Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Akyldar — paýhaslaryň hazynasy

XVIII asyrda ýaşap geçen söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda öz döwrüniň we soňky asyrlaryň şygryýetine ägirt uly täsir ýetirenligi bilen aýratyn orun eýeleýär. Pyragynyň şygyrlary türkmen halkyny ruhy galkynyşa çagyrýandygy bilen hemişelik hormata mynasyp boldy. Şahyr söze uly sarpa goýýar we edil şeýle derejede sarpa goýulmagyň hemmeler üçin zerurdygyny nygtaýar.

«Hakyda göwheri» okyjylara gowuşdy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Türk­men we iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edi­len ki­tap Mil­li Li­derimiziň ozal­ky dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri — ýo­lu­my­za şam­çy­rag

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bu gün­ki gün Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyz özün­de çuň pel­se­pe­wi pi­kir­le­ri jem­le­ýän en­çe­me ki­tap­la­ryň aw­to­ry hök­mün­de dün­ýä­de giň­den yk­rar edil­ýär. Mil­li Liderimiziň ýy­lyň-ýy­ly­na hal­ky­my­za peş­geş ber­ýän aja­ýyp eser­le­ri her bir yn­san üçin gym­mat­ly gol­lan­ma, ýol-ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar. Bu aja­ýyp eser­le­riň her ga­tyn­da bi­ziň geç­mi­şi­miz, şu gü­nü­miz, aý­dyň gel­je­gi­miz ba­ra­da­ky gym­mat­ly mag­lu­mat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Hal­ka ber­len peş­geş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň asu­da gu­ja­gyn­da, eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän gün­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýe­ne-de bir aja­ýyp ki­ta­by­ny türk­men hal­ky­na peş­geş ber­di. Ki­ta­byň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni-mi­ra­sy­my­zy, türk­men ede­bi­ýa­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin oňa «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at goý­ma­gy we onuň il­kin­ji ne­şi­ri­ni Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za iber­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. El­bet­de, «Ata kes­bi — og­la ha­lal» di­ýen pä­him­den ugur alan Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdary­myz pe­der ýo­lu­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ryn­dan hem gör­mek bol­ýar.

Parasatly pikirler

Her bir işiň gadyryny bilgin hem sarpa goýgun, şonda seniň hem gadyryň bilner, sarpa-da goýlar. * * *

Bu durmuşda ýol-ýörelgäm

(Oýlanma) Golaýda geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda gum içinde ýazlagda oturan ýurdumyzyň üstünden bardym. «Ejemiň çörek bişiren ojagydyr» diýip çak eden ýerimiň başynda birmeýdan dyz epip oturdym. Bu ahwalat meni ýaşlyk ýyllarymyň gujagyna oklady. Şol pursat ilerki urpakdan inip gelýän ak eşekli dädem göz öňümde janlandy...

«Hakyda göwheri» ― milli mertebä buýsanç

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan kemal bolan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilim işgärlerinde we talyplarynda hem uly şatlyk döretdi. Bu eseriň ylmy maglumatlara baýdygy bolsa baýry ýokary okuw mekdebimiziň aspirantlarydyr magistrantlary üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Taryhy çynlakaý öwrenmek we onuň şan-şöhratyny geljekki nesillere ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň alymlardan edýän esasy talaplarynyň biri. Bu işde Milli Liderimiziň hut özi belent göreldäni görkezýär. Dürdäne eserde getirilýän taryhy maglumatlar biziň alyp barýan ylmy işlerimiz üçin ajaýyp çeşmedir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzdan ybarat dünýäni «Hakyda göwherinde» bir akaba jemledi. Ýaş alymlar hökmünde biz bolsa, şol akabadan özümize gerekli gymmatlyklary susup alyp, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň inçeliklerini dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek üçin yhlasymyzy gaýgyrman okarys, öwreneris.

Halkyň ykbaly bilen ebedi bagly miras

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gün­do­ga­ryň şy­gyr sun­ga­ty­ny baý­laş­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de uly hyz­ma­ty ýe­ri­ne ýe­ti­ren söz us­sa­dy, türk­men hal­ky­nyň mil­li gu­wan­jy be­ýik Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­ni gol­da­ýan pi­kir­le­re ýug­ru­lan eser­le­ri dün­ýä ýü­zün­de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gel­ýär. Şa­hy­ryň hal­kyň yk­ba­ly bi­len ebe­di bag­ly bo­lan çe­per mi­ra­sy wagt sy­na­gy­nyň öňün­den geç­di. Şu gün­ler­de şa­hy­ryň eser­le­ri­niň wa­tan­çy­lyk, ah­lak päk­li­gi, mert­lik, gah­ry­man­lyk, ag­zy­bir­lik we edep­li­lik ýa­ly me­se­le­le­ri ba­ra­da aý­dan pi­kir­le­ri akyl-paý­ha­sa, in­çe duý­ga ýug­ru­lan se­tir­le­ri tä­miz owaz bi­len ýaň­lan­ýar, tä­ze şöh­le bi­len şug­la saç­ýar.

