Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Hiňlenýän tolkunlaryň mesgeni

...Hazaryň kenar ýakasynda durup seredeniňde, deňziň uç-gyraksyz giňişligi aňyrsy-bärsi görünmeýän gök asman bilen sepleşip ýitip gidýär. Göýä asman zemini gaplap alan ýa-da deňiz göge galan ýaly. Gögüň hem deňziň mawy reňkiniň goşulyp utgaşmagy bilen dörän bu gözellige haýran galýarsyň. Tebigatyň döreden gözelligine syn edip, şypa beriji, arassa howadan dem alyp, behişdi ýeriň kenar ýakasynda gezelenç edýän pursatyň mawy deňziň üstünden öwüsýän şemalyň üýtgeşik owazyny eşidýärsiň. Megerem, kalbyňda täsin duýgulary döredýän, ajaýyp mukama çalymdaş ýeliň rahatlandyryjy, jadyly owazy halk arasynda bu ýerleriň «awaz», ýagny owaz diýlip atlandyrylmagyna getirendir. Aýlaw-aýlaw bolup çyrpynýan, kenara pagşyldap urunýan tolkunlaryň üstünden öwüsýän şemalyň mahmal owazy birenaýy hüwdä çalymdaş. Duýgularyňdan saplaýan, endam-janyňy rahatlandyrýan bu täsin ýere «Hiňlenýän tolkunlaryň owazy, mesgeni» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ene tebigat perzendini mährem goýnuna dolap, pessaýja hiňlenip hüwdüleýän mysaly. Tyllaýy Günüň ýalkymy düşýän deňziň üstünden öwüsýän mylaýym şemal emaý bilen ýüzüňi sypaýar. Sen şonda gözel tebigatyň müňde-bir syrynyň saklanyp galan ýerinde çaga kimin meýmiräp, hüwdiniň imrikdiriji owazyna maýyl bolýarsyň. Ynha, muňa bolsa täsin tebigatyň tebigy sazlaşygynyň ajaýyplygy diýilýär.

Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramak we tygşytly ulanmak babatynda suw hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Suw diňe bir ýaşaýşyň gözbaşy bolman, eýsem, ol ýaşaýşyň gös-göni özi bolup durýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda suwlar diýlende, ýurdumyzyň suw gaznasynyň düzümine girýän ýerüsti we ýerasty suw çeşmelere, derýalara, köllere, akabalara, suw howdanlaryna we beýleki suwly ýerlere düşünilýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi hem şu suw gaznasyna degişlidir. Suw ýaşaýyş üçin esasy şert bolmak bilen, ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawyny emele getirýär, senagat we oba hojalyk önümçiliginde, dynç alyş we şypahana üçin zerur şert bolup çykyş edýär.

Tebigat biziň baýlygymyzdyr

Diýarymyzyň özboluşly tebigy gözelligi, haýwanat we ösümlik dünýäsi bar. Ýurdumyzyň döwlet goraghanalarynda seýrek duşýan ösümlikler we haýwanlar, tebigy ýadygärlikler kanun esasynda berk goralyp saklanylýar. Türkmen tebigaty bilen baglanyşykly eserleri okan her bir ynsan, şol sanda ýaşlar türkmen tebigatynyň gözelligine, ajaýyplygyna, türkmen halkynyň ýaşaýyş medeniýetinde tebigat, ynsan gatnaşyklarynyň sazlaşyklylygyna doly göz ýetirip bilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 19-njy awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Çil käkilik

Guşlaryň täsin gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Dünýäniň köp halklarynyň milli döredijiliginde we ruhy garaýyşlarynda guşlar wajyp orny eýeläpdir. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda-da guşlaryň ähmiýeti uludyr. Olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, tohumlaryny ýaýradýarlar. Ösümlikleriň köpelmegine, ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Şeýle guşlaryň biri-de çil käkilikdir. Çil käkilik Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagyň hemme ýerinde duşýar. Ol maral käkilikden kiçi, bedeneden ulurakdyr. Reňki çalymtyl — «çöl reňkli» bolup, horazynyň arkasy çyparrak gülgünedir. Çil käkilikler beýleki käkiliklerden kiçidigi, aýaklarynyň, çüňküniň agymtyllygy, bokurdagynda ak tegmiliň ýokdugy bilen tapawutlanýar.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­­lu­gy­nyň şu gün — 18-nji awgustda ýur­du­myz­da bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty Aş­ga­bat­da: az-kem bu­lut­ly ho­wa bo­lup, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­dan tiz­li­gi se­kunt­da 8 — 11 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­si­ne +21... +23°, gün­di­zi­ne +34... +36° ma­ýyl bo­lar. Ho­wa­nyň ba­sy­şy 733 mm, çyg­ly­ly­gy 10 — 30 %.

Köpetdag kyssalary

(Soňy. Başlangyjy gazetiň 190, 191, 195, 205, 208-nji sanlarynda). Ýoldaky perler

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Sähramyz bar sähralardan zyýada

Gadymy Jeýhunyň kenarlaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum sähralary türkmen halkynyň bahasyz baýlygydyr. Olar özboluşly tebigaty, özüne mahsus baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle-de gurak, yssy howa şertleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar. Biz bular barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbedimizi goraghananyň çägindäki sähra ösümlikleri baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ýaşaýşyň özeni

Daglaryň belent gerşine çykyp ýa-da uzak menzillere uçup barýan uçaryň üstünden zemini synlanyňda, dünýäniň şeýle bir giňdigine hem geňdigine şaýat bolýarsyň. Ýer togalagynyň üçden iki bölegini çyrpynyp ýatan ummanlar, deňizdir derýalar, umuman, ümmülmez suw giňişligi tutýar. Aslynda, tebigat ozalyndan hemme zady juda sazlaşykly ýaradypdyr. Hemme zadyň düzüminde suw bar. Adam bedeniniň hem 65 göterimini suw tutýar. Suw bu ýaşaýşyň iň bir möhüm serişdesi hasaplanylýar. Adamlaryň aglabasy derýa-deňizleriň kenarynda dynç almakdan, güýçli akýan derýalaryň tolkunyny synlamakdan lezzet alýar.

