Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ýazyň ilkinji güli

Derman hem bezeg ähmiýetli Nowruzgülüň dünýäde 500-den gowrak görnüşi bar. Güneşli Diýarymyzda onuň diňe bir görnüşi duş gelýär. Nowruzgül türkmen topragynda ýazyň buşlukçysy bolup, ilkinji gülleýän otjumak ösümlikdir. Hoşboý ysly owadan gül ynsan kalbyny heýjana getirýär. Nowruzgül Nowruzgüller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-30 santimetre ýetýän, köpýyllyk otjumak wekilidir. Ösümligiň düýbünden ýokarlygyna gül saklaýan baldak ösüp çykýar. Depesinde açyk sary gül getirýär. Ol mart, aprel aýlarynda gülleýär, gozajyk şekilli miwesi aprel-maý aýlarynda ýetişýär.

Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi — sag­dyn­ly­gyň sa­ka­sy

Ja­na te­ne­kar ho­wa­sy, al-ýa­şyl öwüs­ýän säh­ra­sy, dag­lar­dan akyp gaýd­ýan çeş­me-çaý­la­ry, ýy­lyň çar pas­lyn­da gök öw­süp otu­ran ar­ça­ly de­re­le­ri bi­len kal­by­ňa aram, köň­lü­ňe yl­ham ber­ýän türk­men te­bi­ga­ty bi­ziň umu­my öýü­miz­dir, sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň sa­ka­sy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­ma­ga, onuň baý­lyk­la­ryn­dan aýaw­ly peý­da­lan­ma­ga, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ekil­ýän bag na­hal­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­ne we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­ne 10 mil­lion düýp na­ha­lyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 20 mil­lion düýp na­ha­lyň ekil­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Tokaýlaryň ykdysady ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýazky ählihalk bag ekmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen sanlyja ýyllarda köpugurly tokaýlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, oba hojalyk ekin meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamynyň döredilmegi suwarymly ýerleriň, öri meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, topragyň gurplanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň we ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna hem-de toprak bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tokaýlaryň meýdanynyň artmagy agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk çig malyny ýygnamagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, gurulýan, durky täzelenýän demir we awtomobil ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Belli bolşy ýaly, tokaýlar gözellik, dynç alyş we beýleki durmuş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Tokaýlaşdyrylan ýerlerde ilatyň arassaçylyk ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri düýpli gowulanýar, adamlaryň saglygyny berkitmäge, ruhuny galkyndyrmaga, şeýle hem dem alyş, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellemeginiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Tokaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, tebigy-ekologiki ýagdaýyň gowulanmagynda, oba hojalyk önümçiliginde durnuklylygy üpjün etmekde,

Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sährasyna bahar gelende, ajaýyp tebigatymyz ýaşyl begrese geýinýär. Türkmeniň bahary Nowruz baýramynda has-da joşa gelýär. Bu baýramçylyk Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryň milli baýramydyr. Gadymy siwilizasiýanyň ojagy bolan ata Watanymyzda her ýyl bellenilýän Halkara Nowruz baýramy Arkadagly eýýamymyzda mynasyp öwüşginler bilen baýlaşýar.

Söýýäs tebigatyň gözelligini

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatyndaky amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde, mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýetilen sepgitleri eziz Watanymyzyň täze we beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, halkyň bagtyýar durmuşy bolup durýar. Şunlukda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem adamyň bagtyýar durmuşy hakyndaky esasy aladalaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi has kämilleşip, her bir ynsanyň bu babatdaky oňyn hereketleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde daşky gurşawy goramak, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty aýawly peýdalanmak üçin zerur bolan şertleri döretmek we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany mümkin boldugyça azaltmak, ekologiýa deňagramlylygy gaýtadan dikeltmek ýaly ugurlar ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Şäherleşme hadysasynyň — şäherlere we şäherçelere göçmekligiň barha ösýändigi bilen baglylykda, daşky gurşawy goramaklygyň we ony dikeltmekligiň orny ýokarlanýar. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň çäginde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklama

Bagty buşlan baharym

Howlymyzyň içinde hatar gurap ösüp oturan miweli agaçlarymyz ak patrak deýin gülledi. Olardan gözümi aýryp bilmän, seredip durşuma Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri ýadyma düşdi: «Gaýalaryň gary eräp bireýýämPyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar gelip aýnalary kakyp ýör,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

