Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Paýhas çeşmesiniň» dürdäneleri

■ Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg. ■ Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.

Ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri we ussat şahyr

Muhammet Baýram han Türkmen hakynda söhbet Şöhratly taryhymyza nazar aýlasaň, adynyň yzyna «Türkmen» tahallusy goşulyp, dürli döwletleriň syýasy durmuşynda möhüm orny eýelän şahsyýetleriň birnäçesini görmek bolýar. Şolaryň hatarynda Mürze Barhurdar Türkmen (XVI asyr), Isgender beg Türkmen (1560 — 1634), Muhammetguly Kutubşa Türkmen (1580 — 1611) we Muhammet Baýram han Türkmen (1498 — 1561) aýratyn orny eýeleýärler. Bu şahsyýetleriň arasynda Muhammet Baýram han «Türkmen» tahallusyny göteren şahslaryň iň görnüklisidir. Ýokarda sanap geçen şahsyýetlerimiziň ikisi döwlet işgäri we taryhçy, beýleki biri hökümdar hem şahyr bolsa, Baýram han Türkmen ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri, ussat şahyr hökmünde taryhda öçmejek yz goýandyr. Olar bir maksada — döwlete we çeper söze gulluk edipdirler.

Şygyrlar çemeni

Halkym Öňün-soňun müň ölçerip, geňeşip,Güneşli ülkede ornaşan halkym.Topragyny jandan ileri söýüp,Erkana ýurt üçin göreşen halkym. Goňşy-golam bilen bir göwre-bir jan,Sarpaly gatnaşan, duz-emek bolup,Eger-de bir kişi bolsa perişanHasratyny des-deň paýlaşan halkym.

Şygryýet bossany

Garaşsyz Diýar Her dem kuwwat tapýan Arkadagymdan,Döwletli döwran sen, Garaşsyzlygym!Ýurdum zyýat boldy Erem bagyndan,Bir ajap zaman sen, Garaşsyzlygym!

Şygryýet bossany

Eje hakynda aýdym Şu gün oglum dolandy-da mekdepden,Diýdi: «Eje hakda goşgy gerekdi!».Hödürläp bilmedim oňa bir goşgam,Çünki olar entek biraz gurakdy.

Eltim — egindeşim

Eltiler kalbymyzyň söýesi, kaddymyzyň gurbaty. Çünki eltiň bilen oňşukly bolsaň, ömrüň has manyly, ähmiýetli bolýar. Gaýyneneleriň ýakyn ýardamçysy, gaýynatalaryň köňül söýesi bolýan gelinler, eltiler durmuş diýilýän akabanyň sakasynda duran ajaýyp ynsanlardyr. Oba ýerlerinde bolanyňda köp gelinli öýlerde tomsuna peýwendi tuduň astyna keçe taşlap, gümür-ýamyr edip oturan agzybir eltileri göreniňde öz ýanyňdan buýsanýarsyň. Türkmen bir sözünde «Çöp bol, köp bol» diýýändir, şonuň ýaly köp eltili hojalyklaryň birtopar çülpe çagaly öýleriniň şadyýanlygyna şaýat bolanyňda, ýakynlygyň, garyndaşlygyň, köp çagalylygyň hakykatdan hem, ruhumyza mahsus ahwaldygyna düşünip galýarsyň. Ejeleri çaý içýärkä jagyl-da-jugul bolşup oýnaşyp ýören çagajyklar bolsa, elti gelinleriň göwünleriniň hoşy, kalplarynyň joşy bolup, olary has ysnyşdyrýar. Özüm-ä ýüwürjimiň gelnini kalbyma juda ýakyn saýýan. Biz şeýle bir ysnyşypdyrys welin, hatda ol indi uýam ýaly bolup galypdyr. Saba bilen hal-ahwalyňy sorap jaň etmesi, käteler işiň çykanda çagalaryňa esewan bolmasy onuň adamkärçiliginiň belentdiginiň alamaty.

