Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Welaýatlardan habarlar

Go­laý­da Da­şo­guz şä­he­ri­niň «Ga­raş­syz­lyk» sport des­ga­syn­da 2010-njy ýyl­da dog­lan we şon­dan ki­çi ýaşly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gin­de et­ra­by­my­zyň tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Et­ra­byň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eden­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň tür­gen­le­ri­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ýa­ryş­da ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry­my­zyň iki­si 1-nji, bä­şi­si 2-nji, bä­şi­si bol­sa 3-nji orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANY

Gurban MYRADOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Çagalaryň sagdyn we bagtyýar geljegi ugrunda

Çagalar — biziň geljegimiz, ýurdy has-da beýik sepgitlere ýetirjek, merdana pederlerimizden miras galan mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özerkliligini gorap saklajak nesillerimiz. Her bir halka mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem körpe çaga, perzent durmuşyň gülüne, altyn aşyga deňelýär. Olar aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalýar. Bu barada halkymyzda «Çagaly öý — bazar» diýen dürdäne söz hem bar. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda öý-ojak, maşgala mukaddesligi, ene-ata bilen perzentleriň arasyndaky mähribanlyk kökeni barada: «Ata-ene öýüň mähir ojagydyr. Perzentler onuň mähir alawydyr» diýýär. Ine, «mawy» ekran arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler bilen tanşanymdan soňra şeýle oýlara berildim. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gazna tarapyndan tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda bitirilen işler barada hasabatlary diňlemegi, düzümiň işini has-da kämilleşdirmek barada çözgütleriň kabul edilmegi bu haýyr-yhsan işleriň geriminiň has-da giňeldiljekdiginden, kämilleşdiriljekdiginden habar berýär. Şeýle pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda aýdan bir jümlesi hakydaňa berk ornaýar, ol hem Milli Liderimiziň: «Ý

Aý dogsa, älem görer

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ajaýyp ykbally «Akylly» şäher

Şäherler we obalar islendik ýurduň rowaçlygyny öz ajaýyp keşpleri, ýaşaýjylarynyň bagtyýar durmuşlary we ykballary bilen sözsüz beýan edýärler. Bu gün türkmen şäherlerine we obalaryna şeýle durmuş mahsus bolup durýar. Olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň gurduran Arkadag şäheri bolsa bütin dünýäniň ýokary bahalaryna we halkara sylaglaryna mynasyp bolýar. Munuň özi diňe bir şäheriň däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini hem aýdyň görkezýär. Sebäbi türkmeniň şöhratly taryhynda ilkinji gezek gurlan «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri hökmünde Garaşsyz ýurdumyzyň ajaýyp taryhyna girdi. Arkadag şäherinde durmuş-ýaşaýyş ýakymly öwüşginlere beslenýär. Milli Liderimiziň ýakynda Arkadag şäherine amala aşyran sapary diňe bir bu şäheriň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, ildeşlerimiziň her biriniň ruhuny has-da galkyndyrdy. Milli Liderimiz sapar mahalynda ajaýyp şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikler

Täze ýyl baýramynda ildeşlerimiziň sahawatly desserhanlaryny çörek we süýt önümleri bilen bezemek mümkinçiliklerini artdyrmakda «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçilikde derwaýys işler alnyp barylýar. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri datly kökeleriň, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally dorogly çörek önümleriniň we dürli tagamly süýjüleriň 28 tonna golaýy öndürilip, ilata hödürlenildi. Şeýle-de bu ýerde halkyň uly isleg bildirýän peýnirleriniň duzly hem-de «Abywerd» ady bilen tanalýan gaty kyrkgasanak görnüşleriniň her günde 100 kilogramdan gowragy taýýarlanylýar. Önümçilikde 20-ä golaý işgär zähmet çekýär.

