyň, pasyllaryň, tebigatyň kanunalaýyk çalyşmagy, gije-gündiziň deňleşmesi bolup geçýän Nowruzda gyşyň tamamlanyp, baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmasy başlanýar. Bu gün daýhanlar uly umyt bilen täze hasylyň düýbüni tutýarlar. Bu hakda halk arasynda: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli», «Nowruzda ygal hiç bolmanda, geçiň şahyny ezse-de, hasyla garaşyber» ýaly aýtgylar bar. Gündogaryň söz ussatlary Abu Reýhan Biruni «Geçen nesillerden galan ýadygärliklerinde», Mahmyt Kaşgarly «Türki dilleriň diwanynda», Nowaýynyň halypasy Lutfy «Gül we Nowruz» eserinde, Omar Haýýamyň «Nowruznamasynda» Nowruz baýramçylygy, onuň halk arasynda bellenilip geçirilişini, ony bellemekde Gündogar halklarynyň örän gowy däp-dessurlary ýerine ýetirendiklerini beýan edýär. Sebäbi bu şanly sene örän köp halklarda giňden bellenilýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen ýaýlasy al-ýaşyl çemenzarlyga öwrülýär. Owlak-guzularyň sesi, guşlaryň şirin mukamlary — bularyň ählisi pasyllaryň soltany baharyň gelendigini buşlaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy hem beýlek

Asyrlaryň aýdymy: türkmen-täjik dostlugy

Türkmen-täjik halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Dostluk barada täjik şahyry Abu Abdylla Rudaky: «Jahanyň şatlygy toplansa bütin, // Dostlar didaryndan bolmaz ol üstün» diýse, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy: «Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, // Barsaň depesine täç eder seni» diýýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz we sungatymyz, Magtymguly Pyragynyň umman paýhasly şygryýeti goňşy we dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup durýar. Dostluga uly sarpa goýýan doganlyk ýurtda baharyň ajaýyp günlerinde medeniýetiň we sungatyň toýlary toýlanylýar, ýagny şu ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri geçirilýär.

«Arkajyň» saz dünýäsi

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalary netijesinde 2008-nji ýylda «Şasenem we Garyp» operasynyň gaýtadan goýlup, tomaşaçylara ýetirilmegi bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna türkmen operalaryny sahnalaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Ajaýyp zamanamyzda opera sungatyny, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Şeýle operalaryň biri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ilkinji gezek sahnalaşdyrylan «Arkaç» operasydyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow «Arkaç» operasynyň librettosyny «Aýna» atly meşhur halk dessany esasynda ýazdy. Operada beýan edilýän wakalar XVIII asyrda Arkaç obasynda bolup geçýär. Onda Söhbet atly ýaş ýigit Jumageldi baýyň gyzy Aýna bilen söýginiň külpetli ýolunda köp kynçylyklary görüp, ahyrynda bir-birege gowşuşy dartgynly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Operada söýgä wepalylyk, aýdym-sazyň jadyly güýji bilen dürli kynçylygy ýeňip bolýandygy Aýna bilen Söhbediň keşpleriniň esasynda açylyp görkezilýär.

Bagtyň baky mekanynyň mukamy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasa we parasada beslenen dürdäne eserlerini okanyňda, kitabyň adamzady bütin ýaşaýşyň dowamynda sözüň gudraty bilen  terbiýäniň çuň täsiri bilen bagta ýetirýän mukaddeslikdigi hakydaňa dolýar. Hormatly Prezidentimiziň  «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserini okanymda bolsa edebi çeşmelerdäki ömür uzaldýan, üstünliklere galkyndyrýan, güýje güýç goşýan gudratly suw baradaky tymsaly hakydama getirdim. Çeşmelerde beýan edilişi ýaly, ol gudratly içgä «eliksir» diýilýär. Aýdylyşy ýaly, ol suwy içen baky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri hem, sözüň doly manysynda,  milletimiziň baky bagtynyň, ruhy galkynyşynyň eliksiri. Elbetde, her bir okyjynyň kalbynda döreýän şeýle buýsançly oýlanmalaryň gözbaşynda bagtyýarlyk eýýamymyzyň galkynyşly özgertmeleri bilen halkyny bagta ýetiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli pähim-paýhasy, agzybirlige we döredijilikli zähmete ruhlandyrýan beýik taglymatlary bar.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy – ýaş nesli terbiýelemekde ruhy şamçyragdyr

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.

