Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Halkara logistika sergileri geçirildi

5 — 7-nji noýabr aralygynda Özbegistanda hem-de Polşada logistika bagyşlanan sergi geçirildi. Özbegistanda geçirilen 20-nji Halkara sergi «Transport we logistika» diýlip atlandyryldy. Sergi «Ulag-aragatnaşyk hyzmatlary», «Awtoşaýlar», «Ýol howpsuzlygy» ýaly birnäçe bölümlerden ybarat boldy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen halkara sergi bolsa «TransLogistica Poland 2024» diýlip atlandyryldy.

«Coffee Tea Cacao Expo» söwda sergisi geçiriler

13 — 15-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde «Coffee Tea Cacao Expo» söwda sergisi geçiriler. Sergi kofe, çaý, kakao we şokolad önümçiligi pudagynda iş alyp barýan ýörite hünärmenler üçin guralýar. Sergä ýokarda agzalan pudaklardan 120 sany kompaniýa gatnaşar. Maglumat üçin, şu ýyl «Coffee Tea Cacao Expo» ilkinji gezek Kazanda geçiriler. Mundan öň sergi Moskwa şäherinde geçirilýärdi.

Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy we bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

«Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmagy dünýäde nusga alarlykdyr»

diýip, sebitleýin maslahata gatnaşyjylar biragyzdan bellediler Raýatlyk — adamyň esasy hukuklarynyň biri. Biziň köpimiz üçin bu tebigy bolmaly zat ýaly. Emma Zeminiň çar künjeginde şu ýönekeý, şol bir wagtda-da örän möhüm hukukdan peýdalanyp bilmeýän millionlarça adam ýaşaýar. Olar hemmeler ýaly jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy durmuşyna gatnaşyp bilmeýärler, adam üçin iň zerur ýaşaýyş hyzmatlary olar üçin elýetmez bolmagynda galýar... Diňe şu sananlarymyz hem «Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykdy» diýen habaryň aňyrsynda duran ägirt uly tagallalaryň äheň-ähmiýetini öz-özünden düşnükli etse gerek, megerem. Has anygy, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Şunlukda, «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň tamamlanýan ýylynda biziň ýurdumyz raýatsyzlyk meselesini doly çözmegi başardy. Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine bagyşlanyp geçirilen sebitleýin maslahatda-da, esasan, şu hakykata üns çekilip, Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünligine ýokary baha berildi.

Umumadamzat bähbitli beýik işler

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň tarapdarydygyny aýdyň görkezýär.

Döwletimiziň ynsanperwer ugry

Düýn — 8-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Merkezi Aziýa we sebit döwletleriniň raýatsyzlyk meselelerine ygtyýarly edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä boýunça raýatsyzlygy ýok etmegi maksat edinýän BMG-niň «Men degişli bolýaryn» (#IBELONG) kompaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy boýunça borçlaryny doly ýerine ýetirendigi we şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa) BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň 75-nji sessiýasynda yglan eden raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýansa goşulandygy barada çykyşlar edildi.

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýeten sepgitlerini görkezmek we ýurduň mümkinçiliklerini açmaga gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Daşkentde dostlugyň we döredijiligiň dabarasy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Ýakyn-u-alysdaky dostlukly döwletleriň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alan söz ussadymyzyň şanly ýubileýini dabaralandyrmaga işjeň gatnaşmaklary-da bu hakykaty aýdyň görkezýär. Şunda «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýip, beýik akyldaryň doglan gününiň üç asyrlyk senesini öz ýurdunda baýram edýän özbek doganlarymyzyň bu babatda edýän tagallalary aýratyn nygtalmaga mynasyp. Şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi baradaky habar hakyky dost-doganlygyň, halkymyzyň ussat söz ägirdine çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup kalbymyza dolupdy. Şol Karara laýyklykda, bütin ýylyň dowamynda özbek topragynda edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Öňňin — 6-njy noýabrda Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki uly teatrynda geçirilen döredijilik agşamy hem şol ýubileý çäreleriniň üstüni ýetirip, oňa gatnaşanlara ýakymly täsirleri bagyşlady.

TULM Türkiýeden Owganystana gumanitar kömek ýüklerini ugratmagy dowam edýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar. Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.

Türkmenistan Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler. CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Çäräniň esasy üns merkezi “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatlara gönükdirilendir. Ol “akylly” ulag; öňdebaryjy önümçilik; ýaşyl oba hojalygy; arassa energetika; sanly tehnologiýalar; sagdyn ýaşaýyş durmuşy ýaly esasy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen.

Oba hojalyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» forumynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ýakynda Seul şäherinde Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Medeni ugurda giň gerimli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-nyň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG – bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr. BMG-nyň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ýagny, ÝUNESKO bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan

Oba hojalyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Agrosenagat toplumy: durnukly ösüşiň ylmy esaslary

Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guralan halkara foruma ýurdumyzyň, şeýle hem Türkiýäniň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk edýän ugurdaş ylym-bilim ojaklarynyň talyplarydyr professor-mugallymlary, alymlary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylmy taslamalaryň sergisi, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary bilen tanyşdylar. Onuň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuny toýlamaga uly taýýarlyk görülýän günlerde, Hasyl toýunyň bosagasynda bu halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu maslahat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly

Sebitleýin maslahata taýýarlyk

Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda 8-nji noýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahata bagyşlanan brifing boldy. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) wekilleri tarapyndan guralan çärä daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we türkmen žurnalistleri gatnaşdylar. Brifingde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýada hukuk meseleleri boýunça geňeşçileri R.Saýdumarowa hem-de B.Oşakbaýewa, halkara gatnaşyklar boýunça geňeşçisi M.Holl we beýlekiler çykyş etdiler. Hünärmenler soňky 10 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada, aýratyn-da, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Maglumatlara görä, dünýäde raýatlygy bolmadyk hem-de raýatlygy belli däl şahslaryň sany 4,4 milliona ýetýär. BMG tarapyndan bu ugurda netijeli çäreleri amala aşyrmak üçin dürli maksatnamalar kabul edildi. Şunda 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýola goýlan «I Belong» atly taslama uly orun degişlidir. 10 ýyla niýetlenen bu çäreler toplumynyň maksady raýatsyzlyk bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Türkmenistan bu taslama ilkinjileriň hatarynda gatnaşdy. Biziň ýurdumyz r

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugrunda

Düýn paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň 87-nji mejlisi geçirildi. Komissiýanyň işi Merkezi Aziýa sebitinde suw hojalygy babatda ýüze çykýan meseleleri bilelikdäki tagallalar arkaly çözmäge gönükdirilendir. Mejlise sebit ýurtlarynyň suw hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisde toparyň agzalarynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň çykyşlary diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işiniň maksady esasy suw serişdelerinden döwletler üçin her ýylky suwy ulanmak boýunça çägi tassyklamakdan, şol sanda uly suw howdanlarynyň işiniň tertibini işläp düzmekden we tassyklamakdan, suw serişdeleriniň hakyky derejesinden ugur alyp, sebitiň suw serişdelerini dolandyrmakdan ybaratdyr. Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologik maksatnamalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek, derýalara, Aral deňzine suw bermek boýunça her ýylky möçberleri kesgitlemek hem esasy wezipeleriň hataryna girýär.

Halkara giňişlikde

Diplomatik gatnaşyklaryň gerimi giňeýär Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy boldy. Şunlukda, Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklary saklaýan döwletleriniň sany 155-e ýetdi.