Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Kompozitor»

hakda kelam agyz Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Kompozitor» atly täze çeper film surata düşürilip, teleýaýlymlarda halk köpçüligine ýetirildi.

Buýsançly taryhymyz — beýik geljegimize badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyna gönükdirilen sahawatly işlerini üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpmilletli agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly hem-de döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdepdir. Ol kämil mekdep şöhratly geçmişimiziň durmuş sapaklaryny okadyp, milli taryhymyza hormat goýmagy öwredip, ýagty geljegimize şugla saçýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly sowgat boldy.

Änew — taryhy mekan

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli şu günler welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gyzykly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleri tarapyndan edara-kärhanalardaky işjeň agzalarynyň arasynda guraýan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlardyr duşuşyklar, taryhy ýerlere syýahatlar uly gyzyklanma eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby Änewiň baý taryhyny öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Şoňa görä-de, ildeşlerimiziň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserine salgylanyp, gadymy Änewiň şöhratly ýoly, şeýle-de şu güni dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewdäki Seýit Jemaleddin ýadygärligi, gadymy galalar we beýleki taryhy ýerler bu topragyň şan-şöhratyndan habar berýär.

Gadymy medeniýet ojagy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän şanly ýyl hem taryhy ähmiýetli wakalara sapýar. Üstümizdäki ýylda welaýat merkezimiz Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilýän çäreler taryhy ähmiýetliligi bilen ünsi çekýär. Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynda şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda aýratyn belläp geçýär. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar.

Köňül söýgedi — saz

Şahyr aýtmyşlaýyn, ömür diýip berlen zady abraý bilen başdan sowaýmada iş bar. Şonuň üçinem adamzat dünýä gelensoň, mynasyp ýaşamaga çyr-çytyr ýapyşýar. Manyly ömür ýaşap, il-güne haýyrly iş edip, gerekli adam bolmaga çalyşýar. Şunda welin, göwün söýen kesbi-käriň, hünäriň wajyp. Ýakynda tomaşaçylara ýetirilen «Kompozitor» atly çeper film hem saz sungatyny kesp-kär edinen adam baradaky tolgundyryjy wakalary beýan edýär. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi. Filmiň şowly çykmagynda režissýor Maksat Gylyjowyň mynasyp artistleri saýlamagyň hötdesinden gelendigini turuwbaşdan bellän ýagşy. Biz hem filmiň baş gahrymany — Merdanyň ululygyndaky keşbini ýerine ýetiren Atageldi Rozyýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Atageldi, sözümiň başynda şowly çykan filmiňiz bilen gutlaýaryn. Höwri köp bolsun!

Mahmal owazly aýdymçy

Ýaşlykda çaganyň zehinini, başarnygyny ýüze çykarmak onuň geljekki ykbalyna, uly durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Gep şol zehin uçgunlaryny wagtynda duýup, ony dogry ýola gönükdirmekde. Bu babatda Jepbargulynyň bagty çüwdi. Ol sungata sarpa goýulýan maşgalada doguldy, kemala geldi. Jepbarguly ýaşlykdan aýdym-saza höwesek bolýar. Entek ol çagaka kakasynyň gullukdaş dosty, meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanow welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan wagtynda olaryň öýlerine myhmançylyga gelýär. Ol çagajygyň aýdym aýdyşyny diňläp, Jepbargulynyň kakasyna ýüzlenip: «Şu ogluňda zehin bar, geljekde ol ussat aýdymçy bolup ýetişer» diýip, oňa uly baha berýär.

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa

Türkmen halkynyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Çünki kyn günüňde dosta, toý günüňde gardaşa deňelýän bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül telwasydyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem halkymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerine bolan garaýşy öz beýanyny tapýar.

Müňýyllyklaryň ýaňy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, gadymy Änew şäheriniň taryhyndan habar berýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini okanyňda, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bardygyna aýdyň göz ýetirip, ata Watanymyza bolan söýgiň has-da beýgelýär. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halk köpçüligi, aýratyn-da, ýaşlar üçin gymmatyny we ähmiýetini belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Kalplary gözelleşdirýän gözellik

Zähmet rugsadymda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kaşaň myhmanhanalarynyň birinde dynç almak miýesser etdi. Ol ýerde aýratyn täsir galdyran zat myhmanhananyň gözelligine gözellik goşýan surat eserleri boldy. Suratkeşleriň döreden biri beýlekisinden çeper, täsirli eserlerini synlap durşuma «Uly tolkun» diýlip atlandyrylan peýzaž has-da ünsümi özüne çekdi. Görüp otursam, bu eseri döreden balkanabatly suratkeş Nazmämmet Satlykgulyýew eken. «Uly tolkunyň» täsirinden çykyp bilmän durşuma Balkanabada bardygym suratkeşiň özüne sataşyp, beýleki döreden eserleri bilen içgin tanyşmak islegi döredi.

Nusgawy şahyryň nesilleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynda geçirilen «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» atly dabaraly çärä gatnaşmak miýesser etdi. Aýdym-sazly çäre tamamlanandan soňra, Gyzylarbat etrabyna tarap ýola düşüp, ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň çowlugy Ogulbike Jumaýewanyň öýüne myhmançylyga bardyk. Şonda bizi töri bezäp oturan eneler — uýalaryň ulusy, 88 ýaşyndaky Ogulnur ene, ortanjysy, 79 ýaşyndaky Durdybike ene, kiçileri, şol ojagyň eýesi, 75 ýaşyndaky Ogulbike ene güler ýüz bilen garşyladylar.

Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

Medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň şöhratly taryhynda belent derejelere ýetdi, umumadamzat medeniýetine mynasyp goşandyny goşdy. Ol bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň waspçysydyr, toý-baýramlaryň bezegidir, adamlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gözellikdir. «Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin ähli şertleri döredýändigine ýurdumyzyň çar künjeginde medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilýändiginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, aýdym-saz, döredijilik merkezleri täze taryhy döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýeten derejesiniň aýdyň beýanydyr.

Sahnada «Gilgameş»

Golaýda welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sahnalaşdyrylan bu sahna oýny taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara uzaýan geçmiş taryhyny şu günki günüň tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edindi. Bular dogrusynda baş režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Häzire çenli sahnalaşdyran taryhy spektakllarymdan tapawutlylykda, «Gilgameş» sahna oýny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürleriniň wakalaryny özünde jemleýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň siwilizasiýasyna ýetiren täsiri — alymlaryň subut eden hakykaty. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly t

Halk teatrlarynyň bäsleşigi

Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatymyzyň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda «Sahna ussatlygy — ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik geçirildi. Teatrlaryň işini has-da kämilleşdirmek, olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň halkymyzyň milli ruhuna mahsus, döwrebap mazmuna eýe bolmagyny gazanmak, şeýle-de sungat işgärlerini döredijilik üstünliklerine höweslendirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi. Onuň şertlerine laýyklykda, artistler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wasp edýän hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrýan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Halypany hatyralap Sözüň, sazyň gudratyna sarpaly eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi gülledip ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Gubadag şäher medeniýet merkezinde milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirdi, Türkmenistanyň halk bagşysy, «Gaýrat» medalynyň eýesi Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda halypa bagşynyň şägirtleri, ussat zenan bagşylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Akjagül Myradowanyň milli aýdym-saz sungatymyza goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet edildi.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

Milliligiň hem-de hereketiň sazlaşygy Ýurdumyzda giňden dabaralanýan dürli medeni çärelerimiziň, toý-baýramçylyklarymyzyň milli röwüşli urp-adatlarymyza, däplerimize beslenmegi gadymy mirasymyza goýulýan sarpadan nyşandyr. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillerimize wagyz etmek maksady bilen, medeniýet ulgamynda hereket edýän döredijilik toparlary hem döwrüň ruhuna laýyk işleri alyp barýarlar. Bu babatda Görogly etrap medeniýet merkezinde hereket edýän «Bedirkent» folklor tans toparynyň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu folklor tans toparyna Oguljan Babaýewa ýolbaşçylyk edýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri halkyň söýgüsine mynasyp bolan bu toparyň çykyşlary halkyň milli mirasyndan, baý döredijilik dünýäsinden hem-de çeper edebiýatyň gadymy nusgalaryndan gözbaş alýar. Toparyň «Geliň, gyzlar üýşeliň!», «Diş toýy, galpak toýy», «Geliň, ak öý guralyň!» ýaly çykyşlary halk döredijilik däplerinden nusga alýar. Olarda milli däp-dessurlarymyz, halkymyzyň şahyrana dünýäsi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Toparyň agzybir agzalarynyň hatarynda birnäçe ýyl bäri işläp gelýän halypalaryň nusgalyk göreldesi toparyň çykyşlarynyň has-da täsirli bolmagyna oňyn täsir edýär. Toparda Enejan Aşyrowa, Gurbangeldi Hallyýew, Hajy Suwhanow ýaly halypalaryň çykyşlary ýaşlara nusga bolýar. Toparda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Bire

Milli medeniýetimize buýsanç

Milli Liderimiz tarapyndan binýady berkden tutulan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli medeniýetimiz we mirasymyz çuňňur öwrenilýär, ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy, Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat hem milli medeniýetimiziň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, milli mirasymyza ünsi çekmekde hem-de gadymy topragyň baý taryhyny dünýä ýaýmakda ähmiýetli wakalara öwrüldi. Şol şatlykly wakalaryň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralara baý many çaýdy.