Türkmenistan — bagy-bossan

DIÝAR GÖZELLIGI — GÖWÜN GUWANJY Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Bu sazlaşykly gatnaşyk halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, onuň maddy, ruhy üpjünçiliginiň, bütin jemgyýetiň baýlygynyň artmagyna getirýär. Şol sebäpli hem iň bir gazaply sowugyň höküm sürýän ýeri bolan demirgazyk ýurtlarda-da, jöwzaly yssylaryň dowam edýän çöllüklerinde-de halklar ençeme asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmak endiklerini nesilden-nesle geçiripdirler. Halkymyzyň uzak taryhy geçmişine göz aýlasak, pederlerimiz üçin ene topraga, onuň genji-hazynalaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary rejeli peýdalanmak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak ýaly asylly däpleriň ata-babalarymyza mahsus häsiýetler bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Şunuň ýaly umumadamzat bähbitli asylly ýörelgeleriň netijesinde tebigatyň baýlyklary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Bag — durmuşyň bezegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hоrmatly Prеzidеntimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bоssanlyga öwürmеkdе nеtijеli işlеr alnyp barylýar. Has takygy, milli Lidеrimiz muňa döwlеt syýasatynyň esasy ugry hökmündе garaýar. Ýurdumyzyň ähli künjеgindе agaç nahallaryny оturtmak çärеsiniň ýylyň-ýylyna yzygidеrli gеçirilmеgi-dе, bu hakykata aýdyň subutnamadyr. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewraldaky çykaran «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Karary esasynda şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hem aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar. Bu bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek bilen bagly alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirer. Adamyň durmuşyny janly tеbigatdan üzňеlikdе göz öňünе gеtirmеk asla mümkin däl. Köňlümizi durmuş aladalary gaplap alanda, jоşgunly tеbigata çykyp, birsеllеm gеzim edеrsiň wеlin, göwnüňе tеsеlli aralaşar. Tеbigatyň dörеdýän sazlaşykly gözеlliginе maýyl bоlanyňda bolsa pikiriň durlanyp, göwnüň götеrilýär. Bu ýagdaý, gözеlligе baý tеbigatda adamyň duýgularyny, pikirlеrini, garaýyşlaryny ganatlandyryp, içki dünýäsini hеýjana salyp bilýän täsin bir güýjüň bardygyny mälim edýär. Tеbigata ýakyn durmagyň ynsana оňaýly täsirini ýеtirýändiginе adamlar ir döwürlеrden bäri düşü

Bagym bar — bossanym bar

Zähmetsöýer pederlerimizden miras galan iň oňat däpleriň biri-de, ýere yhlas bilen ideg edip, bag ýetişdirmekdir. Durmuşyň ähli ugurlarynda kämil tejribe toplan ata-babalarymyz nahal ekmekde, bag hem-de ir-iýmiş ýetişdirmekde, obalary bagy-bossanlyga öwürmekde hem nusgalyk işleri amala aşyrypdyrlar. Bu asylly häsiýet arkama-arka, nesilme-nesil geçip, biziň döwrümize çenli öz kämilligini gorap gelipdir. Elbetde, bu döwletli we sogaply işleri nesilleriň aňyna guýmakda, wagyz etmekde atalar sözleridir nakyllar örän ähmiýetlidir. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden syzylyp çykan atalar sözleridir pentleri ýaş nesilleriň tebigata we bagy-bossanlyga bolan söýgülerini artdyrmakda hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Pederlerimiz nahal hakda «Dünýä görki täze nahal», bag ýetişdirmek barada «Zähmet çekseň bag bolar, çekmeseň dag», «Bagym bar — bossanym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», salkyn saýa edinmek dogrusynda «Agaç ekmedik saýada ýatmaz», «Saýasy serginli, ojagy alawly», küren obalary bagy-bossana öwürmek babatda «Agaçsyz obany tozan gömer», «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agaç gatysy soky bolar» ýaly onlarça parasatly pähimleri döredipdirler. Asly daýhan halkymyzyň «Miweli agajy palta çapmaz», «Miweli agajy bakarlar, miwesiz agajy ýakarlar», «Miwesiz agaç — odun, ýagmyrsyz bulut — tütün» diýip, ö

Bag — durmuşyň bezegi

Yhlasymyzy gaýgyrmarys Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, indi bag ekmek çäresi giň gerime eýe bolup, zähmet baýramçylygyna öwrülýär. Ýylyň--ýylyna müňlerçe düýp miweli, saýalyk we pürli agaç nahallary oturdylyp, olara ideg ýola goýulýar. Milli Liderimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, durmuşa geçirilýän şeýle sogaply işleriň netijesinde Garaşsyz döwletimiziň çar künjeginde tokaý zolaklary kemala gelýär. Gözel ülkämiz bagy-bossanlyga öwrülýär.

