Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion esasda yzygiderli ösdürilmegine, ilata döwlet tarapyndan berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, welaýatlarda önüm öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, sebitlerde Oba milli