Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ylham ýaýlasy

Obam bilen hyýaly söhbetÝaýlasyna kürsäp girip ýaşlygyň,Eýýäm çagalygmy ýitirdim, obam!Şol ýitgimi tapmak üçin goýnuňdanGeçmişi hakyda getirdim, obam! Duýgularmy kebelek deý ga:ýdyran,Şemallar çalyp ýör çagalyk heňim.Köçeleriň gursagyna seretsem,Aýak yzlarymam bar eken meniň.

Myhman hormaty

Myhmany ugradyp, öýi süpürmek — Türkmeniň däp-dessurynda bolanok.«Ugran myhman öýne ýetsin sag-aman»Diýip, aýal öýe sübse çalanok. Menem hezzet-hormatyny ýetirip,Myhmanyn ýap-ýaňy ugradan kişi.Bir çäýnek gök çaýy öňüme alyp,Käsä guýýan.Görsem, uly bir boýçy!

Yllham ýaýlasy

Garly goşgyGoşgy ýazdy ýigit ojak başyndaGyş güni günuzyn öýde oturyp.Ak gar ýaly ak alkymly ak gyzyGarpamyk deý göz öňüne getirip. Gyzyň kamatyna gyş bilen gardanMeňzetme gözledi agyrdyp başyn.Ýaňaklarny nar deý gyzartjak bolupSowurdy ýüzüne şemalyn gyşyň.

Ylham ýaýlasy

Gyşyň ak gary Gyş sowuk bolsa-da öz ýakymy bar,Şat çagalar buzda typyp oýnaýar.Göwnümi göterýär gyşyň görnüşiGözüm ak garlary synlap doýmaýar.

Ylham ýaýlasy

Bagtyýarlyga buýsanç Garaşsyzlyk — ýurduň çüwen ykbaly,Bitaraplyk — halkyň bagtyýarlygy.Bu goşa sütünde, beýik binýatdaBina gül Diýaryň berkararlygy.

Şygryýet bossany

Ejem keşde çekerdi Ýadymda gijäniň bir wagtyna çen,Ejem ýatman elde gaýma gaýardy,«Hany, ýatyň, indi giç boldy» diýip,Lukman ýaly saglygmyzy aýardy.

Tokga ýegen

(Nowella) Maşgalamyzyň özünden ekabyrraklary oňa «Tokga ýegen», özünden kiçiler bolsa, «Tokga gelneje» diýerdiler. Onuň ýaşy segsenden agandyr welin, hyk-çok edenini gören adam ýokdy. Ir wagtlar enem dagy: «Baý, şu Tokga ýegen gaýratly adam eken-ow. Ejesi Bossan görgüli iki perzendini — Kakajan bilen Tokgany ýetim goýup, dünýesini täzeländen soň, başyndan geçmedik külpet galan däldir pahyryň» diýerdi-de, uludan demini alyp oturybererdi. Biz hem entek oglan bolanymyz üçin, ol sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandydyny aňşyrjagam bolmazdyk. Sebäbi biziň üçin dünýäde Tokga gelnejemden bagtly adam ýok ýalydy. Öýümizde onuň adynyň tutulmaýan güni bolanokdy. El-aýak ýaly ýetişikliligini, işeňňirligini dillerinden düşürmezdiler. Bize ol öwgüleriň hemmesi düşnüklidi. Ýöne «Bir öýüň erkegem özi, aýalam» diýmeklerine bolsa dogumlylygy üçin aýdylýandyr öýdýärdik.

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Bagtyýarlyk mekanynda mydam bahar-ýaz bolar,Ýürek ýagyňa eýlenip, sözlän sözleň uz bolar,Arkadagly Watanymda bu söz aýdym-saz bolar,«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany».

Şygryýet bossany

Aşgabat Aşyk boldum Aşgabada,Dagy bilen haýran etdi.Bendi boldum Aşgabada,Bagy bilen haýran etdi.Joşgunym meň Aşgabada,Bilbil kimin saýran etdi!

Şygryýet bossany

Topragym Seni başa täç ederem, Diýarym,Sen perzendiň gujagyňda götär sen.Gözelligiň köňle ylham hem aram,Berekediň nygmat bolup ýetir sen.