Gaýtarma dek bezenipdir garagum...

Her bir ynsan ýüregine üýtgeşik duýgulary bagyşlap, döredijilik adamlarynyň kalbyny joşduryp heýjana salýan bahar pasly geldi. Säher bilen penjiräni açanyňda, baharyň hoştap howasy näziklik bilen içeri girýär. Gündizler gyş gijeleri ýaly uzaldy. Şatlyk-şagalaňa berlen tebigatyň goýnunda gülden-güle gonup ýören kebeleklerdir balarylary gizlenpeçek oýnaýana meňzeýär. Gün mazaly ýokary göterilenden soň şäheriň şowhuny artyp başlady. Köçeleriň gyrasyndaky ýaňy pyntyk ýaran baglar alabaharyň gelenini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Adamlar eýýam pasla görä al-ýaşyl reňkli ýeňiljek geýimleri geýinipdirler. Günüň ýiti şöhlesinden heder edip gaşlaryny çytsalar-da, olaryň kalbynda baharyň joşguny bar.

Baharyň tarypy

Älemi beýik sungaty bilen bezeýji hem-de ähli barlyga öz täsirini ýetirip, köňüllere şatlyk paýlaýjy, pasyllaryň soltany bolan ýaz paslyny biziň nusgawy şahyrlarymyz şeýle taryplapdyrlar: Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,

Tebigatyň täsin dünýäsi

Biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat täsinliklere örän baý. Şonuň üçin kämahal oýuňa-küýüňe gelmeýän maglumatlara hem gabat gelýärsiň. Men kärim boýunça biologiýa mugallymy bolamsoň, dürli ösümlikler, olaryň täsin, özboluşly häsiýetli görnüşleri bilen gyzyklanýaryn. Şolaryň hatarynda mör-möjekler bilen iýmitlenýän ýyrtyjy ösümlikler hem bar. Guraýan sapaklarymda okuwçylara şolar dogrusynda gürrüň berip, olaryň tebigatyň köpdürlüligi baradaky düşünjelerini, dünýägaraýşyny giňeltmäge çalyşýaryn. Häzirki döwürde dünýäde ýyrtyjy ösümlikleriň 450-den gowrak görnüşi mälimdir. Olar kadaly ýaşaýşyny üpjün etmek üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisini toprakdan alýar. Ýöne iýmite garyp bolan toprakda ösýändigi sebäpli olar özlerine gerek bolan fosforyň, azodyň, natriý, kaliý, magniý duzlarynyň öwezini dolmak üçin mör-möjekleriň belogyndan peýdalanýar. Şol ösümlikler öz janly awlaryny tutmak üçin küýze görnüşindäki ýapylýan ýapraklaryny, şepbeşik ýapraklaryny, sorujy we konus şekilli duzaklaryny ulanýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Tebigy gözellige baý

Ülkäme toý bolup, gelen ýazlarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni uly dabaralara, bitirilýän beýik işlere beslenýär. Şunda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy, täze röwüşde gaýtadan dikeldilmegi we ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Taryhda ata-babalarymyzyň döreden, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän birnäçe şanly senelerimiz, baýramçylyklarymyz täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ynsanlyk borjumyz

Ynsanyň durmuşy tebigat, daşky gurşaw bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki tebigat biziň umumy öýümizdir. Şonuň üçin-de, tebigy baýlyklarymyzy goramak, daşky gurşawyň arassalygyny saklamak diňe bir döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolman, eýsem, her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda ýer-suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Tebigatyň baýlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we olardan aýawly peýdalanmak çygrynda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.

