Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy, zähmet çekmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Şu ýyl Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilendigini we häzirki döwürde-de ösdürilýändigini nygtamaga şatdyryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Häzirki döwürde durnuklylyk hem-de dostlukly gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ähli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Agzybirligiň we rowaçlygyň binýady

Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär Halkymyz gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şoňa görä-de, şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň wajyp ugry bolmak bilen, ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Muňa 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. ÖŇDE GOÝLAN WEZIPELER ÜSTÜNLIKLI ÝERINE ÝETIRILÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz iş saparynda boldy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Ilçiler işe başlady

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda topl

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Garaşsyzlyk — rowaçlyklaryň röwşeni

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň hem jebisliginiň müdimi binýadydyr.

Nurana geljek üçin parasatly başlangyçlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri, iri halkara guramalary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek  Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjy» Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek ugrunda äh

Menzilleri mertebeleýän maksatlar

Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň Konstitusiýamyza esaslanýan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edarasydyr.

Ynsanperwerlige ruhlandyrýan ýörelgeler

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn alada we goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 27-nji awgustda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň taryhy pursatlary hem çagalaryň sagdyn gurşawda ulalmaklary, kämil şertlerde bilim almaklary üçin  döwletimiziň alyp barýan  yzygiderli tagallalaryny dabaralandyrdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek babatda ýurdumyzda we halkara derejesinde belent ynsanperwerlige mahsus işleri yzygiderli durmuşa  geçirýär.