Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

«Sap söýgüden gurdugym...»

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Dabaralar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyşy bilen başlandy. Dabaraly pursatda ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Ýaş nesliň saglygy — halkyň bagtyýarlygy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, iş maslahatyny geçirdi.

Maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işler hakynda hasabat berdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler, ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, oba hojalyk pudagynda, gurluşyk-senagat toplumynda amal edilen işler, söwda toplumynda, medeniýet ulgamynda alnyp barlan işler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan dürli çäreler, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler, amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylyşy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyrylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň barşynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle-d

Möhüm wezipelere üns çekildi

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Pederlerimiziň şöhratly ýollary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, ýurduň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

Ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem ýokarlandyrmak, şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletli işler amala aşyrylýar. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Il-ýurt bähbitli oňyn işler

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Bu şanly senelere barýan ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de şu döwürde ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bular barada şu ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Mejlisdäki hasabatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda mejlisde milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýe

Wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmelidir

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ählumumy bagtyýarlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän beýik başlangyçlary uly ösüşlere berk binýat bolup, dünýä döwletleri tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginde arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasaty yzygiderli alyp barmagyň ajaýyp tejribesini toplan, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän abraýly döwlet hökmünde tanalýar. Hut şonuň üçinem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özüniň daşary syýasat ugruny has-da kämilleşdirýän eziz Diýarymyzda syýasy we ykdysady gatnaşyklarda ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Şeýlelikde, ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar, hemmetaraplaýyn ösüp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Döwletimiziň daşary ykdysady syýasaty, ozaly bilen, ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdeleri babatda dünýäniň dürli döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle-de ulag we aragatnaşyk ulgamynda, ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmäge esaslanýar. Ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak baky berkarar döwleti

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bedew bady bilen täze üstünliklere tarap

Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýan halkymyz ertirki gününe uly ynam bilen garap, öz öňünde geljek üçin belent maksatlary goýýar. 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Şu gün ýurdumyzda bugdaý ekişine başlanylýar

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

BU DI­ÝAR­DA DOST-DO­GA­NA SAR­PA BAR, «BI­LIM AR­KA­LY BEÝIK GEL­JEK GURULÝAR»

Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlyk-şowhuna beslendi Däp bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde açylyp ulanmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.