Her damjasy eşrepi

Halkara jemgyýetçiliginde suwa bolan oňyn garaýşy ösdürmekde BMG-niň daşky gurşawy goramaga bagyşlap 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçiren maslahatynda Bütindünýä suw gününi bellemek barada öňe süren teklibiniň hem-de kabul eden Kararynyň uly ähmiýetiniň bolandygyny aýtmak gerek. Çünki dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldaw tapan bu resminama esasynda şondan bäri her ýylyň 22-nji martynda Suwuň bütindünýä baýramçylygy — Suw serişdeleriniň Bütindünýä güni bellenip geçilýär. Şol gün suwy arassa saklamak, tygşytly peýdalanmak, deňiz-derýalary hapalamazlyk, ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawy aýawly saklamak barada halkara ylmy maslahatlary geçirilýär. Suw ýetmezçiliginden kösenýän döwletlere kömek bermegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä döwletleriniň tagallalarynyň birleşmegini talap edýän süýji suwy rejeli we aýawly peýdalanmak, hemmelere elýeter etmek hakyndaky meseleler babatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem ýokary işjeňlik görkezýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65, 66-njy hem-de ondan soňky mejlisleriniň birnäçesinde, 2012-nji ýylyň iýunynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda çykyş edip, ençeme möhüm meseleler bilen birlikde, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen bagly umumadamzat ähmiýetli teklipleridir başlangyçlaryny

Baglar — zeminiň zynaty

Toý — parahatçylygyň, asudalygyň hem gaýgy-gamsyzlygyň nyşany. Toý — gowluk, bagtyýarlyk, şatlyk-şagalaň, gülki-degişme, aýdym-saz. Türkmende bolsa, tüweleme, günde-günaşa toý. Döwlet derejesindäki toý-baýramlar hem, her birimiziň şahsy durmuşymyzdaky toýlarymyz hem goşa-goşadan gelýär. Her bir maşgalada perzent doglanyndan başlanýan toý soňra diş toýy, galpak toýy, gelin toýy, pygamber ýaş toýy... bilen dowam edýär. Maşgala üçin ähmiýetli bolan jaý toýy, maşyn toýy ýaly şagalaňly, gyzykly toýlarymyz hem bar. Ine, şularda we şular ýaly toýlaryň hemmesinde-de uludan saçak ýazylýar. Toý saçaklarymyzy bolsa dürli-dümen ir-iýmişler, miweler bezeýär. Her hili mürepbeler, şerbetler hem miwelerden edilýär. Hatda ýönekeý çaý içişlikde-de çaýyň gapdaly bilen kişde, kişmiş, hozuň ýa erigiň maňzy, igde ýaly dürli-dümen ir-iýmişler bolanda, göwnüňe, çaý has tagamly, çaý içişlik hem gyzykly bolýar. Ine, şu nygmatlaryň hemmesi-de baglaryň bize eçilýän datly miweleri. Türkmen aga ýöne ýere «Bagym bar, barym bar» diýmeýär. Bagdan alynýan hasyl bazarlarda-da hemişe ýörgünli hem islegli. Elbetde, ömründe bir agaç ekmedik adam bag ekip ýetişdirmegi aňsatdyr öýdýär. Ýöne herki zada azap gerek. Azabyny etmeseň, ýagny, idegini ýetirmeseň, hözirini görmersiň. Onsoň, agaç ekmek ýaly işe aňsatja bir zat hökmünde garamak, bärden gaýtmak bolýar. Oglan wagtymyz bag ekilse bizem onuň bir gapdalyndadyk. Do

Garagumda ýüregim

Türkmen halky hemişe-de tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Sebäbi ol özüni tebigatyň bir bölegi saýypdyr. Tebigat ynsan ýaşaýşynyň gönezligi bolup durýar. Türkmen öz tebigaty bilen höwrügip, elmydama onuň diline düşünip, ol hakda alada edipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan bagbançylyk usullary, tejribeleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwrebap röwüşde ösdürilýär. Bu babatda häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýlup, ol daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýedir. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynda, Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işler milli hem-de halkara ylmy bilermenleriň bilelikde gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Şeýle işleriň barşynda Garagum sährasynyň biologik dürlüligi özboluşly häsiýete eýe bolup, ol goralyp saklanmaga degişlidir. Garagum sährasy — gudratly, jadyly dünýä. Her bir ynsanyň ýüreginde Garagumuň janly-jandaryna, ösümligine, ot-çöpüne aýratyn uly söýgi bar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.