Aždar (Hekaýa)

Irdenki başlanan duýdansyz şemalyň soňy harasada ýazdy. Mäti aga gözüňi gapyp gelýän harasadyň derdinden sürini zordan saýgarsa-da, ahyrsoňy getirip agyla saldy. Goýunlaryň tükelmi-däldigini gözden geçirip durşuna, bir bölek goýnuň ýokdugyny mese-mälim duýdy. «Harasat depämden gum sowrup, gözümi gapanda bölünäýdimikän-aý janawarlar?». Pikirlenip oturara maý ýokdy. Süriniň töwereginde itlerini goýdy-da, gelen ýoluny yzarlap gidiberdi. «Wah, açyk howada idäp tapmak kyn bolmazdy welin, bular ýaly ýagdaýda ugruňy ýitiräýmegiňem gaty ähtimal». Diýşi ýalam harasat barha güýçlendi. Haýsy tarapa gitjegini bilmän aljyraňňy ýagdaýda galan çopan kelebiň ujuny ýitirdi. Näme bolanda-da, sürini tükellemese, bolmajagyny bilýärdi. «Çakym çak bolsa...» diýip, gaýra tarapa tutduryberdi. Şuwlap agyz-burnuňy gumdan dolduryp geçýän ýeliň ugrundan ses gelen ýaly boldy. Mäti aga aýak çekip, diňşirgendi. Garagözem üşerildi. Ýok. Ümsümlik. Ýene ýöremäge hyýallandy. Ind-ä ses magat eşidildi. Onýança Garagöz ses gelen tarapa at salyp gitdi. «Be, Aždaryň sesine meňzeýär. Ol bu taýlarda näme edýärkä?! Düýnden bäri ýere giren ýaly tapdyrmady». Çopan Garagözüň yzy bilen ylgady. Gözlerine ynanmady. Oýuň içinde bir bölek goýnuň daşyndan pyr-pyr pyrlanýan Aždary tanar ýaly däldi. «Goýunlary dargatman saklapdyr wepalym». Mäti aga goýunlara golaýlady. Aždar uly bir iş bitiren ýaly, ylgap gelip çopanyň ellerini ýa

Bagt nirede? (Rowaýat)

Günlerde bir gün halky tarapyndan iňňän söýülýän, hormatlanýan bir patyşa rahatlygy, asudalygy iň gowy ýagdaýda suratlandyryp bilen suratkeşe gymmat bahaly sowgat garaşýandygyny yglan edýär. Bäsleşige örän köp suratkeşler gatnaşýar. Birnäçe günläp dowam eden bäsleşigiň ahyrynda biri-birinden owadan suratlar peýda bolýar we bu suratlar köşge tabşyrylýar. Suratlary ýekän-ýekän gözden geçiren patyşa iki suraty beýlekilerden has gowy görýär. Suratlaryň birinde asuda bir kölüň suraty çekilipdir. Köl aýna kimin töweregindäki beýgelýän daglaryň keşbini şöhlelendirýän eken. Ýokarda ak pagta ýaly çuw-ak bulutlar asmanyň görküne görk goşýardy. Bu surat görenleriň aňynda ýatdan çykmajak rahatlyk döretjek ýagdaýda owadan bolupdyr.

Ady aýdym Aşgabat

Aşgabat — yzygiderli özgerip duran sungat eseri. Hut şonuň üçin hem gözel Aşgabadymyz barada söz açylanda, bada-bat Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň: — Märekeli, myhmanlydyr ojagyň,Elwan güller gelişigi gujagyň,Ak şäherim, ah, ajabym, ajabym,Bezeneňde bezenýärin, Aşgabat! —

Köňül güzeri

Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň häzirki zaman türk dilleri we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, dosent Nergiz Biraý ýurdumyzyň alymlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini ylmy taýdan öwrenýän alym hökmünde-de giňden tanalýar. Türk alymy ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara yzygiderli gatnaşdy. 2014-nji ýylda Nergiz Biraý türkmen-türk medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz gazetimiziň şu sanynda Nergiz Biraýyň makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Daglara

Çopanyň soranjaň agtygy (hekaýa)