Müňýyllyklaryň medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik taryhy ösüşlere baýdyr. Şeýle wakalardan ruhlanyp taýýarlan şu kitabym eziz halkymyza sowgadym bolsun! 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Änew şäheri türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi üçin-de, türki älemi üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyzy buýsandyrdy.

El hünäri — il gezer

Ak säheriň tämizligi Häzirki döwürde gyz-gelinleriň arasynda el işler bilen bejerilen milli lybaslary geýmek ýörgünli boldy. Aýratynam, el işleriniň bir görnüşi bolan ildirme keşdesine isleg bildirýänleriň sany günsaýyn köpelýär. Zenan ýüreginiň arzuwyny beýan edýän keşdeler owadanlygy, gözelligi, täsinligi bilen tapawutlanýar. Şeýle nepislige neneň buýsanmajak, olary neneň wasp etmejek? Milletimiziň aýrylmaz bölegi bolan millilik hakyndaky oý-pikirler hiç kimi öz erkine goýmaýar. Çünki, millilikde ak säheriň tämizligi bar, tebigat bilen durmuşyň sazlaşygy bar. Tämizlik bilen sazlaşykdan kemala gelen nepis el işleriniň ählisi türkmen halkynyň buýsanjydyr.

Gadymy Änewiň müdimi şöhraty

Welaýat döwlet drama teatrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň kitabynyň çapdan çykmagynyň şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy giň äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly waka öwrülendigini nygtadylar. Änew medeniýetiniň taryhy baradaky gymmatly maglumatlaryň her biri ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Ata-babalarymyzyň gurmak hem-de döretmek ýaly sogaply ýörelgeleri, halkymyzyň şöhratly geçmişi barada giňişleýin gürrüň edilýän ajaýyp kitaby okanyňda, keremli topragymyza, eziz Watanymyza bolan söýgiň has-da artýar. Şöhratly pederlerimiziň, senetçi ussalarymyzyň guran binalarynyň dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan sungatdygyny açyp görkezýän Änew medeniýeti, ýadygärlikleri daşary ýurtly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Ýylyň sungatda işjeň zenany

Milli sungatymyz hakynda söhbet açylanda, zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Sungat» atly goşgusyndaky şu aşakdaky ajaýyp setirler biygtyýar ýadyňa düşýär: Sungat diýmek näme?

Kalpda orun alan keşpler

Magtymguly Pyragynyň nakgaşçylyk keşbi hakynda gürrüň edilende, ilki bilen biziň aňymyzda türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýew janlanýar. Ol 1924-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. 1947-nji ýylda paýtagtymyzda Magtymgulynyň keşbini döretmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşan zehinli suratkeş şol wagt Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyl talyby eken. A.Hajyýew, ilki bilen, şahyryň dogduk obasy Gerkeze baryp, onuň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş bolýar. Magtymgulynyň garyndaşlarynyň keşplerini çekişdirip, şahyryň keşbine golaýlyk gözleýär, obadaşlaryndan Magtymgulynyň keşbi, endikleri barada jime-jik soraşdyrýar. Edebi çeşmelere ýüzlenýär, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew ýaly ýazyjylar, alymlar bilen maslahatlaşýar. Şol irginsiz gözlegleriň netijesinde hem Magtymguly Pyragynyň keşbi kemala gelýär.

Watansöýüjiligiň görelde mekdebi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen bütin adamzadyň kalbynda orun aldy. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, daşary ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edýärler. Dana Pyragynyň şygyrlarynda milletimiziň ruhy gözellikleri, adamkärçilik, ynsanperwerlik nusgawy derejede beýan edilýär. Diňe bir halkymyzyň däl, tutuş adamzadyň kalbynda, aňynda olaryň eşrepi ýaly saklanyp, şu günlere getirilendigi we röwşen geljege alnyp barylýandygy guwandyryjydyr hem buýsandyryjydyr.

