Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýa kabul edildi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşleri dünýä ýüzünde nusga alarlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Uly üstünlikleri bilen ýatda galan 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby çapdan çykypdy. Bu kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletler bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete

Abadançylygyň binýady

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy boýunça esaslandyrylan 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni dünýä halklaryny ynsanperwerlige, beýik maksatlara birleşdirmäge, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Bu belent maksatlar bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda BMG-niň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda nusgalyk tejribe toplady.

Halal zähmet — nurana ýaşaýyş

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, döredijilik ussatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem Şa serpaýynyň eýeleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Nowruz GÜÝJOW,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň terjime bölüminiň müdiri,«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi:

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk — bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginde baş baýraga «Aşgabat» gazetiniň bölüm redaktory Maýagözel Goşaýewa, 1-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Döwletmyrat Orazmyradow, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwat Ýowbasarow, 3-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gunça Seýidowa mynasyp boldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde, döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, olaryň dünýägaraýşyny artdyrmakda, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginde, bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda döredijilik bäsleşiginiň ýokary ähmiýeti dogrusynda dabarada çykyş edenler aýratyn bellediler. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-baş

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz

Täze — 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Bosaga gelen Täze ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, her täze ýyl joşgunly atlar bilen atlandyrylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada aýtdy. Diýmek, täze ýyl durmuşymyza täze at bilen girer. Şu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eserinde ýyllaryň atlandyrylyşy barada şeýle maglumat berilýär: «Türkiler on iki dürli haýwanyň adyny alyp, ýyllara at beripdir. Çagalarynyň ýaşyny, söweşiň bolan senelerini hem-de beýleki zatlaryň hemmesini şu ýyllaryň aýlanmagy bilen hasaplaýarlar. Munuň gelip çykyşy şeýledir: Olaryň hanlarynyň biri özünden birnäçe ýyl öň bolan söweşi biljek bolupdyr welin, onuň bolup geçen ýylyny ýalňyşypdyr. Şol sebäpden ol ili bilen geňeş edip, «Biziň söweşiň bolan wagtyny biljek b

Bitaraplyk baýramy

Jandan eý görenim eziz Watanym,Saba säher ak daňlary atanym,Gül goýnunda beýik maksat tutanym,Gutly bolsun Bitaraplyk baýramy. Türkmenistan bilen owadan Zemin,Asyrlar geçse-de nowjuwan heniz,Bedew deý badyny gowşatmaz hergiz,Gutly bolsun Bitaraplyk baýramy.

Dünýäde dabaralanýan ýörelge

Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly maksatlary rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň dünýäde asudalygy, parahatçylygy, dostlugy we goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzyň beýik gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bitaraplyk Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Ähli ugurda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy, beýik ösüşleri munuň aýdyň mysalydyr.

Parahatçylyk söýüjilik taglymaty

Ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege ynanyşmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly alyp barýan işleri tutuş adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şonuň üçinem dünýä ähmiýetli bu işler giňden dabaralanýar.

Joşgunly ýaňlanan owazlar

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Bitaraplyk — erkinligiň güwäsi, Arkadagly Serdar — dillerimiziň senasy» ady bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler dabara ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň paýhaslylyk bilen ýöredýän daşary syýasaty, hoşniýetli halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki beýik işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. 

Abadançylygyň, durnukly ösüşiň kepili

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy hem möhüm ugurlarynyň biri-de Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. Bu babatda bütin dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk derejesi ýurdumyza aýratyn hukuklary berýär we halkara ähmiýetli giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Änew şäherindäki “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda “Bitaraplyk—baky bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler eşretli döwrümizde toýlarymyzyň toýa ulaşýandygy, Halkara Bitaraplyk gününiň hem naýbaşy baýramlarymyzyň biri hökmünde uludan bellenilip geçilýändigi barada aýdyp, bu baýramyň ähmiýeti dogrusynda söhbet açdylar.