Türkmen sözüniň dürleri

Ýeriň ýüzünde wagtyň, agyr-agyr heňňamlaryň, gerdişleriň şatysyna döz gelip bilýän söz ýaly başga bir gudrat barmyka?! Gök ummanlar bugaryp-bugaryp galýar, sary sähralara öwrülýär. Hanasyna sygman çyrpynýan tereň derýalar «wagty ýetse, gurap, ýer dek bolýar». Älemiň ýalaňaç ýüregine meňzäp duran belent-belent daglar gara ýeriň ýüregine bata-bata, ýer bilen deňleşýär galyberýär. Iň uzak ýaşaýan çynar müň ýyl ýaşaýar. Söz weli galýar, ol — bakylygyň hemrasy. Asyrlaryň jümmüşinden goja Gerodotyň pähimli pyşyrdysy eşidilýär. Gomeriň ähli dillerde ýaňlanýan setirleri ony şu günlerem aramyzda ýaşadyp ýör. Ýusup janyň: «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen sözi asyrlarboýy nesilleri watançylygyň iň bir nurana nusgasynda terbiýeläp geldi. Balasagunlynyň «Bagtly edýän ylmy» sözüň ýaşamaga ukyplydygynyň göreldesidir. Gündogar sözüniň öçmejek Günleri, Aýlary, Ýyldyzlary — Nyzamy, Firdöwsi, Jamy, Nowaýy, Hafyz, Hakany, Nesimi, Magtymguly ýaly genileriň pähim nury ynsan köňülleriniň üstünden şöhle saçýar, dünýäniň garaňkylyklaryny röwşen edýär. Adamlara dünýäniň ýollary bilen azaşman gitmäge ýardam edýär.

Ene mähriniň gudraty

(Hekaýa) Şemşat bilen Yhlasyň durmuş guranlaryna ýedi-sekiz ýyl geçenem bolsa, olaryň perzende ýüzleri düşüberenokdy. Ilki-ilkiler-ä birek-biregiň ýanynda bu babatda gürrüň gozgamazdylar. Soňabaka Yhlas geplemezligi çykardy. Şemşat bu ýagdaýyň perzentsizlik dagy üçindigini bilse-de, olam gijelerini sessiz aglap geçirýärdi. Aý-gün geçip barýardy, arzuwlanylýan «altyn aşyk» welin ýokdy. Adam pahyr ýarym göwün bolsa, ynanjaň bolar eken. Şemşat her gezek «Indi tebibiň gapysyndan barman» diýip gaýtsa-da, aradan wagt geçensoň, ýene ýola düşerdi. Özem bu zatlary Yhlasdan gizlärdi. Emma hiç ýerden delalat ýokdy.

Basar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserini okanyňda türkmen halkynyň birnäçe asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaý itleriniň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna, wepadarlygyna buýsanjyň artýar. Bu gymmatly kitaby okap, ýaşlygymda bolup geçen bir waka ýadyma düşdi. Oglanlyk bir hezil döwür, her bir zatdan oýun döredýärsiň. Hamala dünýä seniň üçin diňe oýun-gülküden ybarat ýaly. Seniň keýpiňe sogan dograjak, oýunlardan ünsüňi sowjak hiç bir sebäp ýok. Oýunlaryň has gyzyşýan ýeri hem öri meýdanydy. Oglanlar mallaryny örä kowansoňlar, olaryň goh-galmagaly asmana göterilýärdi. Düzzüm oýnaýan haýsy, biri-birini kowalap, ylgaşyp ýörenler haýsy! Aşykdyr çilik oýnaýanlaryň hem şowhuny özüne ýetikdi. Garaz, oglanlaryň dek oturýany ýokdy. Mallary örä alyp gaýdýan weli, Basar atly alabaý itim hem yzymdan galmazdy.

Göwnüm bilen ikiçäk

Aslynda, bu ýana bu golaýda ýolum düşmändir. Gatnaw bolany hem unudylana çalymdaş saýgarar-saýgarmaz ýodajygy yzarlap geldim. Daşyndan göräýmäge, hut şarňyldap duran köşkpisint jaýyň düşäýen halyny... Gapyny kakyp, esli wagt durdum. Soň ýene... ahyry soňky umydym diýenimde, gapyny bir ýaşuly zenan açdy. Gözlerime ynanman, geň galdym. Çünki göz öňüne getirýän, garaşýan sypatym bu däldi. Ýüzüme öýkeli hem içgin nazarlary bilen baka-baka meni içeri saldy. Giň otagyň içinde sowuk ýel öwüsýärdi. Bir burçunda bolsa ejem aýtmyşlaýyn, «jynyň yşygy ýaly» ne ýanandan, ne-de sönenden bolup ot ýanýardy. Garaz, uzyn gepiň keltesi, doganym pahyryň diýşi ýaly, bu ýer, bu zenanyň sypaty, hakyt, «pozulan gurjak ýalydy». Birsalym gözügidijilik bilen däl-de, aňkasy aşgynlyk bilen bu ýeri synlanymdan soň, dymyşlygy hälki zenan bozdy. — Seni haýsy güýç-gudrat getirdi?

Körpelere okap beriň!

GARGA WE MEN — Ak towşanjyk,Ak garjagaz.Ak guzujyk,Ak gazjagaz.