Ýaşyl daraklyk

Ýaşyl daraklyk Çökgarlak şekilliler toparynyň daraklyklar maşgalasyna degişli guşdur. Ýylyň gelşine baglylykda aprel aýynyň ortalaryna ýa-da maýyň başlarynda Afrikadan we Aziýanyň günorta böleginden uçup gelýärler. Jübütleri aýan bolandan soň, ilatly ýerlere ýakynrak akabalaryň, derýalaryň gyralaryndaky kertlerde, kä ýerlerde tekizliklerde uzyn çüňkleri bilen topragy keseligine köwüp, penjeleri bilen bolsa topragy daşary çykarýarlar. Olar 1 metr çemesi uzynlykda hin gazýarlar, mäkiýany bolsa ýumurtga basyrar ýaly hininiň aňry gyrasyny giňişräk edýärler. Guşlaryň käbirleri geçen ýylky hinleriniň içlerini arassalap, şol ýerde köpelýärler. Mäkiýany 6-8 sany ýumurtga guzlandan soň, basyp ýatýar. 20-21 günden tüýsüz etene jüýjeleri çykyp başlaýar. Olary mäkiýany horazy bilen bilelikde iýmitlendirýärler. Ýaşyl daraklyklar yssy howada uçmagy halaýarlar. Gowaçalaryň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň üstünden ýapyrylyp uçup, mör-möjekleri uzyn çüňkleri bilen tutýarlar. Soňra birdenem ýokary galyp, howada gaýyp, iýmitini ýuwudýar. Olaryň köpüsi ýakyndaky elektrik geçirijileriň simlerine, ösümlikleriň guran şahalaryna, käwagtlar ýere gonup, mör-möjekleriň uçýan ugurlaryny kesgitleýär. Uçup barýan oljasynyň yzyndan ýokary tizlikde ýetip, inçe çüňkleri bilen gapjap, gelip sime gonýar we çüňki bilen sime urup, awunyň neşterli art tarapyny aýryp, soň ýuwudýar. Aýratyn-da howanyň bulutly w

Tebigatyň nygmaty

Türkmen tebigaty ösümlikler we janly-jandarlar dünýäsine baýdyr. Tebigatyň ynsanlara eçilen nygmatlarynyň arasynda ary balynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda uly ähmiýeti bardyr. Ol diňe bir iýmit däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda çig mal hökmünde hem ulanylýar. Ary baly adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni alýar we bedeni gurplandyrýar. Halk lukmançylygynda ary balyndan has irki döwürlerde hem peýdalanypdyrlar. Ary baly öz düzüminde C, E, B ýokumlaryny, alýumin, sink, nikel, ýod, demir, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementleri, foliý we pantoten turşusyny saklaýar. Ary baly wiruslara garşy antibakterial häsiýete eýedir. Ol sowuklama kesellerinde burun dykylmasynyň öňüni alýar, üsgülewügi bejerýär. Arynyň baly garylan süýt sowuklamany bejermekde has-da peýdalydyr. Baly bellenen möçberde yzygiderli ulanmak işe ukyplylygy artdyrýar, sport türgenleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Jandarlar dünýäsinden

Atlar çola ýerden barýarkalar, öňde howply bir zat bar bolsa, hereketleri bilen şol ugra gitmejekdiklerini eýesine duýdurýarlar. Golaý ýerde haýsydyr bir ýyrtyjynyň ýa-da duşmanyň bardygyny, eger-de atyň eýesi atynyň häsiýetine belet bolsa, onuň hereketinden, toýnak urşundan aňyp bilýär. * * *

Köýtendagyň daşa öwrülen haýwanlary

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanylýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapyldy we olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi alymlar tarapyndan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol tapyndylaryň, arasynda balykgulaklaryň — ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülüňleri bar. Ammonitiň daşyň ýüzünde galan şekilini Köýtendag etrabynyň adamlary «möhür daşy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu «möhür daşy» etrabyň Hojapil obasyna golaý ýerde, «Pälwan daşy» ýadygärliginiň ýakynynda, uly ýoluň sag tarapynda ýerleşýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Ata kesbini halallaýan ogul

Meniň asly türkmengalaly, häzirki wagtda Mary şäherinde ýaşaýan Bäşim Ýusupdurdyýew bilen tanyşlygyma 15 ýyldan gowrak wagt boldy. Şondan bäri hem men onuň bilen gadyrly gatnaşykda. 2019-njy ýylyň maý aýynyň 14-ine ol meni öýüne çaýa çagyrdy. Men bir-iki sany ýoldaşym bilen olara myhmançylyga bardym. Barsak, Bäşim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabyny daşyna üýşüripdir, töwereginde bolsa ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlan melhemlerini çykaryp goýupdyr. Biz tagamdan soň, töwir etdik--de, derde derman bolýan melhemler bilen gyzyklanyp başladyk.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Bag – bossanly Diýarym!

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, edara binalary, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly binalar, dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Görenleri haýrana goýýan bu ajaýyp binalaryň ýan-ýodalary tertibe salnyp, ol ýerlere saýaly, pürli we miweli agaçlaryň dürli görnüşleri oturdylýar. Oturdylan baglar, al-elwan güller bilen bir hatarda, häzirki zaman suw çüwdürimleri hem bu gözellikleriň üstüne gözellik goşup, giden bir ajaýyplyklary döredýär.