Hakyda — heňňamlaryň hikmeti

Gojaman taryhyň göwsüni gulaçlap, asyrlaryň aňyýet älemine aralaşyp, geçmişi paýhas eleginden geçirmek zamana zynat, döwre dowamat berip bilýän Hakdan halatly dana kişilere eýgerdýär. Gahryman Arkadagymyzyň hökmürowan wagtyň üstüni basyran, halkymyzyň dünýä ýaň salan sahawatly işlerini taryhyň gatyndan gyzylyň gyryndysyny gözlän ýaly yhlas bilen agtaryp, seljerip, keşbini Aý dogan ýaly suratlandyryp, «Hakyda göwheri» atly diwana ýerleşdirmegi diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem, gojaman taryhyň özüne ýapylan perzentlik serpaýdyr. Biserhet wagty birýana serpip, geçmişe beletlik bilen aralaşan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri özi bilen okyjyny hem geçmişiň goýnuna seýrana çykarýar. Asyrlarynyň hersi bir kitap, ýyllary sahap, günleri zerbap setirler bolan syrly taryhy öwrenmek, bilmek, oňa akyl ýetirmek geçmişiň lybasyndaky özüňi görmekdir, diýmek, geçmişdäki wakalara şaýat bolmakdyr. Bu ajaýyp eseriň öňde goýýan baş maksady hem merdana ata-babalarymyzyň ýaşan mukaddes topragynyň üstünde bolan şanly wakalaryň bu topragyň astynda ýitip gitmezligidir. Olar heňňamlaryň hakydasynda, halkyň hakydasynda, geljekki nesilleriň hakydasynda bakylyga, beýik işlere çakylyga öwrülip, dür-merjene, göwhere dönüp ýaşamalydyr.

Türkmenabatda täze ýyl öwüşginleri

Türkmenabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramyny her ýyl üýtgeşik mähir we şadyýanlyk bilen garşylaýarlar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelleşen keşbi, aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri, owadan ýollary hem-de döwrebap seýilgähleri Täze ýyl baýramyna has-da gelşik berýär. Iň esasysy bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi dessine gözüňe ilýär. Baýramçylyk golaýlaşdygysaýyn özgerişlikler has-da ýakymly görünýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döredilýän gowulyklaryň bu günki gün ildeşlerimiziň ruhubelentliginiň baş çeşmesidigini hem şu ýerde aýdasyň gelýär.

Şöhrata hem ösüşe beslenýän döwür

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gitdigiçe ýokarlanýandygyna biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda uly ösüşlere beslenýän ýylynyň dowamynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Üstümizdäki ýylda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän şanly wakalar 2024-nji ýylyň bütin dowamynda durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrülip, olar zähmetsöýer halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny d

Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Her bir işde bu goşa mukaddeslik güýç-kuwwat, ylham berýär. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň ösüşli menzillerde alyp barýan ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli işleriniň dünýä ähmiýetlidiginden habar berýär. Olar halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Garaşsyzlyk bilen galkynan, Bitaraplyk bilen beýgelen ýurdumyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bagtyýarlyk şuglasyny saçýan ajaýyp zamanamyzda täze belentliklere göterilýär. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde amala aşyrylýan işler ýürekleri söýgä hem buýsanja besleýär. Şol söýgi hem buýsanç bilen ädýän ädimlerimi

Aýdyň maksatdan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik esaslaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna aýratyn orun degişlidir. Ol öz iş ugurlaryny ýurdumyzyň döwlet syýasatyny, maksatnamalaryny we hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri halkyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat edip, halk köpçüliginiň işjeňligini artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, geljege bolan ynamy, agzybirligi, jebisligi berkidip, mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgini, beýik buýsanjy has-da ösdürip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, syýasy taýdan düşünjeli sagdyn ýaşlary kemala getirmek, ilatyň bähbidini goldap we gorap, agzybirligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Biz geljekde hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek bilen, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşdiril

Eşretli durmuşyň eýeleri

Ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, edep-terbiýeli, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülen şeýle köptaraply aladalaryň özeninde çuňňur many-mazmun jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna abraý bilen hötde gelmek jogapkärçiligi bizi — ýaşlary ähli ugurlarda yhlasly, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, pederleriň kämillik mekdebini geçen ruhy-ahlak ýörelgelerimize eýermäge ruhlandyrýar. Bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde yhlas-başarnyklaryny orta goýýarlar. Olaryň döredijilikli zähmeti ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz we geologiýa senagatynda, elektroenergetika, himiýa, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarda, oba hojalygynda hem-de beýleki ulgamlarda gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle-de olar döredijilikli pikirlenmegi, ugurtapyjylygy talap edýän telekeçilik işlerinde hem öz başarnyklaryny görkezýärler.

Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi

Ýurdumyzda köpugurly çözgütleriň esasynda gurulýan binalar toplumlary, döwrebap şäherler we obalar, amala aşyrylýan şähergurluşyk taslamalary ata Watanymyzyň kuwwatynyň uludygyny delillendirýär. Olarda türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem-de okgunly ylmy-tehniki ösüş, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi öz aýdyň beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen ulag düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Dünýäde belende galýan mertebe

Parahat, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak, şöhratly Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ýaly asylly maksat jebisleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimlerde dowam edýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň oňyn netijeleri, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen taryhy taslamalar, dünýä döwletleri we halklary bilen alnyp barylýan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamalarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýörelgelerine berk eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhas, dünýäniň syýasy-ykdysady ýagdaýyny öňdengörüjilik bilen seljermek arkaly ýöredýän ynsanperwer döwlet syýasaty gazanylýan şeýle üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar. Munuň özi ynsanperwer daşary syýasaty gyşarnyksyz ýöredýän ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna we dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Berkarar Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da be

Nygmat bardyr näçe diýseň...

Ajaýyp umyt-arzuwlara beslenýän Täze ýyla her bir öý-ojakda uludan taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde, olaryň döwrebap bazarlarynda, söwda merkezlerinde, dükanlarynda, göçme söwda nokatlarynda kemsiz gyzyşan söwdalary synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli harytlary ýeterlik bolan söwda nokatlaryndaky hereket ünsüňi özüne çekýär. Täze ýyl arçalary, olara gerek bolan bezegler, birenaýy gaplanan täze ýyl sowgatlyklary hem-de beýleki harytlar gözüňi dokundyrýar. Gyzgalaňly söwda edýän bagtyýar raýatlarymyzyň hormatly Prezidentimizi alkyşlaýan hoşallyk sözleri dilleriniň senasyna öwrülýär. Baýramçylyk söwdalarynyň ýokary derejede guralmagynda, dürli harytlar bilen üpjün edilmeginde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Alyjylara hödürlenýän harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilmegi örän guwandyryjydyr. Saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýan azyk önümleriniň ýokary hil derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy hem-de nyrhlarynyň elýeterli bolmagy diýseň begendirýär. Munuň özi telekeçileriň döredijilikli zähmeti bilen öndürilýän azyk önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny, durnukly artýan isleglere eýedigini aýdyň görkezýär. Ýörite gaplara gaplanan önümler alyjylaryň islegli harytlarydyr.

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzda geçirilýän dürli çäreler: bäsleşikler, maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ähli ugurlarda rowaçlyklara beslenýändiginiň, akyldar şahyrymyza hormat-sarpanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi hem şolaryň biri boldy. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpany, ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan beýik işleri giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini Gündogaryň beýik akyldaryna bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar ýokary işjeňlikde gatnaşdylar. Olar bäsleşige hödürlän goşg

Özgerişler — ösüşlere badalga

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ajaýyp zamanada ähli ugurlar boýunça bady barha artýan özgerişleriň ýoly bilen diňe öňe barýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeler berkarar döwletimizi günsaýyn täze ösüşlere besleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Jemgyýetimizde demokratik ýol-ýörelgeler täze, has kämil belentliklere çykýar. Ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmeklige-de uly ähmiýet berýär hem-de bu babatda anyk wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmekde milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny aýratyn belleýär. Bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, täze döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny üpjün etmek bilen, aýdyň hem röwşen geljegimiziň binýadyny goýýar. Goý, ajaýyp zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda şöhratly menziller dowamat-dowam bolsun!

Bagtyýar durmuşyň binýady

Mähriban halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Ynsan saglygyny goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Şol esasdan, ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin tutumly işlere badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar» diýen sözleri muny doly tassyklaýar. Saglyk — bagtyýar durmuşyň sakasy. Şonuň üçinem täze taryhy döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda ulgamy ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu maksatnamalarda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, innowasion tehnologiýalara, lukmançylyk ylmyna esaslanýan kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de ulgamy dünýä lukmançylygynda gazanylan tejribelere laýyk ösdürmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenilýär.