Beýik ösüşleriň döwri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, onuň agzybir halky bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýetýär. Diýarymyzyň rowaçlyklara beslenýän her gününde täze özgertmeler we ösüşler beýanyny tapýar. Durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halkyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalar döwletimiziň berkararlygyny we abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Ajaýyp zamanamyz halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar, öndürjilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Şol çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, il-ýurt bähbitli başlangyçlary, täze taryhy döwrüň beýik ösüşleri barada buýsançly gürrüňler edilýär. Geljekde hem döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, tutumly işlerine goşandymyzy goşmakda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.