Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wiola Amherde tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

ORAZOW P.A. hakynda Orazow Perhat Annagurbanowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Depginli ösüşler bilen

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Taslamalar — täze taryhymyz

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulýan desgalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahaty

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (ÑTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýangyç-energetika toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi naz

Arkadag şäheri — geljegimiziň aýdyň nusgasy

Häzirki döwürde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda binýat bolan kämil sungat eseridir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmak maksady bilen, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Beýleki gurluşygy dowam edýän desgalar ýaly, bu kärhananyň gurluşygynda hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygy, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigi bellenildi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy gatnaşyklaryň täze tapgyry

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna sarpa goýup, ezelden olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Şeýle gymmatlyklar diňe bir türkmenleriň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä halklarynyň ünsüni hem özüne çekipdir. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurt derejesinde asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýyllarboýy gazanylan netijeli hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasynda Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Şoňa laýyklykda, guramanyň sanawlaryna gadymy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary we beýleki taryhy şahslaryň eserlerini girizmegiň hem mynasypdygy bellenilýär. Şeýle-de ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde bu abraýly guramanyň kafedralary hereket edýär.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

Saglyk — bu ynsanyň baş baýlygydyr. Saglygyny gorap saklamak hem-de berkitmek her bir adamyň öz elinde. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyz «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Saglyk — baýlyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny, belent başynyň asudalygyny gorap saklandygyny görkezýär. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle döwletli ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly rowaçlyga eýe bolýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn sarpalanýar. Bu oňyn işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň mazmunynda aýdyň dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyz dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalarydyr ykrarnamalaryna hem mynasyp bolýar.

RAÝAT JEMGYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen bedew batly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda raýat jemgyýeti has-da kämilleşýär. Bilşimiz ýaly, raýat jemgyýeti ýoluna geçmekliginiň özboluşly ýoly bar. Onuň döremegi we ösmegi üçin ykdysady, syýasy, durmuş şertler zerurdyr. Raýat jemgyýeti hususy eýeçiligiň we bazar gatnaşyklarynyň bar ýerinde kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek, önümçilik pudaklarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip berkidilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.

DEMOKRATIK ESASLARDA GEÇIRILEN SAÝLAWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurtda syýasy ulgamyň kämilliginiň ölçeg terezisi hasaplanylýar. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir. Şu jähetden, ýurdumyzda saýlawçylar ses bermäge agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, mynasyp dalaşgäriň saýlanylmagy üçin uly goşant goşýarlar.

«ARKADAG» ÝYLDYZY – ÄLEM-JAHAN ŞUGLASY

«Aý dogsa, älem görer» diýleni! Halkyň bu hikmetli sözi täze taryhy döwrüň beýik gudraty hökmünde belent ykrara eýe bolan Arkadag şäheriniň mysalynda öz aýdyň güwäsini tapýar. Sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan döwrebap innowasiýaly Arkadag şäherinde bu günki gün bütin dünýäniň nazary eglenýär. Bu hakykaty sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda şähere halkara güwänamalaryň we diplomlaryň 21-siniň gowşurylmagy hem tassyklaýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip toýlanmagy özboluşly mazmuna eýe boldy. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň hem-de teleskopyň we onuň düşüren suratynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy şanly ýylyň möhüm wakasy hökmünde täsirli pursatlara beslendi.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Halkyň bähbitlerinden ugur alyp Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanylyp, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek, şeýle-de, bu mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etdi. Şol gün hem paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy.