Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Maslahat geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen ýylyň jemine bagyşlanylyp, hem-de adatdan daşary ýagdaýlar barada maslahat geçirildi. Maslahata etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi podpolkownik Guwanç Arazow çykyş edip, geçen ýylda edilen işler barada giňişleýin gürrüň berdi hem-de raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleriniň häzirki döwürdäki möhüm ähmiýeti barada durup geçdi. Soňra şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmeni leýtenant Mekan Arazweliýew raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy düzüminiň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň, raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri tarapyndan ilaty raýat goranyşy boýunça taýýarlamagyň we ga

Şekillerde Watan waspy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynyň esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Watan waspy» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Sergide okuwçylaryň suwly reňkde, guaşda, tuşda çeken suratlarynda mähriban Watanymyz, baýramçylyk günleri hem-de türkmen esgerleriniň Watan goragyndaky keşpleri ussatlyk bilen wasp edilýär. Bäsleşikde 1-nji synp okuwçylarynyň arasynda birinji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Hanowa, ikinji orna S.A.Nyýazow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Şihnazar Täjimuradow, üçünji hem höweslendiriji orunlara, degişlilikde, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Geňlik Baýramgulyýewa, Sähra Allabaýewa, Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Perman Bäşimow, ikinji synplaryň arasynda birinji orna Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň

Giň dünýäniň geň habarlary

Howada ösdürilýän ýeralma Häzirki wagtda ýeralma önümçiliginde giňden ýaýran görnüşleriň biri hem ony topraksyz ýetişdirmek bolup durýar. Bu usuldan Hindistanyň daýhan hojalyklary işjeň peýdalanyp başladylar. Geçirilen tejribe bu önümiň hasyllylygyny 4—6 esse ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Emma ol adaty ýeralmalara garanyňda 90 gün giç hasyl toplaýar. Emma goşmaça iýmit serişdelerini bermek zerurlygynyň ýokdugy sebäpli, çykdajylaryň 40 göterimini tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle hem oňa hiç hili zyýankeşleriň täsir etmeýändigi örän täsindir. Ýeralma dünýä ilatynyň sarp edýän azyk önümleriniň içinde bugdaýdan, şalydan soň üçünji orny eýeleýär. Ýeralma garaňkyladylan ýyladyşhanada asma usulynda ösdürilýär. Onuň köki ýörite tehnologiýalar arkaly mikroorganizmler bilen baýlaşdyrylyp durulýar.

28-nji mart — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir

Taryhy waka bolar “Türkmenistan —— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan saýlaw möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri welaýatymyzda guramaçylykly alnyp barylýar. Saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetiniň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylar hödürlenilip, olara ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Aýdyň ertirimiziň ýörelgesi

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň halkara abraýy has-da artýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş ýoly bilen halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçiler.

Türgenleşik çäresi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüş-özgerişleri bilen geljege sary ynamly öňe barýan ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny dikeltmek we ony goramak barada netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly şygaryň gönüden-göni raýatlaryň durmuşyna gönükdirilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlar dörände tiz duýmak topary welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde türgenleşik çäresini geçirdi. Çärede TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň bölümçe müdiri Muhammetgeldi Allaýarow çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlar dörände, ilkinji halas ediş işlerini giňişleýin düşündirdi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Alada artýar

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aýdyň maksatnamalary rowaçlyklara beslenýär. Gujurly ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşlere, özgerişlere, üstünliklerdir belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ajaýyp üstünliklere ruhlanýan ýaşlarymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny özleriniň döredijilikli zähmetleri bilen dabaralandyrýarlar. Her bir güni şanly senelerdir taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyz täze ösüşlere barýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi biz — ýaşlary buýsandyrdy we has-da ruhlandyrdy.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Aliment tölemegiň kanunçylygy Maşgala gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde kanunlaşdyrylyp, onda bu babatda ýüze çykýan meseleleriň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Şeýle hem şu Kodeksde maşgala agzalarynyň aliment tölemeginiň borçlary hem kanunlaşdyrylandyr.

Uzyn saçly gözeller

Gelin-gyzlarymyzyň enelerimizden görelde alyp, biziň şu günki günlerimize çenli gorap, saklap gelen gözellikleriniň biri-de saç bilen baglanyşyklydyr. Saçlaryň owadan, uzyn bolup, öwşün atyp durmagy her bir zenan maşgalanyň arzuwy. Durmuşa bolan höwes saçyň we bedeniň gözelliginiň ilkinji şertidir. Gelin-gyzlarymyzyň gözelligine gözellik goşup, uzyn saç olary has görmegeý, edepli görkezýär. Şundan ugur alyp, mekdebimizde okuwçy gyzlaryň arasynda “Uzyn saçly gözeller” atly bäsleşik geçirdik. Şowhunly geçirilen çärä mekdep müdiri Ýazdursun Akyýewa we mugallymlar gatnaşdylar. Çäräniň guramaçylygyny öz üstüme aldym.

Raýatlygyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde Türkmenistanda yglan edilen syýasy ugur ynsan gymmatlygyna, adamyň we raýatyň hukuklary babatdaky milli kanunçylygyň we halkara hukugyň kadalaryna esaslanýar» diýip nygtamak bilen, adamyň we raýatyň halkara hukugyň kadalarynda kesgitlenen esasy hukuklaryny ykrar etmegiň we olara sarpa goýmagyň möhümdigini belleýär. Raýatlyk şahsyň döwlet bilen ygtybarly syýasy-hukuk arabaglanyşygydyr. Şeýle arabaglanyşyk şahsyýetiň döwlet tarapyndan özüne berlen hukuklardan peýdalanyp bilýändigini hem-de öz üstüne ýüklenen borçlary gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidigini aňladýar. Döwlet raýata belli bir hukuklaryň berilmegini kepillendirmek bilen birlikde, degişli borçlaryň ýerine ýetirilmegini talap edýär.

Bagtyýarlygyň binýady

Şeýle at bilen şu günler welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň meýilnamasy esasynda okuw maslahatlary geçirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan okuw maslahatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly many goşýar. KAKA. Etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda geçirilen okuw maslahaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary hem-de degişli edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy.

Dalaşgärlige hödürlendiler

Şu ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna Ak bugdaý etrabynda hem taýýarlykly barylýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm waka öwrüljek bu syýasy çäräniň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek işine uly ähmiýet berilýär. Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilen ýygnanyşyk hem işjeňlige eýe boldy. Oňa welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saýlaw toparlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre

2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Munuň özi möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şonuň üçin bu saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de oňa giňden taýýarlyk görülýär. Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda konstitusion özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, kanunçylyk namalarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär.

Belent üstünliklere ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Köptaraply özgertmeler bilen öňe barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy seneleriniň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly-da täsirli, ýatda galjak ajaýyp wakalara beslenýär. Ýakynda hem halkymyzy, aýratyn-da biziň uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplaryny begendiren waka boldy. Hormatly Prezidentimiz hemişe päk zähmeti bilen öz ugrundan köp işleri bitiren adamlara hormat goýup, mynasyp atlary dakýar. Ine, şeýle asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerim bilen ösdürmekde we toplumyň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen uniwersitetimize Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Bu taryhy waka biziň her birimizi diýseň begendirdi we ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ak ýürekden zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Garaşsyz Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary bilen birlikde nebitgaz se

Örtük dakynmak hökmandyr!

Dost, örtügiň hany? Jübimde.

Elektron neşirler — döwrebaplygyň nyşany

Gazet-žurnallar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky täzeliklerden habar berýär, okyjylary giň dünýäniň geň habarlary, göwnüňi galkyndyrýan goşgular, çuň mazmunly hekaýalar, oýlanmalar, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalary bilen tanyşdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesiller ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýarlar. Mähriban çagalar, bagtyýar döwrümiziň siz üçin döredip berýän täze mümkinçiliklerinden peýdalanyň! Žurnaly elektron görnüşde «turkmenmetbugat.gov.tm» we «metbugat.gov.tm» internet sahypalaryndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan okap bilersiňiz.

Seresaplylyk hemişe zerur

Tebigy gazyň ýanmagy netijesinde onuň düzüminden ugar gazy bölünip çykýar, ol yssyz we reňksiz bolup, adamyň saglygy üçin örän uly howp döredýär. Tebigy gaz bilen işleýän gyzdyryjy peçleriň howa çekijileriniň näsaz işlemegi netijesinde ugar gazy otaga ýaýraýar. Howasynyň düzüminde 0,5% ugar gazy bolan otagda adam galanda, 5 minutdan huşuny ýitirýär, 30 minutdan bolsa öwezini dolup bolmajak ýitginiň döremegi mümkindir. Ugar gazy bilen baglanyşykly şeýle howply ýagdaýlaryň döremezligi üçin aşakdaky düzgünleri berjaý etmek hökmanydyr:

Berkararlyk, bagtyýarlyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň barha kämilleşdirilmegi, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bolsa, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna giň ýol açýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň, halk bähbitli kanunlaryň kabul edilmegi bilen ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüşlere eýe bolnup, döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen işler şol ösüşleriň gazanylmagyna ýakyndan ýardam etdi.

Türkmen ýaşlary — golunda eýýamyň beýik işleri

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy maksatlary: ■ ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň hem-de borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak;

Derwaýys meselelere seredildi

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat «Ene mähri» merkezinde «Millilige ýugrulan ömür dowamatymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny ýitirmezlik, maşgala mukaddesliginiň belentliginde bolmak dogrusyndaky çykyşlar çäräniň esasy özenini düzdi. Çärede çykyş edenler milli däp-dessurlarymyzy we milli lybaslarymyzy asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek, halal zähmet çekip, maşgala ojaklarynda asudalygy, agzybirligi saklamak barada täsirli gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenanlar, ýaş maşgalalar barada çynlakaý alada edilýändigi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigi dogrusynda hem durup geçdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyza il asudalygyny, ýurt abadançylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak barada amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş aýdyldy.