Sapançynyň diňi

Adamlaryň arasynda «Nädip dursuň sapançynyň diňi ýaly bolup» diýen meňzetme ýurdumyzyň käbir sebitlerinde häzir hem ulanylýar. Sapanyň, sapançynyň nämedigini bilýänem bolsak, sapançynyň diňi barada düşündiriş bermek zerur bolup durýar. Öňki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly, azyklyk maksady bilen jöwen köp ekilipdir. Jöwenden zagara, tötek, gyzdyrmaç ýaly çörek önümleri, köje, ýarma, bulamak ýaly naharlar, gowurga, talhan, patrak ýaly azyk önümleri taýýarlanypdyr.

Gymmatly hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň neşir edilip, halkymyza sowgat edilenine sanlyja wagt geçendigine garamazdan, bu eser ildeşlerimiziň gyzgyn söýgüsini gazandy. Häzirki wagtda täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabaralaryna we onuň baý many-mazmunyny wagyz etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere raýatlaryň işjeňliginiň ýokary bolmagy hem esere bolan çäksiz gyzyklanmanyň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Taryha syýahat», «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan baplardan ybarat bolup, onuň ylmy maglumatlara esaslanmagy okyjylary diýseň özüne çekýär. Çünki halkymyzyň şan-şöhrata beslenen baý taryhy, bahasyz ruhy mirasy her birimiz üçin ummasyz gymmatlykdyr, hazynadyr. Milli Liderimiziň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan ajaýyp kitabynda bolsa şol gymmatlyklaryň giňişleýin beýanyny tapmagy okyjylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär.

Gözelligiň waspy

Şu gün – 24-nji dekabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we  «El darak» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosuratlaryň sergisi geçirildi. Sergidäki gadymy halylarymyzyň suratlaryny göreniňde, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwlaryny siňdirip dokan ajaýyp halylarynyň asyrlara aşjak kämil nagyş-nusgalaryny döredendigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.  

ÇÖREK MUKADDESLIGI

Her bir halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda onuň ýaşaýyş terzi, durmuş filosofiýasy şöhlelenýär. Muňa halkymyzyň çörek hem-de tamdyr bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryny içgin öwrenenimden soň has aýdyň göz ýetirdim. Ýadymda, şol mahallar heniz gulpagym örüme-de ýetmeýän gyzjagazdym. Enemiň tamdyrdan çykaran Güne meňzäp duran mele-myssyk çöreginiň ýüzündäki dürtgüç yzlaryny synlap oturşuma, çöregi dürtgüç bilen dürtmegiñ näme manysynyň bardygy bilen gyzyklandym. Enem adaja ýylgyryp, gürrüň bermäge başlady.

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY? Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan

DÖRDÜNJI MELHEM Puluňyzy ýitgiden goraň

ŞEKILLERE SIŇEN SETIRLER

Türkmen şekillendiriş sungatynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň nurana keşbini döretmeklige ençeme suratkeşler ýüzlendi. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewden başlap häzirki döwüre çenli türkmen suratkeşleriniň ençeme nesli dana şahyryň keşbini döretmäge synanyşyk etdiler. Beýik Pyragy baradaky dilden-dile geçip gelýän halk rowaýatlarydyr hekaýatlary esasynda dürli ölçegde kompozisiýalar döredildi. «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ähli sungat, döredijilik adamlary bilen birlikde nakgaşlaryň hem döredijiligine ylham, täze gözleglerine uly itergi berdi. Şonuň netijesinde hem Magtymguly Pyragy hakda täze eserler dünýä indi. Şeýle eserleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň biri, suratkeş Zakirjan Babaýewiň şahyryň «San bolsam» atly şygryna bagyşlanan monumental eseridir.

Magtymguly Pyragynyň hakykaty

Her bir beýik şahsyýetiň filosofiýasyna düşünmek, oňa baha bermek, onuň ýaşap geçen döwrüni doly öwrenip, ony öz önüp-ösen dünýäsiniň şol wagtky şertlerinde göz öňüne getirmek bilen mümkin bolup biler. Onuň düýp sebäbi hem her bir ynsanyň mertebesi öz ýaşan döwrüne we onuň talaplaryna dogry düşünmek bilen, özüniň taryhy wezipesini näderejede ýerine ýetirendigi hem-de öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenýär. Şu hakykaty nazara almak  bilen, biz Magtymguly Pyragynyň beýikligine, danalygyna dogry we doly göz ýetirmek üçin halkymyzyň taryhynyň döwürlerine göz aýlamaly bolýarys. Magtymguly Pyragy il-güni barada, şol bir wagtda, Watanyň geljegi barada alada eden beýik şahyrdyr. Ol öz döredijiligi arkaly halky agzybirlige, bir döwletlilige çagyrypdyr. Magtymguly — edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, arassa ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň ebedi mekdebini döreden beýik akyldar.

