Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Köneürgenç — rowaýatlar şäheri

Ýakynda biz «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasynda bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärliklerimiz, olary öwrenmek, adamlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Şonda Köneürgenç baradaky rowaýatlary toplamak bilen uzak ýyllardan bäri meşgullanyp gelýän mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýew bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk. — Şöhrat aga, sizi okyjylarymyz mirasgär hökmünde gowy tanaýarlar. Köneürgenç rowaýatlary bilen gyzyklanyp ýöreniňize köp wagt boldumy?

“Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran” sazy

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda halypa žurnalist Allaberdi Sapargeldiýew bilen salamlaşaly hem-de saglygyny soraly diýip barypdyk. Zanny ýumşak häsiýetli Allaberdi aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý-nahardan soňra köne tanyşlar — Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Togtagül Kaka gyzy bilen Allaberdi aganyň gürrüňleri alşyp gitdi. Şonda Allaberdi aga: —Togtagül, sen ýaşlykdan türkmeniň edep-ekramyna, däp-dessuryna degişli rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörsüň. Hany, şolardan birini gürrüň bersene — diýip, gürrüňdeşligi ugrukdyryp goýberdi. Öňdenem ýumşak häsiýetli, türkmeniň inçe sungatyna ýüregi bilen berlen, ata-babalarymyzyň döreden medeni mirasy bilen gyzyklanyp ýören Togtagül Kaka gyzy:

Yz çalmagyň inçe syrlary

Ýodalary yzlap, ýola ýetmegi nesillere pent edip ýaşaýan halkymyzyň arasynda yzçylyk sungaty aýratyn orny tutupdyr. Türkmen dessanlarynda we ertekilerinde bir kişiniň aýak yzyny yzarlap, onuň ýoldan haçan geçendigini, näme iýip-içendigini bilýän adamlaryň ugurtapyjylygy beýan edilýär. «Görogly» şadessanyndaky: «Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly!» diýlen setirler türkmeniň yzçylyk sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýanlygyna güwä geçýär. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eseri esasynda surata düşürilen çeper film tomaşaçylara hödürlenilenden soň, köpler yzçynyň keşbini döreden Akmyrat Bäşimowyň hakyky adyny tutman, oňa «yzçy» diýip ýüzlenipdirler. Sebäbi belli artist bu keşbi döretmek üçin olaryň hereketlerini, özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenipdir.

Mirasymyzyň nepis nusgasy

Türkmeniň ak öýüniň duluny bezän gadymy horjunlar häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň hataryna girýär. Şol gymmatlyklary bir ýere jemlemek, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir. Ine, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerdäki gymmatlyklary synlasak, geçen müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarys. Şeýdip asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşümize, etnografiýa bölüminde has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbymyza dolýar. Sebäbi bu ýerdäki gymmatlyklaryň hersi — giden bir hazyna. Şolaryň hatarynda gadymy horjunlar hem ünsümizi özüne çekýär. Bu medeniýet ojagynda horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar.

Timar berse saçlaryna

Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna şamar saçlaryna timar bermek bilen bagly asylly ýörelgeleri we däp-dessurlary miras galdyrypdyrlar. Daralanda düşen saçlaryny salyp goýar ýaly «saçbukja» tikip beripdirler. Gyzlar akja mata ýazyp, saçlaryny darapdyrlar. Sähetli gün saçlaryny tuduň düýbüne gömüpdirler. Saçlar çem gelen ýere zyňlyp goýberilmändir. Şonuň üçinem nusgawy şahyrlarymyzyň wasp edişi ýaly, şana degende zülpleriň her tary başga-başga bolupdyr. Gyzlara saçbagy bilen saçlaryny örmek öwredilipdir. Saçbag saçyň tozman, ykjam saklanmagyna oňaýly täsir edipdir we gyzlaryň görküne görk goşupdyr.

Gopuzyň owazy şirin

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky geçmiş taryhynda 70-den gowrak dürli saz gurallaryny döredipdir. Şeýle saz gurallarynyň biri bolan gopuzy örän arassa, saýlama demirden ýasapdyrlar. Etrabymyzyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy demirçi ussa Nurgeldi Joraýewiň aýtmagyna görä, eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz, gündiz daksaň, goh-galmagally, daňdan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda daksaň, saýrak guş ýaly owazly bolarmyş. Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.

«Goçak» nagşy

Ajaýyp, milli nagyşlar arkama-arka, nesilme-nesil geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Şol nagyşlaryň hersiniň özboluşly taryhy bar. Men hem gadymy türkmen nagyşlary, keşdeleri bilen çagalygymdan bäri gyzyklanýaryn. Mamamyň, ejemiň gadymy nagyşlar baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňleýärdim. Gadymy türkmen nagyşlaryna zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, nepisligi, arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, halallygy siňipdir. Ene-mamalarymyzyň on barmagyň hünärinden dörän ol nagyşlar jadylaýjy gözellige öwrülipdir. Ajaýyp nagyşlar körpelerden başlap, ýaşululara çenli boýdan-başa bezeg beripdir. Diňe munuň bilenem çäklenmän, eýsem, nagyşlar öý goşlaryna, halylara, palaslara, keçelere, joraplara, elliklere we zergärçilik önümlerine-de salnypdyr. Şeýle nagyşlaryň biri-de goçak nagşydyr. Türkmenlerde tamdyrlaryň daşyna hem bu nagşy salmak irki döwürlerden adat bolup galypdyr.

Beýik ýoluň mirasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döredendigini, halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwrenip, ony wagyz etmek we geljek nesillere geçirmek işleriniň, arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň işjeň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda taryhy öwreniji W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleriniň biziň üçin nusga bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň arhelogiýa we etnografiýa baýlyklaryna, şan-şöhrata beslenen taryhly ata Watanymyza, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran ymgyr mirasyna goýýan beýik hormat-sarpasynyň nyşany hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki biziň taryhymyzyň syrly sahypalary, esasan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň goýnunda jemlenendir. W.Masson, W.Sarianidi ýaly belli alymlaryň dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary hem gönüden-göni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde

Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Bularyň arasyndaky dawa soltanyň gulagyna baryp ýetýär. Soltan olaryň ikisini hem öz huzuryna çagyrýar. Soňra ol wezire garap: «Galam eýeleri hemişe gylyç eýeleriniň hyzmatkärleri bolýandyrlar. Sen ne sebäpden galam eýelerini beýle mahabatlandyrýarsyň we öwüp arşa çykarýarsyň? Sen muny subut edip biljekmi?» diýýär. Wezir: «Beýik hökümdarym, gylyç dostlary däl-de, duşmanlary öjükdirip, aýaga galdyrar. Galamdan hem dost peýda görer, hem duşman dep bolar. Gylyç eýeleriniň hemişe patyşalyga meýli bolýandyr, şeýle-de olar mülke göz gyzdyrýandyrlar. Olar nygmat eýelerine garşy baş göterýändirler, emma galam eýelerinden munuň ýaly haýyn hereket çykmaz. Gylyç eýeleri soltanyň hazynasyny boşadýandyrlar, galam eýeleri bolsa hemişe hazynanyň üstüni doldurýandyrlar. Girdejili zat çykdajyly zatdan has haýyrlydyr we gadyrlydyr» diýip, akylly-paýhasly sözleri bilen öz garaýşyny delillendirmegi başarýar.

Gündogaryň beýik danasy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) «Beýleki planeta hem biziňki ýaly tebigy häsiýetli bolup biler» diýip, ynam bilen ýazan Abu Reýhan Biruny älemde Ýere meňzeş başga-da planetalaryň bolmagynyň mümkindigi hakda kesgitli gürrüň edipdir. Onuň pikirine görä, beýleki dünýä haýsydyr bir böwet zerarly bizden arany açypdyr. Biruny tebigatda boşluk ýok diýen düşünjäni goldap, «beýleki dünýäler» hakyndaky düşünjäni öňe sürüpdir. Bu meselede ol özünden ozalky pikirdeşlerinden öňe gidipdir.

Tagtyrowan

Orta asyr türkmen döwletlerinde hökümdarlaryň tagta oturmagy bilen olaryň häkimiýetleri başlanypdyr. Ýagny soltanlaryň hökümdarlyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biri tagta oturmak bolupdyr. Hökümdarlaryň oturýan makamyna «tagt» ady berlipdir. Tagt — häkimiýet we hökümdarlyk diýmekdir. Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» atly eseridir. Bu eser türki halklaryň yslamy kabul etmeginden soňra, türki dilde ýazylan ilkinji eserdir. Ýusup Balasagunlynyň bu eserinde tagt bilen baglanyşykly şeýle setirler beýan edilipdir:

Sallançak

Gadymy mirasa baý halkymyzyň arasynda maşgala, durmuş bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar häzirki döwürde-de ýörgünlidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz perzentlerini päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzinde durýan, mert, edermen, arassa ahlakly edip, terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ençeme gymmatlyklary döredip, bize miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklaryň biri-de sallançakdyr. Sallançak diýlende türkmen öýüniň töründe içi bäbekli mukaddeslik göz öňüne gelýär. Bäbek üçin ene gujagynyň dowamy sallançakdyr. Akja bäbekli sallançak üwrelip duran öý döwletlidir. Ata-babalarymyz öýüň dulundan sallançak gurupdyrlar. Özi-de ol çaganyň başy günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Öňki döwürlerde sallançagyň ýüpi ak öýüň tärimlerinden daňylypdyr. Pagsa jaýlarda jaýyň burçundan teble kakyp, şol tebleden halka asyp, halkadan sallançagyň ala ýüpüni dakypdyrlar. Öýüň dulundan 2-3 metr aralykda iki sany dagdan agajyny dikip, sallançak ýüpleri üçin ýörite pagta süýüminden, geçi çöpürinden ýa-da goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Iki gat ýüpüň iki ujunyň hersini bir agaja birikdiripdirler.

Hörele, düýäm, hörele!

Düýe maly gadym döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp gelýär. Ata-babalarymyz düýeleri ýük daşamakda, kerwene goşup, argyşa gitmekde, ýer sürmekde ulanypdyrlar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda has anyk söhbet edilýär. Beýik Ýüpek ýolunda uzak-uzak ýollary, uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez giňişlikleri geçmekde düýeler esasy hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, menziline garan düýeler ählitaraplaýyn peýdalydyr. Halkymyzyň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi medeni mirasymyzyň dürli ugurlarynda, esasan hem, amaly-haşam sungatynda, senetçilikde, halk döredijiliginde giň beýanyny tapýar. «Düýäm bar — dünýäm bar», «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan», «Düýe garrasa, botasyna eýerer», «Düýäniň haýsy tarapa gidenini gumalagy aýdar», «Düýede howut bolmasa, Soltan Weýis neýlesin?» ýaly nakyllar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi

Türkmeniň milli lybaslarynyň özboluşly gözelligi göreni haýran edýär. Şeýle nepisligi döredýän türkmen zenany kalbyndaky söýgüsini, arzuw-islegini nagyşlaryna siňdirýär. Sungat derejesine ýetirilen bu ajaýyplyklar gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri. Yhlas bilen ýapyşylan işiň tarypy bolsa, asyrlardan-asyrlara ýetipdir. Gelin-gyzlarymyz ähli döwürlerde hem gowy lybaslary geýip, iň nepis şaý-sepleri dakynypdyrlar. Bu gözellige haýran galmak bilen seredipdirler. Milli lybaslaryň owadanlygy şahyrlary hem özüne çekipdir. Muňa türkmen edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň:

Watan waspy dillerde

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge, durmuşyň ruhy binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten döwletlilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuň manyly gürrüň berýär. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden durmuş mekdebiniň binýadynda kemala gelendigini nygtamak bilen, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň goşgularyna ýüzlenip, bu barada anyk mysallary getirýär.

Ertekiler garramaýar

(Meşhur nakgaş Yzzat Gylyjowyň eserlerine ýanama) Ýanama diýenimden, okyjynyň owadan sährany göz öňüne getirjegini bilýärin. Dogrudan-da, şeýledir — ýanamanyň bir gapdalynda ata-baba höwürtgämiz — nurana ýaýla bardyr. Ojak bardyr, ojar ody bardyr, «şatlygyndan diriň-diriň bökýän» gara tüňçe bardyr. Çopan goşy, Aýjemaly şaňňyrdadyp ýanyňa getirýän bir gulaç gargy tüýdük. Ine-de, ýeke dyzyna galyp, tüýdügiň gapdalyndan ýanama gygyrýan ýaş ýigit. Bahar donuna giren meýdanlar, ruhuňy täzeleýän arassa asman, jahan şalygyna berlen ýüpek şemal. Hanha-da, guýrugy ýaňy içlän guzujyklar. Ýagarman bulutlar, gum depeleriniň ýüzüne nagyş çeken ak damjalar...

Edebim — mertebäm

ASYRLARDAN AŞAN YNAM Türkmen halky duza, çörege uly sarpa goýýan halk. Bu halkymyzyň ynançlaryna, däp-dessurlaryna we yrymlaryna siňen düşünjelerden hem aýdyň görünýär. Il içinde biri bilen gowy gatnaşykda bolsaň:  «Duz-çörekli gatnaşýar» diýlip aýdylýar. Şeýle-de myhmansöýer adama hem «çörekli adam» diýläýmesi bar. Duz-çörek dadyrmagyň birek-birek bilen gowy gatnaşygy ýola goýmakda ähmiýetiniň uludygyna goňşokara däbini asyrlarboýy ýöredip gelýän halkymyz has ir döwürlerden bäri göz ýetiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem bu babatda: «Türkmençilikde öz duz iýen ýeriňe ýakmajak işi etmek halanylmaýar. Adamlaryň arasynda özleriniň ýakyndyklaryny nygtamak üçin: «Men onuň bilen kän duz iýişdim» diýilýändir. Sebäbi bile duz iýmek ýagşyňa, ýamanyňa dahylly bolmaga äht etmegi aňladýar» diýlip bellenilýär.

Bally tüýdükçi

Ömürboýy ussaçylyk edip, köňül beren kesbini, daýyma ileri tutan işini emelli-başly ýöredip gelýän Bally Kadyrow tüýdük saz guralynyň dürli görnüşlerini, öý-hojalyk esbaplaryny ussatlyk bilen ýasaýan, gön eýläp, milli biçüwde agar çäkmenleri, içmek-possunlary tikýän halypa senetkärleriň biri hasaplanýar. Onuň arkama-arka gelýän köne ugur-ýollary döwrebap usullar bilen kämilleşdirip hem başarnykly ulanyp döreden gadymy nusgadaky gurallary aýry-aýrylykda hersi bir sungat eseri. Olaryň ziwer jähek çalnan daş durkunyň enaýylygy, kümüşleç nagyşlar salnan kindiwan görnüginiň täsinligi hem-de täsirliligi haýran galdyrýar. Medeni mirasymyzy baýlaşdyrmaga, beýik geçmişimizi täzeçe röwüşde şöhlelendirmäge gözellik goşandy bolan bu ajaýyp işler indi altmyş ýyl çemesi wagt bäri kän-kän sergileriň, baýramçylyk dabaralarynyň, toý çäreleriniň bezegi bolup gelýär. Tüýdügiň geň galdyrýan del görnüşlerini ýasamaga, üstesine, gargy tüýdüge üýtgeşik heň berip, dilli tüýdüge dil bitirip çalmaga ussatlygy sebäpli, Bally tüýdükçi ady bilen tanalýan senetkär Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginde ýaşaýar. Tebigatyna muwapyk mylaýym, ýagşy sözli ýaşuly bu töweregiň kethudasy, toý-märekeleriň geňeşdary hökmünde hormatlanýar; inçe senede telwasly ýaşlary şägirt tutup, olara sylagly hünäriň inçe syrlaryny, usul-tärlerini öwredýär. Oýlap-tapmak höwesini jäht tutup, täze zatlary

Gündogar wagtnamasy

Wagt — birsyhly hereketdäki bir zadyň sekunt, minut, sagat, hepde, aý, ýyl bilen ölçelýän we kesgitlenýän dowamy, uzaklygy, aralygydyr. Gadymy Gündogarda ol aşakdaky tertipde kesgitlenen. 1 müçe 12 ýyla deň. 3 müçe 36 ýyl bolup, ol 1 garyn hasaplanýar.

Taryhy sarpalaýan kitap

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly taryhy eseriniň birinji kitabynyň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» diýen bölüminde Muhammet Togrul begiň, Çagry begiň 1000 — 1050-nji ýyllaryň aralygynda Mäne babadan döwlet tutmak we ýeňiş gazanmak üçin pata almaga gidendigi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň geçmişden söz açýan bu eseriniň ikinji kitaby «Jeýhundan Hazara çenli», «Günortadan Demirgazyga tarap ugur» diýen bölümlerden durýar. Bu kitapda «Şahsyýetler we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy wakalarynyň senenamasy» baradaky maglumatlar hem uly orun alypdyr.