Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Täze kitap – ajaýyp sowgat

Türkmen halky kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserler giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydyr. Milli Liderimiziň täze ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly eseriniň elimize gowuşmagy hem bütin il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat berdi. Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz hakynda «Hakyda göwheri» diýen kitabyny ýazyp tamamlamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biridir. Bu eserde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.

Ýeňişlere beslenýän ýyl

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp sport üstünlikleri milli sportumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň miwesidir. Elbetde, munuň milli sportumyzyň taryhy ýeňişlere uzaýan ýolunyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şol döwletli başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen baglydygyny bellemek gerek. Bu ýyl iri sport merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyzyň eýe bolan belent sepgitleri diýseň buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň görkezijisidir. Şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şeýle wakalaryň biri hökmünde göwnümizi galkyndyrdy. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmagy bolsa ýurdumyzyň şeýle sport baýramçylyklaryny guramakdaky tejribesini äşgär etdi. Şol ýaryşda tennisçilerimiziň gazanan ajaýyp netijeleri türgenlerimiziň üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

Beýik söz ussady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, olary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen poeziýasy Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwür türkmen döwletiniň binýadynyň berk, sarsmaz boljakdygynyň, nurana geljegiň, ykbalyň miýesser etjekdiginiň il-güne öňdengörüjilik bilen wagyz edilen aýratyn bir öwüşgine eýe bolan täze döwri bolupdyr. Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Beýik Pyragy her bir ynsanyň sagdyn pikirli hem-de bütin jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw hut biziň şu günlerdäki bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Akyldaryň ynamyna görä, durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerurdyr. Ol şonuň üçinem ýaşaýşyň di

Asylly ýörelge dowamat-dowam

Bag ekmek diýseň sogaply iş bolup, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ygtybarly ýoludyr. Eziz Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylmagy Watanymyzda tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerini aýawly saklamagyň ýolunda amala aşyrylýan ähmiýetli ädimleriň möhüm bölegidir. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň guralmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Çünki Watanymyzda asylly däbe, döwletli ýörelgä öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işleriň möhüm tapgyrydyr. Şol çäreleriň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri-de utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň beýanydyr.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. 42-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Şeýlelikde, 5-nji orta mekdebiň okuwçylary Baýrammyrat Atamyradow (40 kg) we Sähetmyrat Atamyradow (45 kg), 30-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikberdi Gurbandurdyýew (48 kg) hem-de Atageldi Atageldiýew (52 kg), 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýymow (57 kg), 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Gadyrgeldi Saparow (62 kg), 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Durdygulyýew (68 kg), 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Rejebow (74 kg) dagy ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijiler ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Akmeňli KAKABAÝEWA,

Merdana nesiller bäsleşdiler

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar. Olar halkymyza mahsus bolan merdanalygy, pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryna belent sarpalaryny, Watana bolan söýgülerini, berkarar döwletimize bolan buýsançlaryny çeper beýan etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzyň ösüşleriniň, röwşen ertirlere bolan ynamyň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew birinji, Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Allanur Kakageldiýew ikinji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepden Maksat Bäşimbaýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdepden Perman Gaýgysyzow we şol etrapdaky 9-njy orta mekdepden Şamuhammet Orazow dagy üçünji baýrakly orny eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy .

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Durnukly ösüşiň, eşretli ýaşaýşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Ähli ugurlarda düýpli ilerlemeleri üpjün etmekde Türkmenistanyň Döwlet býujeti möhüm orny eýeleýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda täze Kanunyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Ýylyň baş maliýe resminamasy ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Ol ähli pudaklaryň ykdysady ösüşiniň durnukly depginini saklamaga, şonuň netijesinde halkymyzyň, her bir maşgalanyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwletli başlangyçlar giň goldaw tapýar

Uly tutumlaryň sakasynda ýaşululara sala salmak, olaryň maslahatyna eýermek türki döwletleriň ählisine mahsus däpleriň biri. Hut ýaşulularyň gelen netijesi hem şol tutumlarda esasy orny eýeleýär. 15 ýyllyk taryhy bolan Türki Döwletleriň Guramasynda-da Aksakgallar geňeşiniň aýratyn uly orny bar. Bu geňeş guramanyň döredilmeginden bary-ýogy bir ýyl soň esaslandyrylyp, kabul edilýän çözgütlerde esasy orny eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýyldan bäri bu geňeşiň hormatly agzasydyr. 14 ýylyň içinde 15-nji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Gahryman Arkadagymyz ýakynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde iş saparynda boldy. Mejlisde Milli Liderimiziň orta atan teklipleri, başlangyçlary geňeşiň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň başynda parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň abadançylyga we asudalyga esaslanýan syýasatyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklip gelýär. Uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdirmek bilen bagly döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlenmek baradaky başlangyç bolsa Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlar üçin iňňän peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-yk

Bitaraplyk, bagtyýarlyk — bir ajaýyp sazlaşyk

Parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk we hoşniýetlilik taryhyň çuňluklaryndan bäri biziň ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen ynsanperwer ýol-ýörelgeleridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ýörelgeler many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, berkarar türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip alyndy. Ata-babalarymyz has irki döwürlerde-de goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tarapdary bolupdyrlar. Oguz han Türkmeniň eýýamyndan başlap öz taryhynyň ähli döwürlerinde ylalaşykly ýaşamaga, jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär.