Aýdym bilen köňülleri kökeren

Ýaş, zehinli aýdymçylaryň aýdýan aýdymlary göwnüňi göterip, kalbyňa üýtgeşik bir duýgy bagyşlanda milli medeniýetimize, sungatymyza buýsanjyň goşalanýar. Köňüllere şeýle buýsanjy bagyş edýän zehinli ýaşlaryň biri hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby, köpleriň söýgüsini gazanan hoş owazly aýdymçy Ýagşymyrat Annadurdyýewdir. Biz hem gazetimiziň okyjylarynyň isleglerini nazarda tutup, onuň bilen söhbetdeş bolduk we onuň gyzykly gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Ýagşymyrat, söhbedimiziň başynda gazetimiziň okyjylaryny özüň bilen tanyşdyraýsaň.

Gülkä bagyşlanan ömür

Onuň döredijiligi meni okuwçy ýyllarymda özüne çekip başlapdy. Ol ýyllarda obamyzda gazet-žurnallary poçtalýonlar atly, eşekli getirerdiler. Dogrusy, olaryň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Her kim ýurtda bolýan täzelikler bilen tanyşjak, goşgudyr hekaýa, degişme okajak. Köplenjem gazet-žurnallarda çykýan satiriki eserler olaryň arasynda uly gyzyklanma dörederdi. Mahlasy, çeper sözden lezzet alnardy. 1969-njy ýylyň galyň garly ýanwarynda şol wagtky «Tokmak» žurnalynda «Çemçe sen» atly goşgy ýerleşdirilipdir. Aşagynda-da gyrasy gädilen çemçäniň suraty goýlupdyr. Goşgynyň awtory Gurbangylyç Hydyrowdy. Onuň öňki ýazýan satiriki hekaýalaryny, goşgularyny hem ürç edip okardyk. Şol döwürde dükanlarda çemçe tapdyryberenokdy. Şonuň yzysüre dükanlara täzeje çemçeler getirilip, ilatyň göwnüni galkyndyrypdy. Okyjylaryň göwnünden turan bu goşgynyň awtoryny görmek, onuň bilen ýakyndan söhbetdeş bolmak köpleriň arzuwyna öwrülipdi. Okyjylar Gurbangylyç Hydyrowy, öz aýdyşy ýaly «Dünýäde iň dymma, gyjyklanyňda-da ýylgyrmajak adamlary» ýylgyrdyp bilýän gülki ussady hasaplaýardylar. Elbetde, ilçilikde her hili häsiýetli adamlaram tapylýar. Işýakmazlar, kişi hakyna göz gyzdyrýanlar onuň nazaryndan sypmazdy. Gurbangylyjyň şerebeli satirasy olaryň gyr jynydy. Siňe seretseň onuň eser döredişem, ulanýan jümlelerem biziň gadymy dessanlarymyzdaky «Çalsa — sazanda, hiňlense — bagşy, göreşse — pälw

Şadyýan wäşiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döredijilik işgärleriniň öňünde goýlan meýilnama laýyklykda, şeýle-de tomaşaçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň medeni dynç alyş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýat döwlet drama teatrynda we  Gyzylarbat etrabynyň medeniýet öýünde «Şadyýan wäşiler» atly aýdym-sazly gülküli sahnalary bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň, şeýle-de sahna ussady Aşyr Mämmedowyň, ýaş artistler Azat Didarowyň, Jahan Baýramdurdyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren degişme sahnalary, aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini teatr artistleriniň taýýarlan gülküli çykyşlarynyň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanmagy hem subut etdi.

Nusgalyk sungatyň waspy

Taryhda döredilen gymmatlyklar özüniň gözelligi we täsinligi bilen tapawutlanýar. Şekillendiriş sungaty hem şeýle gymmatlyklaryň hatarynda durýar. Ol täsin öwüşginleri bilen ynsan duýgularyna täsir edýär. Şonuň üçin hem bu sungat asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnipdir, hatda kämil enjamlaryň döredilmegi bilen hem öz gymmatyny ýitirmändir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda döredilen halylar, öwşün atyp duran şaý-sepler ajaýyp sungat eserleri bolup, adamzady haýrana goýýar. Olary synlan her bir adamyň kalbynda gözellik kemala gelýär, çünki bu täsinlik, ajaýyplyk tebigatyň gözelligi bilen sazlaşyklygy emele getirýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, zergärçilik, halyçylyk ýaly görnüşleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.