Gurthan çopanyň Ahmet atly agtyjagy bardy. Olar şäherde ýaşaýardy. Ýöne Ahmetjik oba gelip, atasy bilen bile bolanyny kem görmeýärdi. Onsoň ony elinje oba getirip gidipdiler. Ahmet bilesigeliji çagalardan diýilýänlerdendi. Köp zady bilesi gelýärdi, hiç bir zady duşundan geçiresi gelmeýärdi. Çöl bolsa täsinlikleriň öýjügidi. Şonuň üçinem ol gelen gününden başlap, atasy öýde mahaly, onuň üstüni dürli-dümen sowallardan doldurýardy. Ahmediň bilesigelijiligi atasynyň hem göwnünden turýardy. Şonuň üçinem onuň sowallaryna jogap bermäge birjigem ýaltanmazdy. Gaýta: «Tüweleme, akylly hem düşbüje agtygym bar. Hemme zady bilmek isleýär” diýip, hemişe onuň tarypyny ederdi. Bir gezegem atasynyň säher bilen bir gujak tiken köklerini guýa atyp duranyny gördi-de, onuň näme üçin beýdýänine düşünmedi. Şonuň üçinem:

Ene ýüregi(hekaýa)

Kä ýyl bahar aýlary daglardan sil gelip, derýalary joşdurýar. Suwuny hanasyna sygdyryp bilmedik derýalar öz kenaryny üznüksiz ýykýar. Bu ýagdaý uly adamlardan, çopan-çoluklardan has-da hüşgär bolmaklygy talap edýär. Uruşda ýogalan ýanýoldaşynyň yzynda galan ýeke dikrary Begmyratjygy saklap oturan Heseli aljyradan şol mylaýym güneşli günem derýa tarapdan yzyny üzmän gümmürdi geldi durdy. Begmyrat ir bilen-ä işiklerindäki eşegarka kepbäniň gapdalynda akbaý bilen oýnap otyrdy. Birdenem gürüm-jürüm bolaýdy. Işikde ýüň boýap oturan Hesel ilk-ä: «Aý, goňşulara dagy barandyr-da», diýip, ogluny känbir ýoklabam durmady. Günortanyň öň ýanlary boluberende welin, enäniň ýüregine birdenkä howsala düşmäge başlady. Kalby bir zat syzan ýaly, edip oturan işini taşlap zöwwe ýerinden galdy. Ilk-ä ýüreginiň gürsüldisine, soňam dynuwsyz güwwüldeýän derýa tarap diň saldy. Ylgap baryp aşak ýanlaryndaky goňşusy Tuwak daýzadan: «Begmyrat jan sizde-hä däldir?» diýip sorady. Hopukdy. Ýoklugyny bilensoň, aňyrky goňşulara tarap ylgady. Arasynda: «Akbaý, Akbaý!» diýibem gygyrdy. Obanyň içinden kelteräk bir öwrüm etdi-de, tam kepbesiniň güneşinde sakgal-murtuny bejerip, her gümmürdi eşidilende-de: «Haý, pylan güzeriň kenary gitd-ow. Aýuwly güzer-ä bu ýylam kenaryny sile bermäýse gerek. Ana, indem pylan kenar ýykyldy» diýip, geplenjiräp oturan Isaguly agaň gaşyna bardy. Isaguly aga onuň içki harasatyndan bi

Güneşli myhman (hekaýa)

Ruslan Piwowarow 1972-nji ýylda Ukrainanyň Nowomoskowsk şäherinde eneden doglan. Häzir ol Belarus Respublikasynyň Lida şäherinde ýaşaýar. Ol Belarusuň «Полоцкая ветвь» edebiýat birleşiginiň agzasy. Üç kitabyň awtory. Rus dilinde döredýän ýazyjynyň eserleri birnäçe dile terjime edildi. Dünýä derejesinde geçirilen abraýly döredijilik bäsleşikleriniň ençemesiniň ýeňijisi bolan ýazyjynyň “Güneşli myhman” atly hekaýasyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Şygryýet älemi açdy bagtymy»

Önüp-ösen ýerim menzil-mekanym,Gözümiň guwanjy, eý, Türkmenistan!Sözleriň içinden çeperni saýlap,Sen hakda düzerin ençeme dessan — diýip, bütin ömrüni Watany wasp etmeklige, il-gününe guwanmaklyga bagyş edip, many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserlerini halkyna miras galdyran Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol 1908-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dünýä inýär.

«Göwün göwünden suw içer» (edep hakyndaky oýlanmalardan)

Garrylarymyz nesihat bererdiler: «Göwnüňizde saklaýan kinäňiziň mütdeti ýaglygy ýuwup sereniňde, onuň guraýan wagtyndan uzaga çekmesin» diýip. Awar şahyry Resul Gamzatowyň adam ahlagy hakynda beýik münberden aýdan bir ajaýyp sözi bar: «Seni beýik adam bolmaga borçly etmeýärler, ýöne adam bolmak seniň borjuňdyr». Diýmek, sen kim bolanyňda-da «adam» diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaly.

Sonam bilen(degişme goşgy)

Tazykdyrma höwrümi,Diňletmäwer böwrümi,Ýatlap juwan döwrümi,Çaý içsem sonam bilen. Ummanda bile ýüzüp,Näz edýäň gözüň süzüp,Şanyna şygyr düzüp,Çaý içsem sonam bilen.

Körpelere okap beriň!

Watanym Joşup bu gün ýüregimden,Aýdýaryn şeýle sözi:— Türkmenistan güller açýar,Goý, eşitsin Ýeriň ýüzi.

Umytda boluber(gülküli kyssa)

Bir gün tanymal ýazyjy nähoşlady. Ony eşiden ýaş galamdaşlarynyň biri görmäge geldi. Nähoşlan ýazyjy ýaş galamdaşynyň gelenine hoş bolup, birneme dikeldi. Tirsegine galyp oturdy. Olar çaý başynda döredijilik, durmuş barada kän gürrüň etdiler. Gürrüňçiligiň arasynda ýaş ýazyjy halypa ýazyjynyň göwni üçinmi ýa-da çynymy, garaz, onuň döredijiligi barada uly göwrümli makala ýazmagy hyýal edenini ýaňzytdy. Ençe wagt bäri eser döredip, şolar bilen il-halkyň hormatyna mynasyp bolanam bolsa, özi hakda ýazylan makalany bir gezegem okap görmedik ýazyjynyň ýaş galamdaşynyň sözlerine has-da göwni galkdy. Onuň ýazjak zatlaryny okap görmek höwesi döredi. Şol günden soň ýaş ýazyjynyň tanymal ýazyjynyň ýanyna birki ýola gatnap, özüne gerek maglumatlaryny belleşdirip gitmegi onuň höwesini has-da artdyrdy. Hassa ýatan ýazyjy özi hakda oňat makalanyň ýazylaryna umytda bolup, her günki gazetleri gözden geçirip başlady. Ol näçe garaşsa-da, gazet-žurnalda özi hakda ýazylan makala gözi düşübermedi. Onda-da arzuw, umyt bir gowy zat, makalanyň ahyrda ýazylaryna ynam bilen garaşdy.

Sapak(iňlis tymsaly)

Uçar menzilinde oturan gyzyň bolşy nirädir bir ýere howlugýana meňzeýärdi. Munuň özi ýöne ýerden däldi. Onuň uçmaly wagty eslije soňa süýşürilipdi. Ol biraz oturansoň, turup gitdi-de, wagt geçirmek üçin kitap, iýer ýaly bir gap köke satyn alyp geldi. Soňam öňküje ýerine geçip oturdy. Kitabyny çykardy-da, goştorbasyny gapdaldaky boş oturgyçda goýdy. Ol goştorbasynyň ýanynda goýan kökesinden iýip, kitap okap başlady. Şol wagt boş durandan aňyrky oturgyçda žurnal okap oturan ýaş ýigidem onuň kökeli gabyna elini uzadyp, birini alyp, agzyna atdy. Gyzyň muňa gahary gelse-de, sesini çykarman, kitap okamagyny dowam etdirdi. Her gezek köke alanda, gapdaldaky ýigidem birini alyp, agzyna atýandygyna gyzyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ýöne köpçülikde goh turuzmazlyk üçin sesini çykarmady. Gapda ýekeje köke galanda gyz öz ýanyndan: «Indi bu gödek kişi näme ederkä?» diýip pikir etdi. Göýä onuň pikirini okaýan ýaly, ýaş ýigit kökäni aldy-da, ikä bölüp, gabagyny-da galdyrman oturyşyna, ýarysyny gyza uzatdy. Şondan artyk çydap oturyp bilmedik gyz goşlaryny aldy-da, ol ýerden daşlaşmak bilen boldy.