Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Biz Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna, şol sanda özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan parlamentara dostlukly gatnaşyklaryna uly hormat goýýarys. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde parlament ýolbaşçylarynyň  arasynda geçirilen «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly onlaýn duşuşygy häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça özara pikir alyşmakda bize uly mümkinçilikleri döretdi.

Söýginiň gözbaşy

Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde mähriban enelerimiz barada şeýle diýýär: «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär». Uly söýgi hem mähir bilen aýdylan bu jümleleri näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Çünki döwrüň bagtyýar enelerine, zenanlaryna, maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu kitap durşy bilen mekdep, nusgalyk ýol-ýörelge. Hut şonuň üçin-de, ilkinji Zenanlar guramamyz tarapyndan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň her birinde çuňňur many-mazmuna, pähim-parasada eýlenen bu kitap uly gollanma bolup durýar. Geljekki eneler bolan ýaş gyzlaryň terbiýesinde enelerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, durmuş tejribesinden ugur alynýar.

Doganlygyň belent güýji

Türkmen toý tutanda, ilki ýakyn dostlaryna çakylyk ýollaýar. Ýakyn dostlar toýuň ilkinji myhmanlarydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna tutulýan toý hem dostlar, doganlar bilen başlady. 20-nji maýda Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen halkara wideomaslahat bu aýdanlarymyzyň mysalydyr. Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg, Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) — bular Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleri. Ady Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilen türkmen paýtagty özüniň 140 ýyllyk toýunyň dabaralaryny şol gün dostlary, doganlary bilen tutdy.

Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Hyzmatdaşlygyň altyn halkasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyzda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden has alyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, ata Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda Akina — Anthoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taglymatynyň häzirki döwürde özüniň doly ykrarýetini gazanyp, onuň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy iki döwletiň ykdysady taýdan çalt depginler

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon söhbetdeşliginde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. * * *

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyny dünýäniň onlarça ýurtlaryndan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Çykyşlarda pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýändigi nygtaldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Däp bolan gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. «Oguz han» köşkler toplumynda döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri, şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan — Gazagystan: dostluk ýörelgelerine eýerip

18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Dostlukly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny «Oguz han» köşkler toplumynda mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi hem-de türkmen-tatar gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň täze derejesi

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işlenip düzülen hemişelik Bitarap döwletimiziň 2017—2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen bir hatarda, abraýly halkara guramalary bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek wezipesi wajyp orun eýeleýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda ösdürmek we berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Çärýek asyryň dowamynda öz hemişelik Bitaraplyk borjuna jogapkärçilikli eýerýän Türkmenistan döwletimiziň iri halkara guramalar we sebit düzümleri bilen alyp barýan netijeli gepleşikleri we olar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynda uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň dürli edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary ýokary hil derejesine çykdy.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşi

Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, geljegi uly ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy barha ösdürmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň özenini düzýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etmegi hem dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadygyny şöhlelendirdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.