Bitaraplygyň şanly toýy

Şu günler eziz Diýarymyzda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna giňden bellenýän şanly senäniň halkymyz üçin uly ähmiýeti we manysy bar. Çünki Bitaraplyk Watanymyzyň daşary syýasatynyň baş taglymatydyr. Bu taglymat Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän, gurýan bagtyýar halkymyza has-da beýik ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyz baky Bitaraplygyň şanly toýuny şatlyk-şowhuna besleýär. Şu günler bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralýar. Bilim işgärleridir ýaş nesliň gatnaşmagynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çagalaryň Bitarap Watanymyzy, eşretli döwrümizi, asuda durmuşymyzy, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny, labyzly okaýan goşgularyny diňlemek diýseň täsirli hem lezzetli. Baýramçylyk çäreleriniň barşynda ýaş nesle ajaýyp senäniň giňden toý edilmeginiň ähmiýeti hem düşündirilýär. Munuň özi ýaş nesliň watançylyk duýgusyny ösdürmekde ähmiýetlidir. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Dabaralar ähli toplumlarda geçirilip, olara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Sylaglananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaral

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Dabaralar ähli toplumlarda geçirilip, olara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Sylaglananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaral

«Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!»

Aksoltan ATAÝEWA,Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi.

Magtymguly Pyragynyň dünýäsi köňülleri birleşdirýär

Düýn ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hormatly Prezidentimiziň Permany we Karary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň köp sanlysyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň, ýadygärlik nyşanlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolanlaryň käbirleriniň ýürek sözlerini ýazga geçirdiler. Orazgeldi HÜMMEDOW,Türkmenistanyň Mejlisiniň umumy bölüminiň terjime bölümçesiniň müdiri:

Parahatçylyk, ynanyşmak, asudalyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň anyk subutnamasy boldy. Diýarymyzda ýokary guramaçylykly geçirilýän halkara forumlar paýtagtymyz Aşgabady dost-doganlygyň merkezine öwürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen paýhasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy hökmünde parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barýar, sebitleýin hem-de Halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde uly orun eýeleýär, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini has-da belende göterýär.

Bitaraplyk – şöhrat-şanymyz

Ertir, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy uludan tutular. «Dünýäde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýen ýaly, nurana, buýsançly sözler bu gün mähriban halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiz Aşgabat bolsa, häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilen geçen 29 ýyllyk döwrüniň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär. Türkmenistan birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda geçirilen mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Eziz Diýar — ak geljege barýar

Dillerimize gazal, ömürlere özen bolan Bitaraplyk derejesi dogrusynda söhbet etmek – bagt hakynda söhbet etmekdir. Çünki bu derejä eždatlarymyzyň ruhy, jemgyýetimiziň köp asyrlyk taryhy siňipdir. Türkmenistan diýlende, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hakyda dolmagy, ýöne ýerden däldir. Bu gün bitarap döwleti gurmagy başaran türkmen halky jümle-jahanda derejeli millet saýylýar. Bu kämil milletiň tämiz göwnüniň, ak niýetiniň hem ýagşy päliniň wysalydyr. Il içinde ynsan ykbaly, Ýer ýüzüniň ykrary bilen dahylly gymmatlyklar mukaddeslikleriň hatarynda görülýär. Şonuň üçin hem biz döwletimiziň Bitaraplyk derejesine mukaddeslik hökmünde garamaga haklydyrys. Biz parahatsöýüjiligiň tarapdarlary bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baky Bitaraplygymyzyň goja Zemindäki mertebesiniň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. Şonuň üçin Bitaraplykdan ýalkanan ýyllaryň taryhy pursatlarynyň bu beýik ynsanlaryň ady bilen bagly bolmagy kanunalaýyklykdyr.

Türkmen Bitaraplygy — durnukly ösüşiň kepili

Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu şanly senäniň Watanymyz, halkymyz üçin taryhy ähmiýeti bardyr. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn netijeleri bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitaraplyk häzirki we geljekki abadan ösüşimiziň aýdyň kepilidir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Türkmenistanyň bitaraplyk ýoly halkymyzyň ýörelgelerine, taryhy, medeni däplerine, şeýle hem geografiki ýerleşişi we serişdeler kuwwaty nazaryndan, ýüzbe-ýüz bolýan anyk ýagdaýlaryna sazlaşykly laýyk gelýän nusgalyk ýoldur. Ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan baky Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär. Syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletler arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamakda, şeýle hem sebitara, sebit