Şahyryň ýylynda şahyry ýatlap

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik babatynda ähli maksatlaryma ýetdimmikäm öýdýärdüm welin, ýylyň başynda başlap, soňa galan bir makalam hakydama geldi-de, ähli işimden elim sowady. Ol şahyr Italmaz Hudaýberdiýewi ýatlap, ýazyp başlan makalamdy. Şondan soňra bergidarlyk duýgusy bilen, şol başlan makalama nokat goýmagy maksat edindim. 2014-nji ýylyň maý aýydy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň işgäri jaň edip, «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolandygymy aýdyp, ertesi gün bäsleşigiň jeminiň jemlenjek ýerini we barmaly wagtyny aýdyp hoşlaşdy.

Omar Haýýamyň ylma goşan goşandy

Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,Zyýadadyr onuň akyly-huşy.Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,Ynsandyr zynaty, bezegi, gaşy. Bu ajaýyp goşgy setirleriniň haýsy şahyra degişlidigini her birimiz mekdep ýyllarymyzdan bäri bilýäris. Ol Giýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Haýýam Nişapurydyr. Şygryýet dünýäsinde öçmejek yz goýan Omar Haýýam öz döwrüniň meşhur alymy hem bolupdyr. Ol 1048-nji ýylyň 18-nji maýynda Horasan welaýatynyň Nişapur şäherinde eneden dogulýar. Omar Haýýam 8 ýaşynda matematika, astronomiýa, filosofiýa bilen gyzyklanyp başlaýar. 12 ýaşyndan başlap Nişapurdaky, Balhdaky, Samarkantdaky, Buharadaky medreselerde bilim alýar. Ol Gündogaryň we Günbataryň belli alymlarynyň matematika we astronomiýa bilen baglanyşykly işlerini içgin öwrenýär.

Söz manysy

Ökje ogurlamak Türkmen diliniň sözlük düzümi gaty baýlygy we köpmanylylygy bilen tapawutlanýar. Okuwçy döwrümden bäri dilimiziň sözlük gory bilen yzygiderli gyzyklanmagym, maňa köp sözleriň manysyny öwrenmäge kömek edýär. Gepleşik dili bolsun, çeper edebiýatda bolsun, kähalatlarda söz düzümleriniň göni manysynda däl-de, göçme manyda ulanylýandygynyň mysallaryna näçe diýseň duşmak bolýar. Mysal üçin, «ökje ogurlamak» diýen söz düzümini alyp görenimizde, bu söz düzümi gepleşik dilinde hem gabat gelýär, çeper edebiýatda hem giňden ulanylýar. Bu ýerde «ökje ogurlamak» diýen söz düzümi «köpçülikden assyrynlyk bilen gitmek, duýdurman saýlanmak, galmak» diýen manylary berýär.

Çörek hakynda aýdylanlardan

Çöregi harlama, ýogsa, nan atly, sen pyýada bolarsyň. * * *

Jennet guşy

Dünýäde jennet guşy hasaplanýan tawus guşy halkymyzyň iň bir eý görýän guşlarynyň biridir. Halkymyz bu guşa owadanlygyň, näzikligiň, gözelligiň nusgasy hökmünde garapdyr. Halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde tawus guşuň tarypy kemsiz ýetirilipdir. Magtymguly Pyragynyň «Meňzär hökümli», «Ballar mesgeni» ýaly birnäçe goşgularynda tawusyň keşbi meňzetmeler arkaly çeper suratlandyrylypdyr. Tawus guşy tebigy taýdan zynatly guşdur. Şonuň üçin halkymyz gelin-gyzlaryň bezemenligini, syratlylygyny tawusa meňzedipdirler. Gelin-gyzlaryň Tawus, Sülgün, Bilbil atlarynyň bolmagy, gözelleriň gülgün lybaslarynda tawusyň keşbiniň öwşün atyp durmagy, ussat zergärleriň tawus şekilli nepis şaý-sepleri ýasamagy milli garaýşymyzy beýan edýär. Ýurdumyzyň çäginden tapylan metal önümleriň köpüsinde tawus guşlar şekillendirilipdir. Şeýle hem olar ösümlik gülleri bilen utgaşykly görnüşde şekillendirilipdir. XI asyrdan XIII asyryň başlaryna çenli döwürde Horasanyň we Horezmiň şäherlerinde ajaýyp ýüpek we nah matalar dokalypdyr. Bürünçden we kümüşden guýma we basma önümler, owadan aýna gaplar ýasalýar. Keramiki önümler kämilleşdirilýär. Gaplaryň ýüzüne owadan reňkli, ertekilerdäki tawus, sumrug guşlary, aždarha we başga jandarlar şekillendirilipdir.