Gümrük nokadynyň täze binalary we desgalary

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda durky düýpli täzelenilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalary we desgalary ulanylmaga berildi. Dabara Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, il sylagly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Alpanyň ak mekdebinde

Bu gün türkmen obalarynda guwanç bilen: «Gahryman Arkadagymyz gurduryp berdi», «Arkadagly Gahryman Serdarymyz sowgat etdi» diýilýän täze binalaryň sany barha artýar. Geçen güýzüň ilkinji gününden başlap, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjylarynyň dilinde hem bu jümleler aýdyma öwrüldi. Bu gün bu gadymy obany ajaýyp döwrümiziň miwesi — täze mekdep bezeýär. Döwrebaplygyň kämil binýady

Ynsanyň köňül nagşy

Magtymguly Pyragy pelsepewi döredijilik dünýäsi bilen üç asyrdan bäri durmuşymyza çuňňur many, kalbymyza öçmejek nur, ýolumyza ýagty şöhle çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ýene bir dürdäne kitabyny akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde uludan belleýän günlerimizde halkymyza sowgat etmegi şatlygymyzy goşalandyryp, gursagymyza guwanç hem buýsanç duýgularyny eçildi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, täze kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlar beýan edilýär. Halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, beýik şahsyýetleri hakdaky her bir maglumat, söhbet hem-de eser köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Şularyň ählisini özünde jemleýän kitap Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ähli eserleri ýaly, terbiýeçilik taýdan uly ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýmek bilen, geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirkizaman türkmen edebiýat ylmynyň, m

Baýramçylyk saçaklary üçin

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklarynda dürli naz-nygmatlaryň, dükanlarda sowgatlyk harytlaryň ýeterli bolmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi. Goşa baýram gapymyzdan ätleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren tabşyryklaryny günübirin ýerine ýetirmek üçin biziň welaýatymyzda hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Adaty günlerimizde hem saçaklarymyz berekedini seçip dur welin, toý-baýramlarymyzda, şatlykly günlerimizde dürli tagamlary bilen has-da haýran galdyrýar. Ajaýyp däp-dessurlarymyza görä, saçaklarymyz ildeşlerimiziň açyk kalplaryny, ruhy joşgunlaryny, sähralary deýin jomartlygyny, giňligini görkezýär. Il-ýurda arzuw edilýän gowulyklar bolsa naz-nygmatlara süýjülik gatyp, rowaçlyklarymyza bat berýär.

Goja ýazyjy maňa şeýle diýipdi...

Bir gün Baýram Jütdiýew maňa jaň edip şeýle diýipdi: «Sen dag hakynda ýazan makalalaryň bilen önüp-ösen topragyň — Watanyň öňündäki borjuňy berjaý etdiň». Bäh, muny, asyl, žurnaliste-de şeýle diýseň boljak eken, onda-da asuda döwrümizde, parahatçylykly günlerde! Bu söz Watan esgerlerine, Watan goragçylaryna, onda-da gahrymançylykly bir iş bitiren gerçeklere aýdylmaly sözdür hasap edip ýördük.

Halkara Bitaraplyk gününe

Türkmeniň buýsançly toýy Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky ýene bir buýsançly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýeňişli menziller bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalaryň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde uly goldaw tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Düýn 3-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Şöhratly taryhyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatary artýar. Muny ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy taryhy ýylyň bezegine öwrülip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri, ynsanperwerligi, parahatçylygy ündeýän, milli medeniýetimize, taryhymyza, däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize söýgi döredýän beýleki kitaplary ýaly, bagtyýar halkymyza bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy. Milli Liderimiz: «Öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýazyp tamamladym» diýip belläp geçýär. Ajaýyp kitap halkymyzyň hakydalarda baky orun alan şöhratly taryhynyň, medeni hem ruhy mirasynyň beýany bolup, göwünleri buýsanja hem guwanja besleýär. Şonuň ýaly-da, ol türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhda goýan yzlary, meşhur şahsyýetlerimiz we olaryň bitiren işleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. 

Eşretli durmuşyň girewi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramaga gönükdirilen döwletli tutumlar täze belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hatary ýylsaýyn artýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki giň mümkinçilikleri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň ýola goýulmagy bolsa, saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ähmiýetli wakadyr. Kärhananyň ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürýän dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleri geljekde halkara bazarlarda hem mynasyp ornuny tapar. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmekde dowamat-dowam tapýan şunuň ýaly oýlanyşykly özgertmeler mähriban Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Her birimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermäge ruhlandyrýar. Ynsan saglygyna oňyn täsir edýän bu ýörelgeler adamda tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Halkyň saglygy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde döwletimizde saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriň derejesine ýetirildi. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan halkyň saglygy we onuň geljegi baradaky alada «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlara daýanýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap sport toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan hassahanalaryň, saglyk öýleriniň mysalynda anyk görmek bolýar.