Zeminiň dostluk damary

«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan ...1886-njy ýylyň 2-nji iýulynda merwliler bu ýere gelen ilkinji demir ýol ulgamyny görmek üçin onuň ýoluna çykýarlar. Ine, şondan soň bu ýoluň iň güzaply, iň kyn bölegini — Garagumuň hemişe ýel-tupan öwsüp duran bölegini gurmaga girişilýär. Ylaýta-da Rawnina, Üçajy töwereklerde gurlan ýoly çäge syrgyny basyp, hupbat baryny görkezýär. Köp ýerde aňňat-aňňat çäge alaňlaryny böwsüp geçmeli bolýar. Ahyrsoňunda 1886-njy ýylyň 30-njy noýabrynda demir ýol Amyderýanyň bäri kenaryna barýar. Ýöne iş munuň bilen tamamlanaýmaýar. Demir ýoly ondan aňryk — Gyzylgum sähralarynyň içi bilen Buhara, Samarkanda ýetirmek strategik taýdan juda möhüm bolupdyr. Şeýlelikde, 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden 124 gije-gündizde gurlan köprüden ilkinji ýükli otly geçýär.

Ýagşylyk guýup kalplara

Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň ösdürilmegine, edebi gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür-döredijiliginiň öwrenilmeginiň we ilata ýetirilmeginiň hökmanylygy barada elmydama nygtaýar. Milli Liderimiz bu barada geçen ýylyň dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda hem ýörite belläp geçdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp eserleri bilen hakydalara siňen halypalarymyz bolsa barmak basyp sanardan köp. Şahyr Möwlamy hem şolaryň biri. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň edebiýat meýdanyna gelşi her kimde her hili bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň — Möwlamynyň döredijilik ýolunda hem şeýle bolupdy. Şu günler segsen bäş ýyllyk ýubileýi bellenilýän Öwlüýäguly aga baryp orta mekdepde okan ýyllarynda çaklaňja goşgular bilen «Halaç pagtaçysy», «Mydam taýýar» gazetlerinde çykyş eden hem bolsa, edebiýatyň ala meýdanyna bilini guşap girmäge howlukmandy. Bu ýagdaý hatda ol 1955-nji ýylda paýtagtymyzdaky şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň talyby bolan döwründe-de şonlugyna galypdy. Dogry, şol ýyllarda onuň iki-ýeke talyplyk döwründäki goşgulary göze ilip başlapdy. Ýöne bu entek döredijilik gözlegleriniň örüsini ke

Magtymguly Pyragy — söz şalygynyň soltany

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini açmaga görülýän taýýarlyklar barada habar berilmegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň we milli edebiýatymyzyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp eserlerine goýulýan hormat-sarpanyň tutuş dünýäde barha beýgelýändiginiň nyşany hökmünde köňüllerimizi buýsanja pürepürledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklaryň guralmagynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmeginde, umuman, dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrüljekdigini belledi.

Ol söz — ejedir

«Sözleri köp gaýtalaberseň ähmiýeti ýitýär» diýýärler. Belki-de, dogrudyr. Ýöne şeýle bir söz bar welin, ony näçe gaýtaladygyňça gaýtalasyň gelýär, ýüregiňe-de giňlik aralaşýar. Çünki ol iň eý görülýän sözleriň biri bolan — eje sözi. Onuň her biriňize-de şeýle täsir edýändigine hiç hili şübhäm ýok. Şol sözi zybanyňa alan mahalyňda ol mähriban ynsanyň uzak aralyklary golaý edip, bozup bolmaýan serhedi böwsüp, ýanyňda bolmagyny isleýärsiň... Ejeme bagyşlap täsin bir aýdymaýdasym geldi-de, çykdym daglara.Ýaňlanan badyna eje diýen sözGün lowurdap, guşlar gondy baglara.

Mukaddes kär (oýlanma)

Men mugallym. Doglan ýerimem mugallymyň maşgalasy. Ejem, kakam, atam, enem, hatda babamam mugallym. Mamam welin, halyçy. Kämahal ýolda-yzda gabat gelýän ozalky synpdaşlarym: «Tüweleme, sen-ä ejeň, kakaň kesbini ýöretmek üçin mugallym bolaýdyň» diýýärler, diýselerem mende mugallymçylyk kärine höwes döreden-ä, mamam. Ol öz dokaýan halylarynyň her bir göli barada şeýle bir täsirli gürrüň bererdi welin, meniňem şol hekaýatlardyr rowaýatlary başgalara gürrüň beresim gelerdi. Ýöne kime?! «Mamam ýaly garryja bolan bolsam, menem agtyklaryma gürrüň bererdim, belki. Ýöne garraýançam entek wagt kän-ä» diýerdim öz-özüme. Şol höwesim halys öz ugruma goýmansoň, köçämizdäki kiçijik çagalary üýşürip, seteran oturdardym-da, mugallym bolardym. Eli çeper halyçy gyzyň düşbüligi, ussatlygy bilen täsin haly dokaýşy baradaky rowaýaty olara her gün gürrüň bererdim. Umuman, haly barada ähli eşidenlerimi düşündirip bildigimden düşündirerdim. Meniň ýaşajyk diňleýjilerim bolsa, hezil edinip diňlärdiler. Men bolsa, olaryň bilesigeliji nazarlaryndan barha ylham alyp, «sapak» geçerdim. Şeýdibem, mende çagalykdan mugallym bolmak höwesi döredi.