Beýiklere belent sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen görnükli şahsyýetlerimiziň ömrüniň we döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine, dünýä ýaýylmagyna ajaýyp zamanamyzda döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şöhratly ýylda biz bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirýäris. Dana şahyrymyzyň döredijiliginde watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, adamkärçilik, mertlik ýaly häsiýetler wasp edilýär. Magtymguly Pyragy garaşsyzlyk, berkararlyk, bagtyýarlyk ýaly beýik düşünjeleriň adamlaryň aňlarynda kämilleşmegine hem ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Onuň öňe süren taglymlary bütin adamzadyň durmuşyny öz içine alýar.

Beýik buýsanjyň kelamy

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Olarda bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlara orun berildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen dabara medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler täze kitabyň many-mazmuny, ondaky gymmatly maglumatlardyr rowaýatlar, kitabyň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler. Bu babatda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammetdurdy Mämmedow şeýle diýýär:

Änewiň ak bugdaýy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy dünýäde ak bugdaýyň Watany hökmünde ykrar edilen gadymy Änew şäheriniň taryhyny täze pikirler, çuň garaýyşlar, giň düşünjeler, gymmatly ylmy maglumatlar bilen öwrenmäge ruhlandyrdy. Çünki bu ajaýyp kitap diňe bir medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň ojagyna öwrülen Änewiň şöhratly geçmişiniň däl, eýsem dünýäniň özgermegine hereketlendiriji güýç beren ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny we ösüşini öwrenmekde täze sahypalary açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa eýlenen kitabynda: «Änewiň uly meşhurlyga eýe bolmagyna, gürrüňsiz, baryp XX asyryň başynda üsti açylan we «Änew medeniýeti» ady bilen giňden ykrar edilen eneolit zamanyna degişli arheologik medeniýet sebäp boldy» diýip ýazyşy ýaly, Änewiň bereketli topragynda ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň tapylmagy, bu gadymy şäheriň dünýäde meşhur bolmagyna esas boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

29-njy martda Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.

Saz ynsan ruhuny tämizleýär

Muňa ýurdumyzyň teleýaýlymlary arkaly ilkinji görkezilişi bolan «Kompozitor» atly filmiň mysalynda göz ýetirmek bolýar Sazyň täsinlikleri, onuň ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Lukman bedeni bejerýän bolsa, sungat — sagaldyjy, şypa beriji täsir etmek bilen, adamyň ruhy-ahlak dünýäsine gönügendir... Saz diňe bir sungat bolman, eýsem, Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär» diýip, belläp geçýär. Bu pikirler ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen we ilkinji görkezilişi bolan «Kompozitor» atly filmiň düýp mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär hem-de onuň süňňüni düzýär.

Änew medeniýeti we muzeý işi

Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu habar bizi — muzeý işgärlerini hem diýseň begendirdi. Çünki häzirden onuň bilen baglanyşykly birnäçe ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär hem-de geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ol duşuşyklar, ylmy maslahatlar, geçiriljek sergidir gezelençler türki halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we türki halklaryň medeniýetleriniň içgin öwrenilmegine itergi berer diýip ynamly aýtmak bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň Oguz han döwründen bäri gözbaş alyp gaýdýan geçmiş taryhyny, medeni mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, şeýle hem medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, merdana ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy-medeni mirasyna hormat goýmak maksady bilen hem uly işler alnyp barylýar. Gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmegi bolsa uly ähmiýete eýedir. Taryhy kökleri asyrlara uzap gidýän türkmen döwletiniň gadymylygyna ata-babalarymyzdan galan arheologiýa, taryhy, şeýle-de arhitektura ýadygärliklerimiz bolan galalar, depeler şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň çaga terbiýesinde millilik öýdümleri

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa ruhy, a

Da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek bo­ýun­ça 26-njy mart­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di.

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» elekt­ron žur­na­ly

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Is­len­dik ge­çi­len dö­wür wagt öl­çeg bir­lik­le­ri ar­ka­ly ha­sap­lan­ýar. Se­kunt, mi­nut, sa­gat, gün, aý, ýyl, asyr, müň­ýyl­lyk, eý­ýam... Ýog­sa adam aňy üçin kä­bir go­wy ýat­da ga­lan, ýi­ti tä­sir eden wa­ka­lar bi­ziň şu gü­nü­miz­den wagt ba­bat­da alys­da bol­sa-da, edil düýn bo­lan ýa­ly du­ýul­ýar.